Nebitgaz toplumynyň kärhanalary nebiti we gazy çykarmak hem-de gaýtadan işlemek boýunça on bir aýyň meýilnamasyny ýerine ýetirdiler
10:21 09.12.2020 8276
Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumynyň kärhanalarynyň şu ýylyň ýanwar-noýabr aýlarynda ýerine ýetiren işleriniň netijeleri hakynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Myratgeldi Meredow hasabat berdi.
Hasabat döwründe nebiti gaz kondensaty bilen çykarmak boýunça meýilnama 100,6 göterim, nebiti gaýtadan işlemegiň meýilnamasy 102,1 göterim, benzin öndürmegiň meýilnamasy 103,9 göterim, dizel ýangyjyny öndürmegiň meýilnamasy bolsa 105,4 göterim berjaý edildi. Şeýle hem tebigy we ugurdaş gazy çykarmagyň meýilnamasy 100,4 göterim, tebigy gazy daşary ýurtlara ibermegiň meýilnamasy 100,2 göterim ýerine ýetirildi.
Suwuklandyrylan gazyň öndürilişiniň ösüşi geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 122,4 göterime deň boldy.
Aşgabatda «Türkmenistanyň gurluşygy, senagaty we energetikasy» atly Halkara forum geçiriler
6-7-nji awgustda Aşgabatda «Türkmenistanyň gurluşygy, senagaty we energetikasy – 2022» atly Halkara sergisi we maslahaty geçiriler. Forum gurluşyk we senagat toplumynyň işgärleriniň gününe bagyşlanýar.
Garabogaz — ýurdumyzyň himiýa hazynasy
Şu gün zähmet rugsadynda bolýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Garabogazköl aýlagynyň üstünden geçýän täze awtomobil köprüsiniň düýbüni tutmak dabarasy boldy. «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň şanly wakasy Türkmenistanyň daşary syýasy strategiýasyny amala aşyrmak babatda hem, täze taryhy döwürde ýurdumyzyň ykdysadyýetini ösdürmek babatynda hem örän ähmiýetlidir.
“Uzynada” känindäki nobatdaky guýudan uglewodorodlaryň senagat akymy alyndy
«Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazburawlaýyş» trestiniň burawlaýjylary «Uzynada» känindäki 85 belgili täze çuň guýynyň buraw we gurluşyk işleri tamamlanyp, önümçilige girizdiler. Guýynyň çuňlugy 6 müň 830 metr bolup, ondan gije-gündiziň dowamynda nebit kondensatynyň 70 tonnasy hem-de 75 müň kub metr tebigy gazyň akymy alyndy.
Birža söwdalarynda Türkiýä we Owganystana awtobenzin hem-de dizel ýangyjy satyldy
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 30-sy hasaba alyndy.
OPEC+ ýurtlary sentýabrda nebit çykarmagyň çägini günde 100 müň barrele çenli artdyrmagy karar berdiler
OPEC+ ministrleri sentýabrda nebit çykarmagyň çägini günde 100 müň barrele çenli artdyrmagy karar berdiler diýip, çarşenbe güni Interfaks wekiliýetleriň birindäki çeşmesine salgylanyp habar berdi.