«Mawy ýangyç» eşret berýär

Berkarar döwletiň täze
eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesi yzygiderli
ýokarlandyrylýar. Bagtyýar raýatlarymyza döwletimiziň milli baýlyklaryndan, şol
sanda tebigy gazdan gündelik hajatlarynda giňden peýdalanmaga ähli şertler döredilýär.
Döwletimiz tarapyndan halkymyzyň
Welaýatyň ilatynyň ýyl-ýyldan
artmagy bilen «Marygazüpjünçilik» müdirliginiň şäher hem-de etrap gaz hojalyk
edaralarynyň işgärleri tarapyndan Milli maksatnama laýyklykda täze ýokary, orta
basyşly gaz geçirijileri gurlup ulanylmaga berilýär, ozaldan ulanylýan gaz
geçirijileriň durky täzelenilýär.