Türkmenistanyň Prezidenti sapar bilen Ýaponiýa ugrady
13:38 13.04.2025 2890
13-nji aprelde Prezident Serdar Berdimuhamedow sapar bilen Ýaponiýa ugrady diýip, TDH habar berýär.
Bellenilişi ýaly, Aşgabadyň Halkara howa menzilinde döwlet Baştutanymyzy ýurdumyzyň resmi adamlary ugratdylar.
Saparyň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidenti «EXPO-2025» Bütindünýä sergisinde Türkmenistanyň Milli güni mynasybetli dabaraly çärelere gatnaşar we ýokary derejedäki gepleşikleri geçirer.
Anna güni geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Ýaponiýa iş saparyna görülýän taýýarlyk boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, soňky 15 ýylyň dowamynda durmuşa geçirilen bilelikdäki iri taslamalar hem ikitaraplaýyn ykdysady hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýete eýedigine şaýatlyk edýär. Gazhimiýany, elektroenergetikany, ulag ulgamyny, suw hojalygyny türkmen-ýapon hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan strategik ugurlarynyň hatarynda görkezmek bolar.
Türkmen-ýapon gatnaşyklaryny ulgamlaýyn esasda utgaşdyrmak maksady bilen, iki ýurduň arasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-ýapon we ýapon-türkmen komitetleri işjeň hereket edýär.
Halkara hil standartlary – halkara maslahatyň we serginiň merkezinde
29-njy aprel – 1-nji maý aralygynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanda halkara ülňülerine laýyklykda hil üpjünçiligi» atly halkara maslahat (QACIS 2025) hem-de «Halkara söwda we hyzmatlar» atly sergi-ýarmarka (ITSE 2025) geçiriler.
Sekiz aýyň jemlerine garaldy
Şu gün Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň geçen sekiz aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemlerine bagyşlanan hasabat ýygnagy geçirildi. Onda 9-njy sentýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmekde şu ýylyň ýanwar-awgust aýlarynda alnyp barlan işleriň netijelerine bagyşlap sanly ulgam arkaly geçiren Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde nebitgaz toplumynyň öňünde goýan wezipeleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Türkmenistanyň Prezidenti Malaýziýada geçiriljek halkara göçme forumyň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi tabşyrdy
11-nji aprelde Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi.
TDHÇMB-niň birža söwdalary: TNGIZT-niň önümleri eksporta we içerki bazara ýerlenildi
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 42-si hasaba alyndy.
Hökümet mejlisinde nebitgaz toplumynyň 2022-nji ýylyň sekiz aýynda işleriniň netijeleri jemlenildi
Geçen anna güni Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisiniň geçirdi, onda şu ýylyň sekiz aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemleri jemlenildi, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň möhüm wezipeleri ara alnyp maslahatlaşyldy.