TDHÇMB-niň söwdalarynda içerki we daşarky bazarlara nebitgaz toplumynyň önümleri ýerlenildi
14:30 29.08.2023 9504
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 58-si hasaba alyndy.
Daşary ýurt puluna Beýik Britaniýanyň, Gazagystanyň, Owganystanyň, Gruziýanyň, Özbegistanyň işewür toparlarynyň wekilleri “Türkmennebit” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen yşyklandyryş kerosinini, polipropileni we binýatlyk ýagy satyn aldylar.
Mundan başga-da, daşary ýurt puluna Hytaýyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň, Azerbaýjanyň, Gyrgyzystanyň telekeçilerine tekiz boýalan we žakkard tüýjümek önümler, ýorgan-düşek toplumlary, jins we flanel matasy, nah ýüplük ýerlenildi. Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 26 million 144 müň dollaryndan gowrak boldy.
Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin umumy bahasy 31 million 839 müň manatlykdan gowrak “Türkmennebit” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen nebit ýol bitumyny we polipropileni, şeýle hem el halylaryny satyn aldylar.
ÝB-niň energetika ministrleri gazyň iň ýokary çäk bahasy babatda umumy pikire gelip bilmediler
Ýewropa Bileleşigi ýurtlarynyň energetika ministrleri anna güni düşünişmezligi aradan aýryp, sowuk möwsümiň ýakynlaşyp gelmegi bilen energiýa geçirijileriniň bahalarynyň artmagy netijesinde rus gazy meselesi boýunça umumy pikire gelip bilmediler. Birnäçe ýurtlar bu babatda garaýyşlaryny üýtgetmekden ýüz öwürdiler diýip, Interfaks habar berýär.
Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara türkmen-ermeni toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi
13-nji sentýabrda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara türkmen-ermeni toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Mejlis Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary — Toparyň türkmen böleginiň başlygy Şahym Abdrahmanowyň hem-de Ermenistan Respublikasynyň Çäk müdirligi we infrastrukturalar ministri Gnel Sanosýanyň — Toparyň ermeni böleginiň başlygynyň ýolbaşçylygynda geçirildi.
Serdar Berdimuhamedow: Türkmenistan üçin “EKSPO – 2025” Bütindünýä sergisi aýratyn ähmiýete eýe
“EKSPO — 2025” Bütindünýä sergisiniň Türkmenistan üçin aýratyn ähmiýeti bardyr. Bu barada Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň «EKSPO — 2025» Bütindünýä sergisinde Türkmenistanyň Milli gününiň açylyş dabarasyndaky çykyşynda belledi.
Türkmenistanyň Prezidenti we Ýaponiýanyň Imperatory söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin ägirt uly mümkinçilikleri bellediler
15-nji aprelde Ýaponiýada saparda bolýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ýaponiýanyň Imperatory Naruhito bilen duşuşdy diýip, TDH habar berýär.
Aşgabatda “Merkezi Aziýa – Hytaý” formatyndaky döwlet Baştutanlarynyň ikinji sammitine taýýarlyk maslahatlaşyldy
14-nji aprelde Aşgabatda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow bilen “Merkezi Aziýa – Hytaý” formatynyň Sekretariatynyň wezipä bellenilen Baş sekretary Sun Weýdunyň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşykda “Merkezi Aziýa – Hytaý” formatynyň döwlet Baştutanlarynyň ikinji sammitine taýýarlyk meselesi maslahatlaşyldy diýip, Türkmenistanyň DIM-niň saýtynda habar berilýär.