Aşgabatda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygy mynasybetli Energetika forumy açyldy
14:17 01.12.2020 7613
Şu gün «Türkmengaz» DK-nyň Tebigy gazyň ylmy-barlag institutynyň binasynda «Energetika ulgamyndaky durnukly hyzmatdaşlyk ählumumy ösüşiň möhüm şertidir» atly halkara onlaýn maslahaty öz işine başlady. Türkmenistanyň energetika diplomatiýasyna bagyşlanan forum ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllyk baýramyna bagyşlandy.
Maslahaty «Türkmengaz» we «Türkmennebit» döwlet konsernleri «Turkmen Forum» bilen hyzmatdaşlykda guraýarlar.
Ählumumy pandemiýa zerarly halkara gatnawlaryna girizlen wagtlaýyn çäklendirmeleri nazara alyp, forum şol bir wagtyň özünde onlaýn görnüşde hem geçirilýär. Forum dünýäniň 33 döwletinden 59 sany kompaniýanyň wekillerini jemledi. Şolaryň ýarysy onlaýn usulda foruma gatnaşýar.
Maslahata gatnaşyjylaryň arasynda — PETRONAS, CNPC, LUKOIL, SOCAR, Dragon Oil ýaly iri energetika kompaniýalarynyň, şeýle hem onlarça abraýly halkara guramalarynyň we maliýe institutlarynyň, şol sanda Halkara gaz bileleşiginiň, Ýewropa Energetika Hartiýasynyň, Ählumumy gaz merkeziniň, Energetika barlaglar boýunça Oksford institutynyň, Aziýanyň ösüş bankynyň wekilleri bar.
Forumyň açylyş dabarasynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Myratgeldi Meredow Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň Halkara maslahatyna gatnaşyjylara iberen Gutlagyny okady.
Forumyň gün tertibine energetika ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň meseleleri girizildi. Plenar mejlisiň çäklerinde energetika howpsuzlygynyň we durnukly ösüşiň möhüm şerti hökmünde transmilli turba geçirijileriniň ähmiýeti; COVID-19-dan soň, dünýä energetikasynda tebigy gazyň orny; energetika ulgamynda durnukly ösüşiň aýrylmaz şerti hökmünde Energetika Hartiýasynyň döwrebaplaşdyrylan şertnamasy; känleri işläp taýýarlamakda serhetara hyzmatdaşlyk ara alnyp maslahatlaşylar.
Sessiýalarda Türkmenistanyň energetika diplomatiýasy — durnukly hyzmatdaşlygyň girewi; Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistan bilen energetika ulgamynda hyzmatdaşlygy; gazyň ählumumy bazarlary we ony ibermek; Türkmenistanyň maýa goýum mümkinçilikleri; sebitiň energetika bazarynda TOPH taslamasynyň orny; Aziýa-Ýuwaş ummany sebitinde durnukly ösüşi goldamakda tebigy gazyň orny we beýlekiler maslahatlaşylar.
Maslahatyň çäklerinde Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň ýolbaşçylary bilen deslapdan ylalaşylan duşuşyklar geçiriler.
Dünýäde energetika howpsuzlygyny üpjün etmekde nebitiň we gazyň möhüm ornuny göz öňünde tutup, bu halkara maslahaty pudaklaýyn hünärmenler bilen pikir alyşmaga, şeýle hem Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň ýolbaşçylary bilen göni gepleşikleri ýola goýmaga ýardam eder.
Türkmenistanyň Prezidenti TNGIZT-niň infrastruktura desgalaryny döwrebaplaşdyrmak boýunça teklibi makullady
18-nji aprelde Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi diýip, TDH habar berýär.
Türkmenistanyň Prezidentiniň Ýaponiýa saparynyň jemleri boýunça resminamalaryň toplumyna gol çekildi
Prezident Serdar Berdimuhamedowyň Ýaponiýa amala aşyran saparynyň jemleri boýunça hyzmatdaşlyk hakynda resminamalaryň toplumyna gol çekildi. 15-nji aprelde Serdar Berdimuhamedowyň ýapon işewürleri bilen geçiren duşuşygynyň jemleri boýunça ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy boldy diýip, TDH habar berýär.
Türkmenistanyň Prezidenti Saud Arabystanynyň täze ilçisi bilen hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny maslahatlaşdy
17-nji aprelde Prezident Serdar Berdimuhamedow Saud Arabystany Patyşalygynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Amer bin Ali Al-Şehrini kabul etdi. Ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy diýip, TDH habar berýär.
«PETRONAS Çarigali (Türkmenistan) Sdn Bhd» kompaniýasynyň potratçylar üçin 2022-nji ýylda № 2 Açyk gapylar güni
«PÇ (T) SB» kompaniýasy sizi potratçylar üçin Açyk gapylar gününe gatnaşmaga çagyrýar; biz gyzykly sergileri we şu aşakdaky ugurlar boýunça pikir alyşmak üçin sessiýalary geçireris:
2021-nji ýylda «Gazprom» Türkmenistandan 10,6 mlrd kub metr gaz satyn aldy
2021-nji ýylda «Gazprom» Türkmenistandan 10,6 mlrd kub metr gaz satyn aldy. Bu barada Türkmenistanyň Prezidentiniň Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti bilen duşuşygyna taýýarlanylan materiallarda aýdylýar. Duşuşyk 15-16-njy sentýabrda Samarkandda ŞHG sammitiniň çäklerinde meýilleşdirildi diýip, RIA Nowosti ýazýar.