Türkmenistanyň Prezidenti GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň resmi däl sammitine gatnaşdy

11:38 26.12.2024 5090

https://oilgas.gov.tm/storage/posts/12708/original-1676cf0ceb4525.jpg

25-nji dekabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow, däp bolşy ýaly, Täze ýylyň öňüsyrasynda geçirilýän Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň resmi däl sammitine gatnaşmak üçin Russiýa Federasiýasyna iş sapary bilen bardy diýip, TDH habar berýär.

Sankt-Peterburgyň “Pulkowo” Halkara howa menzilinde Türkmenistanyň Prezidentini resmi adamlar garşyladylar.

Günüň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň Prezidenti “Igora” gyşky sport oýunlary toplumynyň Buzly köşgüne bardy. Bu iri toplum ýaryşlary we türgenleşikleri, dürli derejeli çäreleri geçirmek üçin köpugurly meýdança bolup durýar. Onuň düzümindäki Buzly köşk buzly meýdançany, maslahatlar zalyny we beýleki desgalary özünde jemleýär.

Buzly köşgüň eýwanynda Prezident Serdar Berdimuhamedowy Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin mähirli garşylady. Soňra Olimpiýa zalynda GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň resmi däl sammiti geçirildi.

Sammitiň dowamynda şu ýyl Arkalaşygyň çäklerinde ýerine ýetirilen işleriň netijelerine seredildi, hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary hem-de geljek üçin wezipeler kesgitlenildi. Ykdysady hyzmatdaşlygyň oňyn görkezijileri kanagatlanma bilen bellenildi. Şeýle hem sebit we ählumumy gün tertibiniň möhüm meseleleri boýunça pikir alşyldy.

Arkalaşygyň ýurtlarynyň hoşmeýilli erke, özara hormat goýmaga, ynanyşmaga esaslanýan deňhukukly özara bähbitli hyzmatdaşlyga üýtgewsiz ygrarlydyklary nygtaldy.

Şu gezekki duşuşyk hem GDA ýurtlarynyň netijeli hyzmatdaşlygy häzirki döwrüň talaplaryna laýyk gelýän täze derejä çykarmagy maksat edinýändikleriniň nobatdaky güwäsidir.

Söwda-ykdysady ulgam Arkalaşygyň çäklerindäki hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugry bolup durýar. Türkmenistan bu ugurdaky netijeli gatnaşyklary çuňlaşdyrmaga hem-de diwersifikasiýalaşdyrmaga aýratyn üns berýär. 2019-njy ýylyň oktýabrynda Aşgabatda geçirilen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň sammitiniň netijeleri boýunça kabul edilen GDA agza döwletleriň strategik ykdysady hyzmatdaşlygy hakynda Jarnama muňa aýdyň şaýatlyk edýär.

Özara söwdanyň giňeldilmegi, haryt dolanyşygynyň möçberiniň artdyrylmagy, senagat, sanly geçiş boýunça uzak möhletleýin gatnaşyklaryň ösdürilmegi, maýa goýumlaryň, işewürligiň höweslendirilmegi häzirki döwrüň esasy wezipeleriniň hataryndadyr.

Ynsanperwer ulgam hem GDA formatyndaky hyzmatdaşlygyň möhüm ugrudyr. Medeni özara baglanyşyk, ýurtlarymyzyň halklarynyň ruhy taýdan ýakynlygy, umumy taryh Arkalaşygyň çäklerindäki gatnaşyklaryň berk binýady bolup çykyş edýär.

Prezident Wladimir Putin GDA-nyň döwlet Baştutanlaryny geljek ýyl Moskwada şanly sene — Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 80 ýyllygy mynasybetli geçiriljek dabaralara gatnaşmaga çagyrdy. Nygtalyşy ýaly, ýowuz uruş ýyllarynda biziň halklarymyz frontda we tylda taýsyz gahrymançylyk, edermenlik görkezdiler. Arkalaşygyň ýurtlarynda bu gahrymançylygy hemişe hatyralaýarlar.

Şeýle hem Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti şu mümkinçilikden peýdalanyp, GDA agza ýurtlaryň ähli raýatlaryna ýetip gelýän Täze ýyl mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny beýan etdi. Bu ýerde belent mertebeli myhmanlaryň hormatyna Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň adyndan resmi däl günortanlyk nahary berildi.

Russiýa Federasiýasyna iş saparynyň maksatnamasy tamamlanandan soňra, Prezident Serdar Berdimuhamedow “Pulkowo” Halkara howa menziline bardy we bu ýerden Watanymyza ugrady.

Başga makalalar
162fb3bbd688e4.jpeg
Serdar Berdimuhamedow ulag ulgamynda BMG-niň howandarlygynda täze halkara başlangyçlary öňe sürdi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow deňze çykalgasy bolmadyk döwletler üçin ulag ulgamynda BMG-niň howandarlygynda täze halkara başlangyçlaryny öňe sürdi. Bu barada döwlet Baştutany 15-nji awgustda Hazar deňziniň türkmen kenarynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda açylan Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ulag ministrleriniň derejesindäki Halkara maslahatyna iberen wideoýüzlenmesinde belledi.


167c55bf58468f.jpg
Gazagystanyň Prezidenti Aşgabatda halkara forumyna gatnaşjakdygyny tassyklady

Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew 12-nji dekabrda Aşgabatda geçirilmegi meýilleşdirilýän halkara parahatçylyk we ynanyşmak forumyna gatnşajakdygyny tassyklady. Bu barada Gazagystanyň Prezidentiniň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa iberen hatynda bellenilýär.


167c55c4033a7e.png
Birža söwdalarynda Türkiýeden we Owganystandan gelen işewürler suwuklandyrylan gaz, awiakerosin satyn aldylar

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 11-si hasaba alyndy.


162fc9092bf5cc.jpeg
Türkmenistan BAE-niň öňdebaryjy nebitgaz kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyk etmäge taýýar

Türkmenistan BAE-niň öňdebaryjy nebitgaz kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyk etmäge taýýar. Bu barada 15-16-njy awgustda Awazada geçirilen ulag forumynyň çäginde Türkmenistan Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň Energetika we infrastruktura ministri Suheil Al-Mazruiniň arasynda geçirilen duşuşykda bellenildi.


162fb603fda7dd.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti: geljek ulag gatnaşyklarynyň utgaşdyrylan ulgamynda

Geljek ulag gatnaşyklarynyň utgaşdyrylan ulgamynda. Bu barada Prezident Serdar Berdimuhamedow «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilýän deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ulag ministrleriniň derejesindäki halkara maslahatda eden çykyşynda belledi.