Serdar Berdimuhamedow “Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2024” halkara forumynyň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi tabşyrdy
09:35 19.10.2024 7923
18-nji oktýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň birnäçe meselelerine garaldy.
Mejlisiň barşynda wise-premýer B.Amanow şu ýylyň 23 — 25-nji oktýabry aralygynda Aşgabatda geçirilmegi meýilleşdirilýän “Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2024” atly XXIX halkara maslahata we sergä görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda bu çärä gatnaşmak üçin köp sanly daşary ýurtly kompaniýalary, ýurdumyzyň kärhanalarydyr telekeçileri hasaba alyndy. Halkara sergiň işine Türkmenistanyň Hökümet agzalarynyň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň, ýurdumyzdaky diplomatik wekilhanalaryň we halkara guramalaryň, daşary ýurt we ýerli köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylarynyňdyr wekilleriniň gatnaşmagy meýilleşdirilýär.
Ýyl-ýyldan bu çäräniň geriminiň giňemegi dürli ýurtlaryň işewür toparlarynyň ýurdumyz bilen netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmäge gyzyklanmalarynyň artýandygyny görkezýär. Halkara maslahat “Ählumumy energetika bazarynda täze depginler we özara bähbitli hyzmatdaşlygyň geljegi” atly plenar mejlisden we alty sany bölümçeden ybarat bolar.
Döwlet Baştutany hasabaty diňläp, «Türkmenistanyň nebiti we gazy» atly halkara maslahatyň we serginiň her ýyl geçirilýändigini, bu çäräniň ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumyny ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlary, nebitgaz pudagyna täze tehnologiýalary ornaşdyrmagyň ugurlary barada pikir alyşmaga ýardam berýändigini belledi we forumy ýokary derejede guramagy wise-premýere tabşyrdy.
Türkmenistanyň Prezidenti we ÝB-niň Başlygy ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy berkitmegiň meselelerini maslahatlaşdylar
Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji mejlisine gatnaşmak maksady bilen, Nýu-Ýorkda iş sapary bilen bolýan Prezident Serdar Berdimuhamedow Ýewropa Bileleşiginiň Başlygy Şarl Mişel bilen duşuşdy diýip, TDH habar berýär.
Serdar Berdimuhamedow BSG-niň Baş direktory bilen Türkmenistanyň gurama girmeginiň geljegini maslahatlaşdy
Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Nýu-Ýorkda geçirilýän 78-nji mejlisine gatnaşýan Prezident Serdar Berdimuhamedow Bütindünýä söwda guramasynyň (BSG) Baş direktory hanym Ngozi Okonjo-Iweala bilen duşuşdy diýip, TDH habar berýär.
Türkmenistanyň we Koreýa Respublikasynyň Prezidentleri Nýu-Ýorkda döwletara gatnaşyklarynyň meselelerini maslahatlaşdylar
Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji mejlisine gatnaşmak maksady bilen, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda iş sapary bilen bolýan Prezident Serdar Berdimuhamedow Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Ýun Sok Ýol bilen duşuşdy diýip, TDH habar berýär.
Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Baş sekretary bilen hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny maslahatlaşdy
Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji mejlisine gatnaşmak maksady bilen, Nýu-Ýorkda iş sapary bilen bolýan Prezident Serdar Berdimuhamedow BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterriş bilen duşuşdy.
«Türkmengaz» DK-da öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmak we döwrebaplaşdyrmak boýunça işler geçirilýär
Şenbe güni Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň durmuşyna degişli käbir meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.