Energetika infrastrukturasyny goramagyň esasy ugurlary maslahatlaşyldy
05:46 14.11.2024 3641
11-12-nji noýabrda Aşgabat şäherinde bilermenler derejesinde halkara duşuşyk we Möhüm energetika infrastrukturasyny terrorçylykly hüjümlerden goramak boýunça tehniki gollanmanyň halkara derejesinde ilkinji tanyşdyryş maslahaty geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-nde habar berdi.
Çäre Türkmenistanyň Hökümeti tarapyndan Birleşen Milletler Guramasynyň Terrorçylyga garşy göreşmek müdirligi (UNOCT) we Russiýa Federasiýasynyň Hökümeti bilen bilelikde guraldy.
Duşuşyga gatnaşyjylar möhüm energetika infrastrukturasyny goramagyň esasy ugurlaryna garadylar we halkara derejesinde özara gatnaşyklary işjeňleşdirmek barada pikir alyşdylar. Çykyş edenler milli derejede alnyp barylýan işleriň esasy ugurlaryna ünsi çekdiler.
Bellenilişi ýaly, BMG-niň Baş Assambleýasynyň 2023-nji ýylyň 19-njy dekabrynda Türkmenistanyň başlangyjy bilen kabul eden «Durnukly ösüşi üpjün etmekde ygtybarly we durnukly energiýa birikmesiniň esasy orny» atly kararnama energetika kynçylyklaryny ýeňip geçmek ugrunda halkara jemgyýetçiliginiň tagallalarynyň utgaşdyrylmagyny göz öňünde tutýar we energiýa serişdeleriniň serhetüsti ugradylmagynyň ygtybarlylygyny we durnuklylygyny üpjün etmäge çagyrýar.
Birnäçe halkara guramalary bilen bilelikde durmuşa geçirilýän BMG-niň Duýgur maksatlary terrorçylyk howplaryndan goramak boýunça ählumumy maksatnamasy 2021-nji ýyldan bäri agza ýurtlara mümkinçilikleri artdyrmaga, bilermenleriň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmäge we möhüm infrastrukturany goramak babatynda öňdebaryjy tejribäni kesgitlemäge ýardam berýär.
Şeýle-de Aşgabat şäherinde geçirilen bu halkara çäräniň dowamynda Möhüm energetika infrastrukturasyny terrorçylykly hüjümlerden goramak boýunça tehniki gollanmanyň ilkinji tanyşdyrylyşy boldy diýip, Türkmenistanyň DIM-niň saýtynda habar berilýär.
Türkmenistanyň Prezidenti we ÝB-niň Başlygy ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy berkitmegiň meselelerini maslahatlaşdylar
Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji mejlisine gatnaşmak maksady bilen, Nýu-Ýorkda iş sapary bilen bolýan Prezident Serdar Berdimuhamedow Ýewropa Bileleşiginiň Başlygy Şarl Mişel bilen duşuşdy diýip, TDH habar berýär.
Serdar Berdimuhamedow BSG-niň Baş direktory bilen Türkmenistanyň gurama girmeginiň geljegini maslahatlaşdy
Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Nýu-Ýorkda geçirilýän 78-nji mejlisine gatnaşýan Prezident Serdar Berdimuhamedow Bütindünýä söwda guramasynyň (BSG) Baş direktory hanym Ngozi Okonjo-Iweala bilen duşuşdy diýip, TDH habar berýär.
Türkmenistanyň we Koreýa Respublikasynyň Prezidentleri Nýu-Ýorkda döwletara gatnaşyklarynyň meselelerini maslahatlaşdylar
Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji mejlisine gatnaşmak maksady bilen, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda iş sapary bilen bolýan Prezident Serdar Berdimuhamedow Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Ýun Sok Ýol bilen duşuşdy diýip, TDH habar berýär.
Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Baş sekretary bilen hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny maslahatlaşdy
Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji mejlisine gatnaşmak maksady bilen, Nýu-Ýorkda iş sapary bilen bolýan Prezident Serdar Berdimuhamedow BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterriş bilen duşuşdy.
«Türkmengaz» DK-da öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmak we döwrebaplaşdyrmak boýunça işler geçirilýär
Şenbe güni Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň durmuşyna degişli käbir meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.