Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Türkiýäniň Prezidentine Aşgabadaky Halkara foruma çakylyk gowşurdy
12:34 26.02.2025 2531
Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Dünýagözel Gulmanowa Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogana Türkmenistanyň ýolbaşçylygynyň adyndan Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň çäginde, şeýle hem Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli geçiriljek çärelere çakylyk gowşurdy. Bu barada milli Parlamentimiziň saýtynda habar berilýär.
Bellenilişi ýaly, duşuşyk Mejlisiň Başlygynyň Ankara şäherine iş saparynyň barşynda geçirildi.
Türkmenistanyň Mejlisiniň ýolbaşçysy Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkiýe Respublikasynyň Prezidentiniň adyna ýollan mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.
Duşuşygyň dowamynda taraplar birek-birege hormat goýmak we ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan döwletara gatnaşyklarynyň ösüşiniň ýokary derejesini bellediler. Syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlardaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň esasy taraplaryna garaldy.
Taraplar sebit we halkara düzümleriň çäklerinde iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmak baradaky özara ygrarlylygy tassykladylar.
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli Halkara forum 12-nji dekabrda Aşgabatda geçiriler.
Birža söwdalarynda nebithimiýa önümleri satyldy
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 9-sy hasaba alyndy.
Serdar Berdimuhamedow ulag ulgamynda BMG-niň howandarlygynda täze halkara başlangyçlary öňe sürdi
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow deňze çykalgasy bolmadyk döwletler üçin ulag ulgamynda BMG-niň howandarlygynda täze halkara başlangyçlaryny öňe sürdi. Bu barada döwlet Baştutany 15-nji awgustda Hazar deňziniň türkmen kenarynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda açylan Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ulag ministrleriniň derejesindäki Halkara maslahatyna iberen wideoýüzlenmesinde belledi.
Türkmenistanyň Prezidenti: geljek ulag gatnaşyklarynyň utgaşdyrylan ulgamynda
Geljek ulag gatnaşyklarynyň utgaşdyrylan ulgamynda. Bu barada Prezident Serdar Berdimuhamedow «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilýän deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ulag ministrleriniň derejesindäki halkara maslahatda eden çykyşynda belledi.
Petronas – TEIF 2025 Halkara forumynyň öňdebaryjy hyzmatdaşy
2025-nji ýylyň 23-24-nji apreli aralygynda Malaýziýanyň Kuala-Lumpur şäherinde geçiriljek Türkmenistanyň ykdysadyýetine daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça Halkara forum (TEIF 2025) Türkmenistanyň maýa goýum mümkinçiliklerini giňeltmek boýunça nobatdaky strategik ädim bolar.
Ankarada Hökümetara toparyň mejlisinde Türkmenistan bilen Türkiýäniň nebitgaz ulgamynda hyzmatdaşlygyna aýratyn ähmiýet berildi
24-25-nji fewralda Türkmenistanyň wekiliýetiniň Türkiýe Respublikasyna amala aşyran iş saparynyň çäginde Ankara şäherinde Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara türkmen-türk toparynyň sekizinji mejlisi geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň saýtynda habar berilýär.