«Galkynyş» gaz käni baýlygyny eçilýär
«Türkmengaz»
döwlet konserniniň «Türkmengazburawlaýyş» müdirliginiň gazçylary «Galkynyş» gaz
känindäki 110-njy ulanyş guýusyndan tebigy gazyň senagat ähmiýetli akymyny
aldylar. Munuň özi ýurdumyzyň edermen gazçylarynyň Täze ýyl baýramçylygyna
ajaýyp toý sowgady boldy.
«Türkmengaz»
DK-nyň «Türkmengazburawlaýyş» müdirliginiň gazçylary tarapyndan «Galkynyş» gaz
känindäki 110-njy ulanyş gaz guýusy 4 müň 180 metr çuňluga burawlandy. Şunda 4
müň 149 — 4 müň 15 metr açyk sütün aralygynda synag işleri geçirilende bir
gije-gündizde senagat taýdan 2 million
kub metrden