Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Germaniýa Energetika hyzmatdaşlygynyň meýilnamasyny işläp düzmegi teklip etdi

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Germaniýa Energetika hyzmatdaşlygynyň meýilnamasyny işläp düzmegi teklip etdi

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Federal Kansleriniň orunbasary, ykdysadyýet we howanyň üýtgemegi bilen bagly meseleler boýunça federal ministri bilen duşuşygynda ikitaraplaýyn energetika hyzmatdaşlygynyň meýilnamasyny işläp taýýarlamagy teklip etdi diýip, TDH habar berýär.

Geleşikleriň barşynda energetika möhüm ugurlaryň hatarynda görkezildi.

Bu ugurda Germaniýanyň kompaniýalaryna Türkmenistanyň nebitgaz we gazhimiýa toplumlarynyň täze desgalaryny gurmak we ozal hereket edýänlerini döwrebaplaşdyrmak, Hazar deňziniň ýalpaklygynda nebitgaz serişdelerini özleşdirmek, Hazarüsti gaz geçirijisini gurmak boýunça taslamalara gatnaşmagy üçin mümkinçilikler açylýar.

Wodorod energetikasy hem-de metanyň zyňyndylaryny azaltmak ulgamlarynda bilelikde tagalla etmegiň uly mümkinçiliginiň bardygyna aýratyn üns çekildi.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň bu ugurlarda hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlyk etmäge taýýardygy tassyklanyldy we ikitaraplaýyn energetika hyzmatdaşlygynyň meýilnamasyny işläp taýýarlamaga we ony durmuşa geçirmäge döwlet düzümlerini hem-de iri kompaniýalary çekmek teklip edildi.

Nebitgaz №34
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№34

2026-njy ýylyň Awgust aýynyň 25-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993