Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy we BMG-niň Baş sekretary telefon arkaly 2025-nji ýylda özara gatnaşyklarynyň meýilnamasyny maslahatlaşdy

18:19 15.01.2025 2308

https://oilgas.gov.tm/storage/posts/12879/original-16787405ee5ea6.jpg

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterriş bilen geçiren telefon arkaly söhbetdeşliginde 2025-nji ýylda özara gatnaşyklaryň meýilnamalaryny maslahatlaşdylar diýip, TDH habar berýär.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň Prezidentiniň Permanyna laýyklykda, 2025-nji ýylyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilmegi hem-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli çäreleri ýokary derejede geçirmek boýunça guramaçylyk döwlet topary döredildi. Ýakynda bolsa türkmen halkynyň Milli Lideriniň başlyklyk etmeginde bu toparyň ilkinji mejlisi geçirildi. Gahryman Arkadagymyz guramaçylyk döwlet toparynyň mejlisinde hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllygynyň guramaçylyk meselelerine seredip, bu babatda degişli ýolbaşçylara birnäçe tabşyryklary berdi.

Şeýle hem Türkmenistanyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň dowamyndaky işleriniň we ileri tutýan ugurlarynyň Konsepsiýasyny işläp düzmek barada BMG-niň düzüm birlikleri bilen geňeşmeleri geçirip, onuň durmuşa ornaşdyrylmalydygyny nygtady. Telefon arkaly söhbetdeşligiň dowamynda türkmen halkynyň Milli Lideri taýýarlanylan degişli Konsepsiýanyň esasy ugurlaryny beýan etdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri şu ýyl Birleşen Milletler Guramasynyň ştab-kwartirasynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna badalga berilýändigini, Türkmenistanyň bu waka şu ýyl döredilmeginiň 80 ýyllygyny belleýän BMG-niň taryhynda möhüm, aýratyn tapgyr hökmünde garaýandygyny aýtdy.

Şunuň bilen baglylykda, Gahryman Arkadagymyz 2025-nji ýylyň taryhy senä — Milletler Bileleşigi tarapyndan Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň halkara derejede ykrar edilmeginiň 30 ýyllygyna gabat gelmeginiň aýratyn ähmiýetini nygtady hem-de Birleşen Milletler Guramasy bilen strategik hyzmatdaşlygyň Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasy ugry bolup durýandygyny tassyklady.

Telefon arkaly söhbetdeşligiň dowamynda Gahryman Arkadagymyz BMG-niň Baş sekretaryny 2025-nji ýylda Türkmenistanda Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlykda amala aşyrylmagy göz öňüne tutulýan meýilnamalar bilen tanyşdyrdy. Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň dowamyndaky işleriniň we ileri tutýan ugurlarynyň Konsepsiýasy taýýarlanyldy.

Bu resminamada ýurdumyzyň häzirki zamanyň ählumumy gün tertibiniň esasy meselelerine garaýyşlary beýan edilýär. Şeýle-de onda özara ynanyşmak, dialog we jogapkärçilik esasynda döwletleriň tagallalaryny birleşdirmek barada ýurdumyzyň garaýyşlary kesgitlenilýär. Milli Liderimiz bu babatda 2025-nji ýylyň özgerişler ýyly bolup biljekdigini we bolmalydygyny nygtap, BMG-niň Türkmenistanyň Konsepsiýada beýan edilen maksatlaryny goldajakdygyna ynam bildirdi.

Bu Konsepsiýa taýýarlanylanda, köp babatda BMG-niň başlangyjy boýunça geçen ýylyň sentýabrynda geçirilen «Geljegiň sammitiniň» esasy mazmunyna esaslanylandygy aýratyn bellenildi. Şoňa görä-de, Türkmenistan Konsepsiýany şol sammitiň jemleýji resminamasy bolan «Geljegiň hatyrasyna pakty» durmuşa geçirmäge özboluşly goşant hasaplaýar.

BMG-niň Baş sekretary ählumumy gün tertibiniň möhüm meselelerini çözmekde tagallalary birleşdirmäge gönükdirilen Konsepsiýanyň wajypdygyny belläp, ony dolulygyna makullady.

Türkmen halkynyň Milli Lideri öňde durýan işleriň esasy ugurlary barada aýdyp, howpsuzlyk bilen bagly meselä ünsi çekdi hem-de Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň howandarlygynda Ählumumy howpsuzlyk strategiýasyny işläp taýýarlamak baradaky başlangyjyny nygtady. Gapma-garşylykly ýagdaýlaryň öňüni almagyň we olary aradan aýyrmagyň guraly hökmünde öňüni alyş diplomatiýasyny işjeň ulanmak bu strategiýanyň esasy ugurlarynyň hataryndadyr.

Gahryman Arkadagymyz BMG-niň parahatçylyk döredijilikli tagallalaryny ilerletmek üçin Bitaraplygyň mümkinçiligini giňden ulanmagyň, ählumumy howpsuzlygy üpjün etmek bilen bagly ynanyşmak dialogynyň medeniýetini dikeltmegiň möhümdigini belledi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri bu teklipleriň iş ýüzünde amala aşyrylmagynyň dünýäde syýasy dartgynlygy azaltmaga ýardam etjekdigine ynam bildirip, Türkmenistanyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda sebit howpsuzlygy bilen bagly meseleler boýunça dialogy işjeňleşdirmegi pugta maksat edinýändigini tassyklady.

Telefon arkaly söhbetdeşlik BMG-niň Baş sekretarynyň başlangyjy boýunça geçirildi.

Başga makalalar
1650968b05727d.jpg
Türkmenistanyň Prezidenti we ÝB-niň Başlygy ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy berkitmegiň meselelerini maslahatlaşdylar

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji mejlisine gatnaşmak maksady bilen, Nýu-Ýorkda iş sapary bilen bolýan Prezident Serdar Berdimuhamedow Ýewropa Bileleşiginiň Başlygy Şarl Mişel bilen duşuşdy diýip, TDH habar berýär.


16509680179a85.jpg
Serdar Berdimuhamedow BSG-niň Baş direktory bilen Türkmenistanyň gurama girmeginiň geljegini maslahatlaşdy

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Nýu-Ýorkda geçirilýän 78-nji mejlisine gatnaşýan Prezident Serdar Berdimuhamedow Bütindünýä söwda guramasynyň (BSG) Baş direktory hanym Ngozi Okonjo-Iweala bilen duşuşdy diýip, TDH habar berýär.


1650968538ff1e.jpg
Türkmenistanyň we Koreýa Respublikasynyň Prezidentleri Nýu-Ýorkda döwletara gatnaşyklarynyň meselelerini maslahatlaşdylar

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji mejlisine gatnaşmak maksady bilen, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda iş sapary bilen bolýan Prezident Serdar Berdimuhamedow Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Ýun Sok Ýol bilen duşuşdy diýip, TDH habar berýär.


1650967ab62bb5.jpg
Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Baş sekretary bilen hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny maslahatlaşdy

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji mejlisine gatnaşmak maksady bilen, Nýu-Ýorkda iş sapary bilen bolýan Prezident Serdar Berdimuhamedow BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterriş bilen duşuşdy.


16507de0898dda.jpg
«Türkmengaz» DK-da öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmak we döwrebaplaşdyrmak boýunça işler geçirilýär

Şenbe güni Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň durmuşyna degişli käbir meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.