Nebitgaz toplumynda tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi
10:19 11.01.2025 6038
Ýurdumyzyň nebitgaz toplumynyň merkezi dolandyryş binasynda Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň «Magtymguly — dünýäniň akyldary» atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Oňa nebitgaz toplumynyň pudaklarynyň ýolbaşçylary we işgärleri gatnaşdy.
Tanyşdyrylyş dabarasynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Batyr Amanow çykyş edip, ilki bilen hemmeleri hormatly Prezidentimiziň beýik akyldarymyza bagyşlanan täze eseriniň elimize gowuşmagy bilen tüýs ýürekden gutlady.
Soňra Türkmenistanyň Döwlet ministri — «Türkmengaz» DK-nyň başlygy Maksat Babaýew, «Türkmennebit» DK-nyň başlygy Guwanç Agajanow, «Türkmengeologiýa» DK-nyň başlygy Gurbangeldi Garlyýew, «Watan» gazetiniň bölüm redaktory, şahyr Ogultäç Oraztaganowa, Türkmen döwlet medeniýet institutynyň kafedra müdiri Bägül Annabaýewa, Türkmenistanyň Nebitgaz senagaty toplumynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşiniň başlygy Sapar Ataberdiýew, «Nebit-gaz» gazetiniň baş redaktory Ussa Ussaýew, «Türkmennebit» DK-nyň Umumy bolüminiň baş hünärmeni Muhammetmyrat Atagarryýew, «Türkmengeologiýa» DK-nyň Merkezi önümçilik barlaghanasynyň himik-laboranty Aýjahan Myradowa dagy çykyş etdi.
Çykyş edenleriň nygtaýşy ýaly, täze kitapda türkmen halkynyň durmuşynda, dünýä edebiýatynyň altyn hazynasynda Magtymguly Pyragynyň eýeleýän orny giňişleýin açylyp görkezilýär. Döwlet Baştutanymyzyň halkymyza sowgat eden nobatdaky kitaby ylmyň we çeper edebiýatyň muşdaklaryna, Magtymgulynyň edebi mirasyny öwrenijilere hem-de giň jemgyýetçilige niýetlenilendir.
Eser ýokary çaphana usulynda neşir edilip, türkmen, rus we iňlis dilleriniň hersinde aýratyn kitap görnüşinde giň halk köpçüligine ýetirildi. Onuň sahypalarynda şekillendiriş sungatynyň dürli eserleriniň işleri ýerleşdirilip, kitap owadan fotosuratlar bilen bezelipdir.
Çykyşlarda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Magtymguly — dünýäniň akyldary» atly täze eserinde beýik akyldar şahyrymyzyň ömrüni, edebi mirasyny öwrenmäge goşant goşan zehinli alymlaryň, professorlaryň, edebiýatçylaryň, daşary ýurtly bilermenleriň atlarynyň agzalyp, olaryň bitiren işlerine baha berilmegi aýratyn nygtalyp geçildi. Döwlet Baştutanymyz türkmen halkynyň Magtymgulynyň şygyrlaryna aýratyn sarpa goýýandygyny, onuň goşgularyny okap, öwrenip, ýat tutup, şahyryň goşgularyna düşünmäge çalyşýandygyny, öwüt-ündewleri, köptaraplaýyn tematikasy bolan medeni mirasy bilen ýaşaýandygyny belleýär. Çykyş edenler täze kitabyň beýik söz ussadyna düşünmekde gymmatly çeşmedigini bellediler.
Tanyşdyrylyş dabarasynyň barşynda «Türkmengaz» DK-nyň Medeni-işewürlik merkeziniň sungat ussatlarynyň Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzyň üstünliklerini, rowaçly menzillerini, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan döwlet syýasatynyň dünýäde dabaralanyşyny wasp edýän aýdymlary belent heňde ýaňlandy.
Türkmenistanyň Prezidenti we ÝB-niň Başlygy ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy berkitmegiň meselelerini maslahatlaşdylar
Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji mejlisine gatnaşmak maksady bilen, Nýu-Ýorkda iş sapary bilen bolýan Prezident Serdar Berdimuhamedow Ýewropa Bileleşiginiň Başlygy Şarl Mişel bilen duşuşdy diýip, TDH habar berýär.
Serdar Berdimuhamedow BSG-niň Baş direktory bilen Türkmenistanyň gurama girmeginiň geljegini maslahatlaşdy
Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Nýu-Ýorkda geçirilýän 78-nji mejlisine gatnaşýan Prezident Serdar Berdimuhamedow Bütindünýä söwda guramasynyň (BSG) Baş direktory hanym Ngozi Okonjo-Iweala bilen duşuşdy diýip, TDH habar berýär.
Türkmenistanyň we Koreýa Respublikasynyň Prezidentleri Nýu-Ýorkda döwletara gatnaşyklarynyň meselelerini maslahatlaşdylar
Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji mejlisine gatnaşmak maksady bilen, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda iş sapary bilen bolýan Prezident Serdar Berdimuhamedow Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Ýun Sok Ýol bilen duşuşdy diýip, TDH habar berýär.
Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Baş sekretary bilen hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny maslahatlaşdy
Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji mejlisine gatnaşmak maksady bilen, Nýu-Ýorkda iş sapary bilen bolýan Prezident Serdar Berdimuhamedow BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterriş bilen duşuşdy.
«Türkmengaz» DK-da öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmak we döwrebaplaşdyrmak boýunça işler geçirilýär
Şenbe güni Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň durmuşyna degişli käbir meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.