“Zangilan” tankeri Türkmenistandan nebitiň ilkinji tapgyryny Azerbaýjana ýetirdi
05:01 19.07.2024 6650
“Zangilan” tankeri Türkmenbaşynyň Halkara deňiz portunyň Alaja portundan türkmen nebitiniň ilkinji tapgyryny Azerbaýjanyň Sangaçal terminalyna eltip, ilkinji gatnawyny amala aşyrdy diýip, ASCO kompaniýasynyň Metbugat gullugy habar berýär.
“Zangilan” Baku gämigurluşyk zawodynda gurlan dördünji azerbaýjan tankeridir. Öň ulanyşa girizilen “Laçyn” we “Kelbajar” tankerlerinden tapawutlylykda, “Zangilanda” we “Akademik Hoşbaht Ýusifzadede” diňe bir nebit däl, eýsem, himiýa önümlerini hem daşamak bolýar. Gäminiň tehniki görkezijileri oňa Hazar basseýniniň ýalpak portlaryna hem girmäge we ýükleri maksimal ýükläp alyp gitmäge mümkinçilik berýär.
“PortNýus” habarlar agentliginiň habar bermegine görä, “Zangilan” tankeri 2023-nji ýylyň maý aýynda suwa goýberildi we 2024-nji ýylyň iýulynda ulanyşa girizildi. Tankeriň uzynlygy 141 m, ini 16,9 m , beýikligi 6 m, dedweýt – 7875 tonna, tizligi 10 uzel, ekipažy – 15 adam. Gämide 6 sany ýük rezerwuarlary bolup, olaryň umumy sygymy 9212 metr kubdur.
Serdar Berdimuhamedow we ŞHG-niň Baş sekretary energetika, ulag ulgamlarynda Türkmenistanyň täze başlangyçlaryny maslahatlaşdy
Penşenbe güni Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine hormatly myhman hökmünde gatnaşmak üçin Samarkanda gelen hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bu halkara düzümiň Baş sekretary Çžan Min bilen duşuşykda energetika we ulag ulgamlarynda anyk başlangyçlaryny öňe sürdi diýip, Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berýär.
Birža söwdalary: dizel ýangyjy, suwuklandyrylan gaz we polietilen eksporta iberildi
Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň geçen hepdedäki söwdalarynda jemi bahasy ABŞ-nyň 30 million 782 müň 850 dollaryna barabar boldy. Söwdalaryň barşynda jemi 52 sany geleşik hasaba alyndy.
Türkmenistanyň we Russiýanyň Prezidentleri ŞHG sammitiniň çäklerinde döwletara hyzmatdaşlygy giňeltmegiň meselelerini maslahatlaşdylar
Penşenbe güni Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine hormatly myhman hökmünde gatnaşmak üçin Samarkant şäherine gelen Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin bilen duşuşdy. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berýär.
Türkmenistan ŞHG bilen söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmäge açyk — Prezident
Türkmenistan ŞHG bilen söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmäge we çuňlaşdyrmaga açykdyr. Bu barada Prezident Serdar Berdimuhamedow anna güni Samarkantda ŞHG sammitinde eden çykyşynda belledi.
Si Szinpin we Serdar Berdimuhamedow ýangyç-energetika toplumynda giň gerimli hyzmatdaşlygy ösdürmegi ylalaşdylar
Penşenbe güni Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine hormatly myhman hökmünde gatnaşmak üçin Samarkanda baran Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň arasynda geçirilen duşuşykda gaz ulgamynda, ulag we beýleki ugurlarda türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň ösüşiniň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berýär.