Ýangyç bilen bökdençsiz üpjünçilik
10:10 26.08.2020 2883
Daşoguz welaýatynyň «Gubadagnebit» kärhanasynyň awtomobillere ýangyç guýujy beketleriniň toplumy iň täze kompýuter tehnikalary bilen enjamlaşdyrylandyr. AÝGB-niň esasy bölegi uly awtoýollaryň boýunça ýerleşendir. Kärhananyň ýangyç guýujy beketlerinde müşderilere hyzmatlaryň giň toplumy hödürlenilýär.
Sarp edijileri ýokary hilli ýangyç bilen üpjün etmeklik — «Türkmennebitönümleri» müdirliginiň Gubadag kärhanasynyň awtomobillere ýangyç guýujy beketleriniň esasy wezipesi bolup durýar. Bu wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek üçin kärhananyň ygtyýarynda döwrebap awtopark bar. Bu bolsa, nebit önümlerini Daşoguz welaýatynyň dürli künjeklerindäki AÝGB-niň nebit ammarlaryna howpsuz we tiz wagtda ýetirmäge mümkinçilik berýär.
Tejribeli sürüjileriň ygtyýarynda ýük göterijiligi 10,5 tonna barabar bolan benzin daşaýjy KAMAZ – 65115 bar. Ol kuwwatly hereketlendiriji bilen enjamlaşdyrylyp, islendik aralyklara islendik howa şertlerinde ýük daşamaga niýetlenendir. Beketlerde ýangyjy kabul etmekde we saklamakda esasy talap — tehniki howpsuzlyk düzgünlerini berk berjaý etmek bolup durýar.
Türkmenistanyň we Eýranyň Prezidentleri nebitgaz, ulag we beýleki ugurlarda hyzmatdaşlyk meselesini maslahatlaşdylar
Nebitgaz, ulag, oba hojalygy we beýleki ugurlarda hyzmatdaşlygy ösdürmek meseleleri Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisiniň arasynda geçirilen telefon arkaly söhbetdeşlikde mälim boldy.
Nebitgazçylaryň we geologlaryň hünär baýramçylygy dabaraly pursatlara beslendi
Nebitgaz toplumynyň merkezi edara binasynda ,,Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany’’ ýylynda nebitgaz senagatynda we geologiýa pudagynda ýetilen sepgitler’’ atly dabaraly maslahat geçirildi. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Şahym Abdrahmanowyň ýolbaşçylygynda geçirilen maslahata degişli toplumyň ýolbaşçylary, edara-kärhanalarynyň işgärleri we hünärmenleri gatnaşdy. Ilki bilen wise-premýer Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň güni mynasybetli hormatly Prezidentimiziň iberen Gutlagyny okady.
Türkmenistanda Halkara Bitaraplyk güni bellenilip geçildi
Geçen ýekşenbe güni Türkmenistanda Halkara Bitaraplyk güni we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy hakynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň Kararnamasynyň kabul edilmeginiň 26 ýyllygy bellenilip geçildi.
Türkmenistanyň Prezidenti nebitgaz senagaty we geologiýa pudaklarynyň işgärlerini hünär baýramçylygy bilen gutlady
14-nji dekabrda Türkmenistanda Türkmenistanyň nebitgaz senagaty we geologiýa pudaklarynyň işgärleriniň güni bellenilip geçildi. Şu mynasybetli Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow nebitgaz senagaty işgärlerine gutlag hatyny iberdi.
Türkmenistanyň Prezidenti ýurdumyzyň nebitgaz toplumynyň öňünde goýlan wezipeleriň üstünlikli çözülmeginiň wajyplygyny belledi
28-nji iýunda Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere garaldy.