Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Monako Knýazlygyna sapar bilen bardy
08:27 20.01.2025 4159
19-njy ýanwarda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Monako Knýazlygyna sapar bilen ugrady diýip, TDH habar berýär.
Aşgabadyň Halkara howa menzilinde Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri bilen söhbetdeş boldy.
Milli Liderimiz Monako Knýazlygyna sapar bilen barýandygyny, bu ýurduň özüni dünýäde beýleki ugurlar bilen bir hatarda, sport üstünlikleri bilen hem tanadandygyny belledi. 2025-nji ýylda Monako “Dünýäniň sport paýtagty” diýlip yglan edildi. Türkmenistanda bolsa bu ýyl hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň makullamagy esasynda “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip atlandyryldy. Şunuň bilen baglylykda, Gahryman Arkadagymyz sportuň Ýer ýüzünde parahatçylygy we ynanyşmagy pugtalandyrmakdaky möhüm ornuna ünsi çekdi.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy sözüni dowam edip, 1894-nji ýylda häzirki zaman Olimpiýa oýunlaryny esaslandyran Pýer de Kuberteniň parahatçylygyň, döredijiligiň, ösüşiň, şatlygyň we sagdyn durmuş ýörelgeleriniň, ýeňşe bolan ymtylmanyň nyşany hökmünde “Sport — dünýäň parahatçylygy!” diýen jümlesiniň hemmeleri ruhubelentlige çagyrýandygyny nygtady.
Gahryman Arkadagymyz şu ýyl Türkmenistan bilen Monakonyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna 10 ýyl dolýandygyny, şoňa görä, bu saparyň ýurtlarymyzyň arasynda dürli ugurlarda hyzmatdaşlygy ösdürmekde möhüm tapgyr boljakdygyny belledi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Monako bilen ilerledilýän hyzmatdaşlygyň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde giňden wagyz edilmeginiň wajypdygyna ünsi çekdi hem-de bu babatda metbugat wekillerine degişli tabşyryklary berdi.
Türkmenistan bilen Ýewropa ýurtlarynyň arasynda uzak ýyllaryň dowamynda alnyp barylýan ikitaraplaýyn gatnaşyklar köpugurly häsiýete eýedir. Ýurdumyz şol döwletler bilen syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda hyzmatdaşlyk edýär. Syýasy-diplomatik ulgamdaky hyzmatdaşlyk ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn görnüşde, şol sanda abraýly halkara guramalaryň çäklerinde yzygiderli ösdürilýär. Watanymyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalary we taslamalary durmuşa geçirmekde Ýewropa döwletleri bilen netijeli özara hereketler alnyp barylýar.
Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanda ylym-bilim, oba hojalygy, daşky gurşawy goramak, howanyň üýtgemegine garşy göreşmek ýaly ugurlarda taslamalaryň üstünlikli amala aşyrylýandygyny bellemek gerek. Ýewropanyň iri kompaniýalary türkmen bazarynyň dürli pudaklarynda üstünlikli işleýär. Sebitiň ýurtlarynyň Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk etmäge gyzyklanma bildirýän işewür toparlarynyň wekilleriniň sany barha artýar.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Monako Knýazlygyna sapary hem özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmekde täze sahypany açar.
Türkmenistanyň Prezidenti we ÝB-niň Başlygy ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy berkitmegiň meselelerini maslahatlaşdylar
Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji mejlisine gatnaşmak maksady bilen, Nýu-Ýorkda iş sapary bilen bolýan Prezident Serdar Berdimuhamedow Ýewropa Bileleşiginiň Başlygy Şarl Mişel bilen duşuşdy diýip, TDH habar berýär.
Serdar Berdimuhamedow BSG-niň Baş direktory bilen Türkmenistanyň gurama girmeginiň geljegini maslahatlaşdy
Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Nýu-Ýorkda geçirilýän 78-nji mejlisine gatnaşýan Prezident Serdar Berdimuhamedow Bütindünýä söwda guramasynyň (BSG) Baş direktory hanym Ngozi Okonjo-Iweala bilen duşuşdy diýip, TDH habar berýär.
Türkmenistanyň we Koreýa Respublikasynyň Prezidentleri Nýu-Ýorkda döwletara gatnaşyklarynyň meselelerini maslahatlaşdylar
Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji mejlisine gatnaşmak maksady bilen, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda iş sapary bilen bolýan Prezident Serdar Berdimuhamedow Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Ýun Sok Ýol bilen duşuşdy diýip, TDH habar berýär.
Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Baş sekretary bilen hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny maslahatlaşdy
Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji mejlisine gatnaşmak maksady bilen, Nýu-Ýorkda iş sapary bilen bolýan Prezident Serdar Berdimuhamedow BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterriş bilen duşuşdy.
«Türkmengaz» DK-da öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmak we döwrebaplaşdyrmak boýunça işler geçirilýär
Şenbe güni Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň durmuşyna degişli käbir meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.