Türkmenistanyň wekiliýeti Ýaponiýada nebitgaz we beýleki ugurlarda hyzmatdaşlygy ösdürmegi maslahatlaşdylar
15:21 28.01.2025 3793
27-nji ýanwarda Tokio şäherinde iki ýurduň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda türkmen-ýapon syýasy geňeşmeleri geçirildi. Duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn gün tertibiniň ähli toplumy, şol sanda nebitgaz topumy boýunça okgunly ösdürilýändigi nygtaldy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-i habar berýär.
Türkmen tarapyna Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow, ýapon tarapyna Ýaponiýanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa we Kawkaz ýurtlary boýunça ýörite wekili Masaki Işikawa ýolbaşçylyk etdi.
Söwda-ykdysady ugurda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyga aýratyn üns berip, taraplar häzirki wagtdaky taslamalar we olary durmuşa geçirmek bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Nebit-gaz we gazhimiýa, elektroenergetika, ulag we beýleki ulgamlardaky hyzmatdaşlygyň oňyn tejribesi bellenildi. Şunda Türkmen-ýapon ykdysady hyzmatdaşlyk komitetiniň işine uly ähmiýet berilýär. Ol hyzmatdaşlygyň bar bolan uly kuwwatyny iş ýüzünde durmuşa geçirmäge ýardam bermäge gönükdirilendir diýip, DIM belleýär.
Taraplar Osaka şäherinde geçiriljek «EKSPO – 2025» Bütindünýä sergisine türkmen tarapynyň gatnaşmagy hem-de onuň çäklerinde 2025-nji ýylyň 14-nji aprelinde guraljak Türkmenistanyň Milli güni dabaralary bilen bagly meseleleri hem ara alyp maslahatlaşdylar.
«Merkezi Aziýa+Ýaponiýa» dialoguna gatnaşyjy ýurtlaryň ilkinji sammitiniň geçirmek bilen baglanyşykly meselelere garaldy.
Şeýle hem BMG-niň Baş Assambleýasynyň Türkmenistanyň başlangyjy bilen 2025-nji ýyly «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan etmek hakynda Kararnamasyna üns çekildi.
Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary şeýle hem Ýaponiýanyň Daşary işler boýunça döwlet ministri Hisaýuki Fudzi bilen duşuşdy. Duşuşygyň dowamynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarda türkmen-ýapon hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýy we geljegi barada pikir alyşyldy. Taraplar dürli meseleler boýunça hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem berkitmäge taýýardyklaryny tassykladylar.
Şeýle hem Türkmenistanyň wekiliýetiniň Ýaponiýa saparynyň çäklerinde türkmen wekiliýeti bilen Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça ýapon-türkmen komitetiniň başlygy, «ITOCHU Corporation» kompaniýasynyň direktorlar geňeşiniň agzasy, ýerine ýetiriji wise-prezidenti, maşyn we enjamlar kompaniýasynyň prezidenti Hiroýuki Subaýyň arasynda duşuşyk geçirildi.
Taraplar Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-ýapon we Ýapon-türkmen komitetleriniň 2024-nji ýylyň 16-17-njy dekabrynda geçirilen mejlisinde gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Türkmenistanyň Prezidenti we ÝB-niň Başlygy ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy berkitmegiň meselelerini maslahatlaşdylar
Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji mejlisine gatnaşmak maksady bilen, Nýu-Ýorkda iş sapary bilen bolýan Prezident Serdar Berdimuhamedow Ýewropa Bileleşiginiň Başlygy Şarl Mişel bilen duşuşdy diýip, TDH habar berýär.
Serdar Berdimuhamedow BSG-niň Baş direktory bilen Türkmenistanyň gurama girmeginiň geljegini maslahatlaşdy
Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Nýu-Ýorkda geçirilýän 78-nji mejlisine gatnaşýan Prezident Serdar Berdimuhamedow Bütindünýä söwda guramasynyň (BSG) Baş direktory hanym Ngozi Okonjo-Iweala bilen duşuşdy diýip, TDH habar berýär.
Türkmenistanyň we Koreýa Respublikasynyň Prezidentleri Nýu-Ýorkda döwletara gatnaşyklarynyň meselelerini maslahatlaşdylar
Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji mejlisine gatnaşmak maksady bilen, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda iş sapary bilen bolýan Prezident Serdar Berdimuhamedow Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Ýun Sok Ýol bilen duşuşdy diýip, TDH habar berýär.
Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Baş sekretary bilen hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny maslahatlaşdy
Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji mejlisine gatnaşmak maksady bilen, Nýu-Ýorkda iş sapary bilen bolýan Prezident Serdar Berdimuhamedow BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterriş bilen duşuşdy.
«Türkmengaz» DK-da öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmak we döwrebaplaşdyrmak boýunça işler geçirilýär
Şenbe güni Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň durmuşyna degişli käbir meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.