Türkmenistan we Hytaý maýa goýum hyzmatdaşlygy boýunça ileri tutulýan ugurlary kesgitlediler
19:15 16.10.2024 5758
14-nji oktýabrda Aşgabat şäherinde Maýa goýum hyzmatdaşlygy boýunça türkmen-hytaý iş toparynyň üçünji mejlisi geçirildi diýip, DIM habar berýär. Duşuşygyň dowamynda 2023-nji ýylyň maý aýynda «Merkezi Aziýa – Hytaý» sammitinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen HHR-iň Başlygy Si Szinpiniň arasynda kabul edilen ylalaşyklaryň ýerine ýetirilişi seljerildi we mundan beýläkki hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary kesgitlenildi.
Özara maýa goýumlarynyň giňeldilmegini işjeň öwrenmek we höweslendirmek, iş toparynyň we ileri tutulýan ugurlardaky beýleki täsir ediş mehanizmleriniň ornuny güýçlendirmek kararyna gelindi.
Duşuşyga Türkmenistandan Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň, Merkezi bankyň, Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň, Senagat we gurluşyk önümçiligi, Dokma senagaty, Energetika, Oba hojalygy, Daşky gurşawy goramak ministrlikleriniň, «Türkmennebit», «Türkmengaz», «Türkmenhimiýa» döwlet konsernleriniň, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň, Ulag we aragatnaşyk agentliginiň bölümleriniň, maldarçylyk we guşçulyk döwlet birleşikleriniň, azyk senagatynyň, galla önümleriniň, şeýle hem Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň hünärmenleri gatnaşdylar.
Hytaý tarapyna maýa goýumlary dolandyrmak we daşary söwda boýunça Söwda ministrliginiň we sebitleýin edaralaryň, Hytaýyň Eksport-import bankynyň, maşyngurluşyk we elektron önümler boýunça Hytaýyň söwda edarasynyň wekilleri, senagat inženerçiligi, kompýuter tehnologiýalary, nebit we himiýa enjamlary ulgamlarynda ýöriteleşýän birnäçe kompaniýalaryň, CNPC we Huawei Technologies korporasiýalarynyň hem-de Türkmenistandaky şahamçalarynyň dolandyryjylary wekilçilik etdiler.
Iki tarapyň işewür toparlarynyň wekilleri – kärhanalar, pudak edaralary, maliýe institutlary - senagat pudagynda maýa goýum gatnaşyklaryny ösdürmek barada giňişleýin pikir alyşdylar we özara täsir mehanizmlerini kämilleşdirmek babatynda işlemegi dowam etdirmek dogrusynda ylalaşdylar.
Türkmenistanyň Prezidenti we ÝB-niň Başlygy ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy berkitmegiň meselelerini maslahatlaşdylar
Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji mejlisine gatnaşmak maksady bilen, Nýu-Ýorkda iş sapary bilen bolýan Prezident Serdar Berdimuhamedow Ýewropa Bileleşiginiň Başlygy Şarl Mişel bilen duşuşdy diýip, TDH habar berýär.
Serdar Berdimuhamedow BSG-niň Baş direktory bilen Türkmenistanyň gurama girmeginiň geljegini maslahatlaşdy
Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Nýu-Ýorkda geçirilýän 78-nji mejlisine gatnaşýan Prezident Serdar Berdimuhamedow Bütindünýä söwda guramasynyň (BSG) Baş direktory hanym Ngozi Okonjo-Iweala bilen duşuşdy diýip, TDH habar berýär.
Türkmenistanyň we Koreýa Respublikasynyň Prezidentleri Nýu-Ýorkda döwletara gatnaşyklarynyň meselelerini maslahatlaşdylar
Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji mejlisine gatnaşmak maksady bilen, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda iş sapary bilen bolýan Prezident Serdar Berdimuhamedow Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Ýun Sok Ýol bilen duşuşdy diýip, TDH habar berýär.
Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Baş sekretary bilen hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny maslahatlaşdy
Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji mejlisine gatnaşmak maksady bilen, Nýu-Ýorkda iş sapary bilen bolýan Prezident Serdar Berdimuhamedow BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterriş bilen duşuşdy.
«Türkmengaz» DK-da öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmak we döwrebaplaşdyrmak boýunça işler geçirilýär
Şenbe güni Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň durmuşyna degişli käbir meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.