Türkmenistanda 1-nji dekabrda onlaýn görnüşde energetika boýunça halkara maslahaty geçiriler
21:40 15.11.2020 8851
Türkmenistanda 1-nji dekabrda onlaýn görnüşde «Energetika ulgamyndaky durnukly hyzmatdaşlyk ählumumy ösüşiň möhüm şertidir» atly halkara maslahaty geçiriler. Bu barada Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Meredow penşenbe güni geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda habar berdi.
Forumyň gün tertibine Türkmenistanyň energetika diplomatiýasyny durmuşa geçirmek, şeýle hem durnukly ösüşiň we energetika howpsuzlygynyň möhüm şerti bolan halkara turba geçirijilere bagyşlanan meseleler girizildi.
Halkara maslahatyň dowamynda gaz toplumynyň ýolbaşçylarynyň daşary ýurt kompaniýalarynyň wekilleri bilen sanly wideoaragatnaşyk arkaly duşuşyklary geçirmegi göz öňünde tutulýar.
Wise-premýeriň belleýşi ýaly, maslahat «Türkmenistanyň baky Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygy mynasybetli, 2020-nji ýylyň oktýabr — dekabr aýlarynda Türkmenistanda we daşary ýurtlarda geçiriljek dabaralaryň we çäreleriň Meýilnamasyna» laýyklykda guralýar.
Prezident hasabaty diňläp, dünýäniň energetika döwletleriniň hataryna girýän Türkmenistanyň ykdysadyýetinde nebitgaz senagatynyň möhüm orun eýeleýändigini nygtady.
Döwlet Baştutany Diýarymyzyň ýangyç-energetika toplumynyň üstünliklerini we kuwwatyny görkezmek bilen çäklenmän, eýsem, olary dünýäniň işewür toparlary bilen söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň netijeli gurallary, özara bähbitli anyk taslamalar bilen berkitmegiň zerurdygyny aýtdy.
Prezident nebitgaz ulgamynda hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin wajyp çärä öwrüljek hem-de ýurdumyza innowasion tehnologiýalary hem-de goşmaça maýa serişdelerini çekmäge ýardam etjek maslahatyň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek barada wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.
Bu forum 28-29-njy oktýabrda geçirilen «Türkmenistanyň nebiti we gazy 2020» halkara maslahatynyň dowamy bolar. Belläp geçsek, şol maslahata dünýäniň 30 ýurdundan 100 sany nebitgaz kompaniýasy gatnaşdy.
Türkmenistanyň Prezidenti TNGIZT-niň infrastruktura desgalaryny döwrebaplaşdyrmak boýunça teklibi makullady
18-nji aprelde Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi diýip, TDH habar berýär.
Türkmenistanyň Prezidentiniň Ýaponiýa saparynyň jemleri boýunça resminamalaryň toplumyna gol çekildi
Prezident Serdar Berdimuhamedowyň Ýaponiýa amala aşyran saparynyň jemleri boýunça hyzmatdaşlyk hakynda resminamalaryň toplumyna gol çekildi. 15-nji aprelde Serdar Berdimuhamedowyň ýapon işewürleri bilen geçiren duşuşygynyň jemleri boýunça ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy boldy diýip, TDH habar berýär.
Türkmenistanyň Prezidenti Saud Arabystanynyň täze ilçisi bilen hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny maslahatlaşdy
17-nji aprelde Prezident Serdar Berdimuhamedow Saud Arabystany Patyşalygynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Amer bin Ali Al-Şehrini kabul etdi. Ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy diýip, TDH habar berýär.
«PETRONAS Çarigali (Türkmenistan) Sdn Bhd» kompaniýasynyň potratçylar üçin 2022-nji ýylda № 2 Açyk gapylar güni
«PÇ (T) SB» kompaniýasy sizi potratçylar üçin Açyk gapylar gününe gatnaşmaga çagyrýar; biz gyzykly sergileri we şu aşakdaky ugurlar boýunça pikir alyşmak üçin sessiýalary geçireris:
2021-nji ýylda «Gazprom» Türkmenistandan 10,6 mlrd kub metr gaz satyn aldy
2021-nji ýylda «Gazprom» Türkmenistandan 10,6 mlrd kub metr gaz satyn aldy. Bu barada Türkmenistanyň Prezidentiniň Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti bilen duşuşygyna taýýarlanylan materiallarda aýdylýar. Duşuşyk 15-16-njy sentýabrda Samarkandda ŞHG sammitiniň çäklerinde meýilleşdirildi diýip, RIA Nowosti ýazýar.