Türkmenistanyň Prezidenti RF-niň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasary bilen hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny maslahatlaşdy
13:18 31.10.2024 6087
30-njy oktýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasary, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-rus toparynyň rus böleginiň başlygy Alekseý Owerçugy kabul etdi diýip, TDH habar berýär.
Döwlet Baştutanynyň belleýşi ýaly, Türkmenistan oňyn Bitaraplyk ýörelgesine esaslanýan daşary syýasaty durmuşa geçirip, Russiýa bilen köpugurly görnüşde, abraýly halkara guramalaryň çäklerinde netijeli hyzmatdaşlyk edýär.
Şunuň bilen baglylykda, Serdar Berdimuhamedow RF-niň Tatarystan Respublikasynyň paýtagtynda geçirilen XVI BRICS sammitiniň ýokary derejesini we ähmiýetini belläp, onuň döwletara hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin açyk meýdança bolandygyny aýtdy.
Döwlet Baştutany Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasarynyň Aşgabada şu gezekki saparynyň iki ýurduň arasyndaky yzygiderli hökümetara dialogy berkitmekdäki ähmiýetine ünsi çekip, onuň türkmen kärdeşleri bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ilerletmäge gönükdirilen gepleşikleriniň netijeli geçmegini arzuw etdi.
Duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan meseleleri barada gyzyklanma bildirilip pikir alşyldy. Şunda dostluk, ynanyşmak, deňhukuklylyk ýörelgelerine esaslanýan türkmen-rus gatnaşyklarynyň häzirki döwürde ähli ugurlar boýunça üstünlikli ösdürilýändigi bellenildi. Syýasy dialog yzygiderli pugtalandyrylýar, işjeň parlamentara hyzmatdaşlyk alnyp barylýar. Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň sebitleriniň arasynda netijeli gatnaşyklar ýola goýuldy.
Söwda-ykdysady ulgam türkmen-rus hyzmatdaşlygynyň möhüm ugry bolup durýar. Köp ýyllardan bäri Russiýa Federasiýasy ýurdumyzyň esasy söwda hyzmatdaşlarynyň biridir. Bilelikdäki hökümetara topar hem netijeli işleri alyp barýar, onuň çäklerinde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meseleleriniň tutuş toplumy boýunça tagallalar utgaşdyrylýar.
Ynsanperwer ulgam türkmen-rus hyzmatdaşlygynyň möhüm ugurlarynyň biridir. Şunda bilim, ylym, medeniýet, saglygy goraýyş ugurlary boýunça netijeli gatnaşyklar aýratyn orny eýeleýär.
Şunuň bilen baglylykda, iki ýurduň hem özara bähbitli köpugurly hyzmatdaşlygy ösdürmegi maksat edinýändigi tassyklanyldy. Ol ýurtlarymyzyň uzak möhletleýin gyzyklanmalaryna we döwletara gatnaşyklaryň strategiýasyna gabat gelýär.
Türkmenistanyň Prezidenti we ÝB-niň Başlygy ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy berkitmegiň meselelerini maslahatlaşdylar
Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji mejlisine gatnaşmak maksady bilen, Nýu-Ýorkda iş sapary bilen bolýan Prezident Serdar Berdimuhamedow Ýewropa Bileleşiginiň Başlygy Şarl Mişel bilen duşuşdy diýip, TDH habar berýär.
Serdar Berdimuhamedow BSG-niň Baş direktory bilen Türkmenistanyň gurama girmeginiň geljegini maslahatlaşdy
Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Nýu-Ýorkda geçirilýän 78-nji mejlisine gatnaşýan Prezident Serdar Berdimuhamedow Bütindünýä söwda guramasynyň (BSG) Baş direktory hanym Ngozi Okonjo-Iweala bilen duşuşdy diýip, TDH habar berýär.
Türkmenistanyň we Koreýa Respublikasynyň Prezidentleri Nýu-Ýorkda döwletara gatnaşyklarynyň meselelerini maslahatlaşdylar
Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji mejlisine gatnaşmak maksady bilen, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda iş sapary bilen bolýan Prezident Serdar Berdimuhamedow Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Ýun Sok Ýol bilen duşuşdy diýip, TDH habar berýär.
Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Baş sekretary bilen hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny maslahatlaşdy
Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji mejlisine gatnaşmak maksady bilen, Nýu-Ýorkda iş sapary bilen bolýan Prezident Serdar Berdimuhamedow BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterriş bilen duşuşdy.
«Türkmengaz» DK-da öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmak we döwrebaplaşdyrmak boýunça işler geçirilýär
Şenbe güni Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň durmuşyna degişli käbir meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.