Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň hemişelik bitaraplyk derejesine eýe bolmagynyň 25 ýyllygyna bagyşlanan Maslahata gatnaşdy

14:49 15.12.2020 7963

https://oilgas.gov.tm/storage/posts/1304/original-15fd70a344973d.jpeg

Aşgabatda “Bitaraplyk syýasaty we onuň halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmekde ähmiýeti” atly Halkara maslahaty geçirildi. Türkmenistanyň hemişelik bitaraplyk derejesine eýe bolmagynyň 25 ýyllygyna bagyşlanan Maslahatyň dabaraly mejlisine hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşdy.

Foruma Hökümet agzalary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň hem-de pudaklaýyn düzümleriň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, daşary döwletleriň ýurdumyzda işleýän diplomatik wekilhanalarynyň, halkara guramalaryň Aşgabatdaky wekilhanalarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdy.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow maslahatyň dabaraly mejlisini açyp, ýygnananlaryň öňünde çykyş edip, hemişelik bitaraplyk hukuk derejesi Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasy ugry bolup durýar diýip, belledi.

— Biz ony oňyn bitaraplyk diýip atlandyrmak bilen, halkara gatnaşyklarymyza ähmiýet häsiýet we ugur berdik. Ähli döwletler bilen hoşniýetli hem-de deň derejedäki netijeli gatnaşyklara bolan gyzyklanmalarymyz onuň esasyny düzýär. Türkmenistan hemmelere dostlugy, hyzmatdaşlygy, deňhukukly gatnaşyklary teklip etmek bilen, bitarap ýurt hökmünde olaryň içki işine gatyşmazlyk, döwletleriň özygtyýarlylygyna we çäk dolanyşygyna hormat goýmak, köptaraply harby-syýasy şertnamalara we birleşiklere gatnaşmazlyk ýaly borçnamalary öz üstüne aldy – diýip Prezident belledi.

Döwlet Baştutanynyň nygtaýşy ýaly, Türkmenistanyň halkara başlangyçlary energetika howpsuzlygy, ulag ulgamyndaky hyzmatdaşlyk, ekologiýa, azyk üpjünçiligi, suw serişdelerine elýeterlilik, bosgunlaryň hukuklaryny goramak we ählumumy ösüşiň beýleki möhüm ugurlarynda aýratyn ähmiýetlidir hem-de uly abraýa eýedir.

Tebigy gazyň ägirt uly dünýä gorlaryna eýe bolmak bilen, Türkmenistan dünýäniň energiýa serişdelerine adalatly hem-de deňhukukly elýeterliligiň üpjün edilmeginiň yzygiderli tarapdary bolup durýar. Ähli taraplaryň bähbitlerini nazara alyp, ygtybarly we durnukly energetika geçirijiler ulgamynyň döredilmegi şu maksada ýetmegiň esasy ýollarynyň biridir.

Prezidentiň çykyşynda owgan meselesine we bu ýurtdaky ýagdaýy kadalaşdyrmaga Türkmenistanyň çemeleşmelerine möhüm orun berildi. Köp ýyllaryň dowamynda Türkmenistan goňşy döwlete anyk ykdysady we ynsanperwer goldawy berip gelýär. Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygynyň taslamasyny öňe sürmek bilen, biziň ýurdumyz bu ugurda yzygiderli işleri alyp barýar.

Türkmenistan- Owganystan-Pakistan ugry boýunça elektrik geçiriji we optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamlarynyň gurluşygy, şeýle hem ýurdumyzy Owganystan bilen baglanyşdyrýan demir ýollary çekmek işleri alnyp barylýar.

Biz Owganystanyň, beýleki goňşy ýurtlaryň gatnaşmagynda has ähmiýetli taslamalary durmuşa geçirmegiň üstünde işlemegi dowam etmegi meýilleşdirýäris we halkara guramalary, öňi bilen bolsa, BMG bilen doganlyk owgan halkyna hemmetaraplaýyn goldaw bermek işinde ýola goýulýan hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmäge taýýardyrys — diýip Prezident belledi.

«Munuň syýasy tarapy barada aýdanyňda men Türkmenistanyň Bitarap döwlet hem-de gönüden-göni goňşy ýurt hökmünde Owganystandaky ýagdaýy parahatçylykly, syýasy serişdeler arkaly kadalaşdyrmaga gyzyklanma bildirýän ähli taraplaryň arasynda gepleşikleri geçirmek üçin özüniň syýasy giňişligini bermäge hem-de zerur bolan ähli guramaçylyk şertlerini döretmäge taýýardygyny tassyklamak isleýärin.» - diýip döwlet Baştutany belledi.

— Çykyşymy jemläp, häzirki wagtda bitaraplyk ýörelgelerini Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlygynyň ähli ulgamlarynda diýen ýaly peýdalanmagyň mümkindigini, bu syýasatyň hyzmatdaşlygy we özara düşünişmegi ýola goýmak işlerinde uly mümkinçiliklere eýedigini, Birleşen Milletler Guramasynyň binýat goýujy maksatlaryny hem-de strategiýalaryny durmuşa geçirmekde ähmiýetli orun eýeleýändigini bellemek isleýärin – diýip Prezident belledi.

Maslahatyň netijeleri boýunça Aşgabat jemleýji resminamasyna gol çekildi.

Başga makalalar
1680337e5734d7.jpg
Türkmenistanyň Prezidenti TNGIZT-niň infrastruktura desgalaryny döwrebaplaşdyrmak boýunça teklibi makullady

18-nji aprelde Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi diýip, TDH habar berýär.


167ffd06185553.png
Türkmenistanyň Prezidentiniň Ýaponiýa saparynyň jemleri boýunça resminamalaryň toplumyna gol çekildi

Prezident Serdar Berdimuhamedowyň Ýaponiýa amala aşyran saparynyň jemleri boýunça hyzmatdaşlyk hakynda resminamalaryň toplumyna gol çekildi. 15-nji aprelde Serdar Berdimuhamedowyň ýapon işewürleri bilen geçiren duşuşygynyň jemleri boýunça ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy boldy diýip, TDH habar berýär.


16801f0bd3c438.jpg
Türkmenistanyň Prezidenti Saud Arabystanynyň täze ilçisi bilen hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny maslahatlaşdy

17-nji aprelde Prezident Serdar Berdimuhamedow Saud Arabystany Patyşalygynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Amer bin Ali Al-Şehrini kabul etdi. Ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy diýip, TDH habar berýär.


16324066987217.jpeg
«PETRONAS Çarigali (Türkmenistan) Sdn Bhd» kompaniýasynyň potratçylar üçin 2022-nji ýylda № 2 Açyk gapylar güni

«PÇ (T) SB» kompaniýasy sizi potratçylar üçin Açyk gapylar gününe gatnaşmaga çagyrýar; biz gyzykly sergileri we şu aşakdaky ugurlar boýunça pikir alyşmak üçin sessiýalary geçireris:


16322bcea326bc.jpeg
2021-nji ýylda «Gazprom» Türkmenistandan 10,6 mlrd kub metr gaz satyn aldy

2021-nji ýylda «Gazprom» Türkmenistandan 10,6 mlrd kub metr gaz satyn aldy. Bu barada Türkmenistanyň Prezidentiniň Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti bilen duşuşygyna taýýarlanylan materiallarda aýdylýar. Duşuşyk 15-16-njy sentýabrda Samarkandda ŞHG sammitiniň çäklerinde meýilleşdirildi diýip, RIA Nowosti ýazýar.