«Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2024» atly halkara maslahata we sergä gatnaşyjylara
10:26 23.10.2024 1162

Hormatly halkara maslahata we sergä gatnaşyjylar!
Sizi «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Aşgabat şäherinde geçirilýän «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2024» atly halkara maslahatyň we serginiň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.
Her ýyl geçirilýän bu forum ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumyny ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlary, özara bähbitli hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň ýollary, nebitgaz pudagyna täze tehnologiýalary ornaşdyrmagyň, önümçiligi döwrebaplaşdyrmagyň häzirki zaman usullary barada pikir alyşmaga ýardam berýär. Halkara maslahat bilen ugurdaşlykda geçirilýän sergi ony synlamaga gelýänleriň ählisini innowasiýalar, häzirki zaman işläp taýýarlamalary we täze taslamalar bilen içgin tanyşdyrmaga mümkinçilik berýär.
Eziz watandaşlar!
Gadyrly myhmanlar!
Uglewodorod serişdeleriniň ägirt uly gorlaryna eýe bolan Garaşsyz Türkmenistan öz tebigy baýlyklaryny diňe bir milli bähbitlere däl-de, sebit we dünýä halklarynyň bähbitlerine hem gönükdirmäge çalyşýar. Bu ugurda tagallalary birleşdirmek bolsa öňde goýlan maksatlara ýetmäge möhüm şert döredýär. Biz ýangyç-energetika pudagynda halkara hyzmatdaşlygy netijeli ösdürýäris. Eksport mümkinçiliklerini diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek, köpugurly turba geçirijiler ulgamyny döretmek döwletimiziň energetika syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir.
Gory boýunça dünýäde öňdäki orunlaryň birini eýeleýän «Galkynyş» gaz käni türkmen tebigy gazyny diwersifikasiýa ýoly bilen halkara bazarlara çykarmagyň çig mal çeşmesi bolup hyzmat edýär. Bu gaz käniniň daşary ýurt maýa goýumlarynyň hasabyna tapgyrlaýyn hem-de maksatlaýyn esasda özleşdirilmegi, bir tarapdan, iri maýa goýum taslamasyna gatnaşmagyň maliýe-ykdysady we hukuk taýdan berk binýatlydygyny, beýleki tarapdan bolsa, goýuljak maýa goýumlary gaýtarmakda tebigy gazyň gorlarynyň ygtybarlydygyny kepillendirýär. Türkmen tarapy bu ugurda özara bähbitli tekliplere seretmäge hemişe taýýardyr.
Ýakynda biz Mary welaýatynda möhüm ähmiýetli taslamalaryň — Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň wajyp tapgyry bolan Arkadagyň ak ýoly bilen Serhetabat — Hyrat gaz geçirijisiniň, şeýle hem «Şatlyk-l» gaz gysyjy desgasynyň gurluşygyna badalga berdik. Bu taslamalar sebitde energetika howpsuzlygyny üpjün etmäge, goňşy we sebitiň döwletleriniň halklarynyň abadançylygyna, olaryň gülläp ösmegine, ykdysady taýdan durnukly gurşawy emele getirmäge gönükdirilendir. Biz şeýle taslamalary geljekde hem durmuşa geçirmegi dowam etdireris.
Hormatly halkara maslahata we sergä gatnaşyjylar!
Ýurdumyzda nebitiň, gaz kondensatynyň täze ýataklaryny tapmak, olaryň senagat derejeli gorlaryny artdyrmak, geçirilýän geologiýa-gözleg işleriniň netijeliligini ýokarlandyrmak, nebitgazly ýataklary daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek arkaly çalt depginler bilen özleşdirmek babatda öňde goýan wezipelerimiz üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ylmyň we tejribäniň ösüşine daýanyp, täze tehnologiýalary ornaşdyrmak bilen, nebitgaz ýataklaryny özleşdirmek boýunça alnyp barylýan işlerde daşary ýurt kompaniýalarynyň hem netijeli hyzmatdaşlyk edýändigini bellemek gerek.
Biz uglewodorod serişdeleriniň diňe bir çykarylyşyny artdyrmak bilen çäklenmän, eýsem, olary gaýtadan işläp, ýokary hilli, ekologik taýdan arassa önümleriň öndürilmegine hem aýratyn üns berýäris. Bu işlerde daşky gurşawy aýawly saklamak, zyýanly gazlaryň zyňyndysyndan goramak babatda halkara hyzmatdaşlyk giň gerimde alnyp barylýar.
Hormatly adamlar!
Gadyrly dostlar!
Häzirki wagtda Türkmenistan deňhukukly we özara bähbitli hyzmatdaşlyk etmäge isleg bildirýän taraplaryň ählisine giň mümkinçilikleri açýar. Ýurdumyzyň durnukly ykdysadyýetine bolan ynam daşary ýurt işewürlerinde geljegi uly taslamalara maýa goýumlary gönükdirmek islegini döredýär. Şu halkara maslahatyň we serginiň ýurdumyzyň hünärmenleri bilen daşary ýurtly hyzmatdaşlarymyzyň özara tejribe we pikir alyşmagynda, geljekde giň gerimli hyzmatdaşlygy ýola goýmakda uly ähmiýete eýe boljakdygyna berk ynanýaryn.
Hormatly halkara sergä we maslahata gatnaşyjylar!
Gadyrly myhmanlar!
Sizi «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2024» atly halkara maslahatyň we serginiň öz işine başlamagy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Siziň ähliňize berk jan saglyk, abadan we bagtyýar durmuş, alyp barýan işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow.

Merkezi saýlaw topary Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlarynyň deslapky jemlerini jemledi
13-nji martda paýtagtymyzdaky «Garagum» myhmanhanasynda brifing geçirilip, onda Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlarynda ses bermegiň deslapky netijeleri yglan edildi.

Wagyz-nesihat duşuşygynda
«Türkmengaz» DK-nyň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynda beýik akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň döredijiligine bagyşlanan wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Oňa nebitgaz toplumynyň we beýleki ulgamlaryň birleşikleriniň, müdirlikleriniň, edara-kärhanalarynyň hünärmenleri, bilim işgärleri gatnaşdy. Bu çäre Gündogaryň beýik akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy bellenilýän «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylyny has-da dabaralandyrdy.

Birinji çärýegiň netijeleri boýunça Türkmenistanda jemi içerki önümiň ösüşi 6,3 göterim boldy
Ýurdumyzda şu ýylyň birinji çärýeginde ýerine ýetirilen işleriň netijeleri kabul edilen maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini görkezýär. Hasabat döwründe jemi içerki önümiň ösüşi 6,3 göterim derejede durnukly saklanyp gelýär. Bu barada Prezident Serdar Berdimuhamedow 6-njy aprelde geçiren Hökümet mejlisinde habar berdi.

Hökümet mejlisinde ýangyç-energetika toplumynyň 2024-nji ýylyň üç aýynyň netijelerine garaldy
6-njy aprelde Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Onda wise-premýerleriň hasabatlary diňlenildi we şu ýylyň birinji çärýeginde ýerine ýetirilen işleriň jemleri jemlenildi.

GDA-dan gelen synçylar Türkmenistanda saýlawlaryň geçişinde düzgün bozulmalary hasaba almadylar
GDA-dan gelen synçylar 12-nji martda Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlarynyň netijelerine täsir edip biljek düzgün bozmalaryň hasaba alynmandygyny bellediler. Bu barada GDA-dan gelen wekiliýetiň ýolbaşçysy, GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň başlygynyň birinji orunbasary Leonid Anfimow habar berdi diýip, Orient ýetirýär.