Hökümet mejlisinde “Türkmengeologiýa” DK-ny täze tehnika bilen üpjün etmek meseleleri maslahatlaşyldy
09:26 15.09.2024 6586
13-nji sentýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onuň gün tertibine döwlet durmuşynyň birnäçe möhüm meseleleri girizildi diýip, TDH habar berýär.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Amanow ýurdumyzda uglewodorod serişdelerine baý meýdançalary ýüze çykarmak we özleşdirmek, pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasynyň sanly ulgam arkaly dolandyrylýan we dürli şertlerde işlemäge mümkinçiligi bolan 3D geofiziki enjamlar toplumy bilen üpjün edilmegi türkmen geologlaryna uglewodorod serişdelerine baý meýdançalary ýüze çykarmaga, anyk maglumatlary almaga mümkinçilik berer.
Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanynyň garamagyna pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak boýunça degişli teklip hödürlenildi.
Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýerasty baýlyklary ýüze çykarmak, uglewodorod çig mal binýadyny artdyrmak boýunça alnyp barylýan işleriň depginini güýçlendirmegiň, pudagyň maddy-tehniki binýadyny berkitmek hem-de zerur bolan enjamlar bilen üpjün etmek babatda çäreleri dowam etdirmegiň zerurdygyny nygtady.
Döwlet Baştutany «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasyna 3D geofiziki enjamlar toplumyny ornaşdyrmak baradaky teklibini goldap, wise-premýere bu ugurda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.
TIF 2024 maýa goýum forumynyň çäklerinde hyzmatdaşlyk hakynda 18 sany resminama gol çekildi
10-11-nji sentýabrda Aşgabatda geçirilen TIF 2024 maýa goýum forumynyň işiniň netijeleri boýunça türkmen döwlet, hususy kärhanalary hem-de daşary ýurt kompaniýalarynyň arasynda 18 sany ylalaşyklara we hyzmatdaşlyk hakynda Ähtnamalara gol çekildi. Bu barada News Central Asia (nCa) elektron neşiri habar berýär.
ABŞ-nyň Energetika ministrligi 2022-2023-ni ýyllar üçin nebitiň bahalary boýunça çaklamasyny ýokarlandyrdy
ABŞ-nyň Energetika ministrligi 2022-nji ýylda Brent nebitiniň bahasy boýunça çaklamasyny barreli üçin 82,87 dollara çenli artdyryp, 105,22 dollar diýip çaklady. Muňa Edaranyň energetiki maglumatlar müdirliginiň her aýlyk çaklamalary şaýatlyk edýär. Muny Interfaks ýetirýär.
Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky Derwezedäki gaz kraterini söndürmekde Türkmenistana ýardam etmegi teklip etdi
Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky Türkmenistana Derwezede ýanyp duran gaz kraterinden gaz zyňyndylarynyň meselesini çözmäge öz ýardamyny teklip etdi.
Kalplara ornan gözellik
Şeýle at bilen «Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň mejlisler zalynda Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda mähriban enelerimiziň miras goýan nepis we inçe sungatyny öwrenmek, ösdürmek hem-de kämilleşdirmek, çeper el hünäriniň şan-şöhratyny dünýä ýaýmak maksady bilen wagyz-nesihat ýygnagy geçirildi. «Türkmengaz» döwlet konserniniň ilkinji zenanlar guramasy tarapyndan geçirilen çärä ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň edara-kärhanalarynyň hünärmenleri, nurana ýüzli gelin-gyzlarymyzdyr mähriban eneler gatnaşdylar.
Türkmenistanyň «ýaşyl» energiýa diplomatiýasy
Adamzat uzak taryhynyň dowamynda tebigata golaý durup, onuň baýlyklaryna, arassa ekologik gurşawyna örän aýawly çemeleşmäge çalyşýar. Döwrüň ösmegi we tehnologiýanyň üznüksiz kämilleşmegi netijesinde bolsa, tebigaty goramak, energiýa serişdeleriniň zyýanly galyndylaryny aradan aýyrmak, uç-gyraksyz sähralyklaryň ösümlik we haýwanat dünýäsini yzygiderli baýlaşdyrmak ýaly wajyp meseleler ýüze çykýar.