Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň türkmen halkyna Täze ýyl gutlagy
08:35 31.12.2024 2404
Eziz watandaşlar!
Taryhyň ýene-de bir ýyly tamamlanyp barýar. 2024-nji ýyl ýurdumyzda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip atlandyryldy. Munuň özi türkmen halkynyň akyldar şahyryna goýýan uly hormatyndan nyşandyr.
Beýik söz ussadymyzyň doglan gününiň 300 ýyllygy ähli dost-doganlyk halklar bilen bilelikde bellenilip geçildi. Magtymguly Pyragynyň edebi mirasyny öwrenmek, dünýä ýaýmak ugrunda durmuşa geçirilen işler ýaş nesillerimizi watançylyk ruhunda terbiýelemäge ýardam etdi. Bu işleriň geljekde hem üstünlikli dowam etdiriljekdigine ynanýaryn.
Hormatly adamlar!
Bu ýyl halkymyz üçin düşümli, döwletli ýyl boldy. Ýurdumyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi üçin asylly işler dowam etdirildi. Maksatlar myrat tapyp, iri taslamalar üstünlikli amala aşyryldy.
Ýurdumyzda hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň gatnaşmagynda möhüm ähmiýeti bolan köp sanly desgalar we binalar gurlup ulanmaga berildi. Sanly ulgama esaslanýan «akylly» şäheriň — Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynyň gurluşygy dowam etdirildi. Bu ugurdaky işler halkara giňişlikde hem uly goldaw tapýar. Arkadag şäheri abraýly halkara baýraklara yzygiderli mynasyp bolýar. Häzirki döwürde iri şäherdir obalar gözel Diýarymyzyň ähli künjeklerinde gurulýar.
Eziz watandaşlar!
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi bu ýylyň möhüm wakalarynyň biri boldy. Hormatly Arkadagly Serdarymyz tarapyndan Halk Maslahatynyň mejlisinde birnäçe il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli Permandyr Kararlar kabul edildi. Täze taryhy eýýamda öňde durýan möhüm wezipeler kesgitlenildi. Bu beýik, tutumly işler bolsa berkarar döwletimiziň durnukly ykdysady ösüşini, halkymyzyň abadan hem-de bagtyýar durmuşyny üpjün edýär.
Hormatly adamlar!
Geçip barýan ýylda biz Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň alyp barýan işleriniň gerimini has-da giňeltdik. Bu ugurdaky asylly işler geljekde-de dowam etdiriler. Gaznanyň Ýaşulular geňeşiniň agzasy hökmünde ýaşulularymyz hem berkarar döwletimiziň alyp barýan içeri we daşary syýasatyny halka giňden wagyz etmekde, ýaşlarymyzy milli däp-dessurlarymyz esasynda terbiýelemekde uly goldaw berýärler.
Eziz watandaşlar!
Biz sanlyja günden Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň türkmen halkyna Täze ýyl gutlagyny diňläris. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň täze ýylyna — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna gadam basarys.
Geljek ýylda hem Garaşsyz Watanymyzyň gülläp ösmegine we halkymyzyň abadançylygyna, eşretli durmuşyna gönükdirilen iri möçberli taslamalary durmuşa geçireris. Bu işleri ýerine ýetirmek üçin biziň her birimize uly jogapkärçilik düşýändigini unutmaly däldiris. Biziň her birimiz eziz Watanymyzyň beýik ösüşlerine mynasyp goşant goşmalydyrys.
Hormatly adamlar!
Pursatdan peýdalanyp, sizi ýetip gelen Täze ýyl baýramy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Her biriňize berk jan saglyk, alyp barýan işleriňizde mundan beýläk-de zähmet üstünliklerini arzuw edýärin.
Mähriban halkym!
Täze ýylda hem ýurdumyzyň asuda, abadan we bagtyýar durmuşly bolmagyny arzuw edýärin. Nesip edenden, Täze ýyl her birimize rysgal-bereket getirsin! Täze ýylyňyz gutly bolsun!
TDHÇMB-niň söwdalarynda nebit bitumy we polipropilen ýerlenildi
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 16-sy hasaba alyndy.
Türkmenistanyň Prezidenti ŞHG agza döwletler bilen gatnaşyklaryň ugurlaryny kesgitledi
Prezident Serdar Berdimuhamedow sişenbe güni sanly ulgam arkaly geçirilen Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna (ŞHG) agza döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň 23-nji mejlisinde eden çykyşynda işleriň birnäçe anyk ugurlaryna üns bermegi teklip etdi.
Serdar Berdimuhamedow: Türkmenistan Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy bilen gatnaşyklaryna strategik nukdaýnazardan seredýär
Türkmenistan Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy bilen gatnaşyklaryna strategik nukdaýnazardan seredýär. Bu barada Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly geçirilen Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna (ŞHG) agza döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň 23-nji mejlisinde eden çykyşynda belledi.
Täze kitabyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi
Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan neşir edilen «Arkadag şäheri — geljegiň şäheri» atly kitabyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.
Wenada OPEC-iň seminarynda energiýa howpsuzlygy, energogeçiş we maliýeleşdirme meseleleri maslahatlaşylar
Wenada Hofburg imperator köşgünde 5-6-njy iýulda OPEC-iň «Durnukly we inklýuziw energetiki geçişe tarap ýolda» atly 8-nji halkara seminary geçiriler.