TEIF 2025-iň geçirilmegi halkara habar beriş serişdelerinde giň seslenme alar
08:28 06.03.2025 3738
2025-nji ýylyň 23–24-nji aprelinde Malaýziýanyň Kuala-Lumpur şäherinde Türkmenistanyň ykdysadyýetine daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça geçiriljek halkara forum (TEIF 2025) strategiki media giňişligiň üsti bilen Türkmenistanyň ykdysady mümkinçilikleriniň dünýä derejesinde artdyrylmagyna giň ýol açar.
Forumyň guramaçylarynyň habar bermegine görä, NewsBase, Argus, The Edge, Interfax, Natural Gas World, TRT, Bernama ýaly öňdebaryjy halkara we ýerli metbugat serişdeleri bilen hyzmatdaşlyk guramaçylyk çäresiniň giň we köpugurly beýan edilmegini üpjün eder. Şeýle-de bu hyzmatdaşlyk dünýäniň dürli künjeklerinden gelýän giň okyjylar toparyna möhüm maglumatlary ýetirmäge ýardam berer.
Ösüp barýan täze meýdançalary çuňňur seljermegi bilen tanalýan The Investor Beyond neşiri forumyň esasy hyzmatdaşlarynyň biridir. TEIF 2025-niň çäginde bu neşiriň redaksiýa müdiri Leandro Slowinski 4-nji sessiýanyň esasy panel duşuşygyna moderatorlyk edip, Türkmenistanyň ykdysady ösüşi boýunça aýratyn garaýyşlaryny paýlaşar.
Bu strategik media hyzmatdaşlygy TEIF 2025 forumynyň esasy maksatlarynyň giň halkara jemgyýetçiliginde – maýadarlar, syýasatçylar, pudak ýolbaşçylary hem-de seljerijileriň arasynda giňden ýaýramagyna hyzmat eder.
Kuwwatly media meýdançalarynyň mümkinçiliklerini peýdalanmak arkaly TEIF 2025 Türkmenistany dünýä ykdysadyýetinde möhüm gatnaşyjy hökmünde has-da öňe sürmegi, gatnaşyjylara bazar maglumatlaryna we maýa goýum mümkinçiliklerine giň ýol açmagy maksat edinýär.
TEIF 2025 forumynyň esasy guramaçylary Türkmenistanyň "Türkmengaz" we "Türkmennebit" döwlet konsernleri, Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy hem-de "Turkmen Energy Forum" hojalyk jemgyýetidir.
Türkmenistanyň Prezidenti we ÝB-niň Başlygy ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy berkitmegiň meselelerini maslahatlaşdylar
Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji mejlisine gatnaşmak maksady bilen, Nýu-Ýorkda iş sapary bilen bolýan Prezident Serdar Berdimuhamedow Ýewropa Bileleşiginiň Başlygy Şarl Mişel bilen duşuşdy diýip, TDH habar berýär.
Serdar Berdimuhamedow BSG-niň Baş direktory bilen Türkmenistanyň gurama girmeginiň geljegini maslahatlaşdy
Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Nýu-Ýorkda geçirilýän 78-nji mejlisine gatnaşýan Prezident Serdar Berdimuhamedow Bütindünýä söwda guramasynyň (BSG) Baş direktory hanym Ngozi Okonjo-Iweala bilen duşuşdy diýip, TDH habar berýär.
Türkmenistanyň we Koreýa Respublikasynyň Prezidentleri Nýu-Ýorkda döwletara gatnaşyklarynyň meselelerini maslahatlaşdylar
Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji mejlisine gatnaşmak maksady bilen, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda iş sapary bilen bolýan Prezident Serdar Berdimuhamedow Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Ýun Sok Ýol bilen duşuşdy diýip, TDH habar berýär.
Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Baş sekretary bilen hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny maslahatlaşdy
Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji mejlisine gatnaşmak maksady bilen, Nýu-Ýorkda iş sapary bilen bolýan Prezident Serdar Berdimuhamedow BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterriş bilen duşuşdy.
«Türkmengaz» DK-da öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmak we döwrebaplaşdyrmak boýunça işler geçirilýär
Şenbe güni Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň durmuşyna degişli käbir meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.