Hökümet mejlisinde nebitgaz toplumy üçin hünärmenleri taýýarlamak meseleleri maslahatlaşyldy
12:38 22.02.2025 3372
21-nji fewral Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň durmuşyna degişli birnäçe meselelere garaldy diýip, TDH habar berýär.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Amanow ýurdumyzyň nebitgaz toplumy üçin hünärmenleri taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, milli ykdysadyýetimiziň möhüm pudaklarynyň biri bolan ýangyç-energetika pudagyny diwersifikasiýalaşdyrmak, oňa döwrebap tehnologiýalary ornaşdyrmak bilen bagly wezipeleri üstünlikli çözmek maksady bilen, bu ugurda hünärmenleri taýýarlamak, olaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak babatda zerur işler durmuşa geçirilýär.
Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer Türkmenistanyň Prezidentiniň garamagyna degişli teklibi hödürledi.
Döwlet Baştutany hasabaty diňläp, nebitgaz toplumynyň işini döwrebap guramakda ýokary bilimli, halkara tejribesi bolan hünärmenleri taýýarlamagyň möhüm wezipe bolup durýandygyny belledi we bu ugurda taýýarlanan teklibi goldap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.
Türkmenistanyň Prezidenti we ÝB-niň Başlygy ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy berkitmegiň meselelerini maslahatlaşdylar
Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji mejlisine gatnaşmak maksady bilen, Nýu-Ýorkda iş sapary bilen bolýan Prezident Serdar Berdimuhamedow Ýewropa Bileleşiginiň Başlygy Şarl Mişel bilen duşuşdy diýip, TDH habar berýär.
Serdar Berdimuhamedow BSG-niň Baş direktory bilen Türkmenistanyň gurama girmeginiň geljegini maslahatlaşdy
Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Nýu-Ýorkda geçirilýän 78-nji mejlisine gatnaşýan Prezident Serdar Berdimuhamedow Bütindünýä söwda guramasynyň (BSG) Baş direktory hanym Ngozi Okonjo-Iweala bilen duşuşdy diýip, TDH habar berýär.
Türkmenistanyň we Koreýa Respublikasynyň Prezidentleri Nýu-Ýorkda döwletara gatnaşyklarynyň meselelerini maslahatlaşdylar
Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji mejlisine gatnaşmak maksady bilen, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda iş sapary bilen bolýan Prezident Serdar Berdimuhamedow Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Ýun Sok Ýol bilen duşuşdy diýip, TDH habar berýär.
Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Baş sekretary bilen hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny maslahatlaşdy
Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji mejlisine gatnaşmak maksady bilen, Nýu-Ýorkda iş sapary bilen bolýan Prezident Serdar Berdimuhamedow BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterriş bilen duşuşdy.
«Türkmengaz» DK-da öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmak we döwrebaplaşdyrmak boýunça işler geçirilýär
Şenbe güni Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň durmuşyna degişli käbir meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.