Gurbanguly Berdimuhamedow: Türkmenistan 2021-nji ýylda goňşy döwletler bilen gatnaşyklaryny berkitmegi meýilleşdirýär
09:46 04.01.2021 10078
Türkmenistan 2021-nji ýylda ýokary ynam derejesinde bolan goňşy döwletleri bilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyny berkider. Bu barada Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly Türkmenistandaky diplomatik düzümiň duaýýeni, Russiýa Federasiýasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Aleksandr Blohin bilen geçiren duşuşygynda belledi.
Türkmen Lideri soňky ýyllarda Täze ýyly bilelikde — Türkmenistanda işleýän ähli diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda bellemegiň oňat tejribä öwrülendigini belledi. Ýöne şu ýyl, çylşyrymly ýagdaýlar bilen baglylykda, duşuşyk onlaýn görnüşde geçirilýär.
Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow diplomatik düzümiň duaýýeni hökmünde A.Blohini we onuň üsti bilen Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylarynyň ählisini ýetip gelýän Täze, 2021-nji ýyl bilen tüýs ýürekden gutlady hem-de hemmelere ähli gowulyklary, berk jan saglygyny, egsilmez güýç-gaýrat, maşgala abadançylygyny we hoşniýetlilik arzuw etdi.
Türkmen Lideri sözüni dowam edip, Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlygy hem-de özüniň diplomatik işini strategik ugurlaryň ikisi boýunça amala aşyrýandygyny belledi. Munuň özi daşary ýurt döwletleri bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklary yzygiderli pugtalandyrmakdan hem-de halkara guramalar bilen işjeň hyzmatdaşlyk etmekden ybaratdyr.
Şu günki ýagdaýa görä, Türkmenistan dünýäniň 149 döwleti bilen diplomatik gatnaşyklary saklaýar we halkara guramalaryň 50-ä golaýynyň agzasy bolup durýar.
Daşary ýurtlarda Türkmenistanyň diplomatik wekilhanalarynyň we konsullyklarynyň 40-sy hereket edýär diýip, Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady. Ýurdumyzyň özünde daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň we konsullyklarynyň hem-de halkara guramalaryň wekilhanalarynyň 46-sy işleýär. Türkmenistan halkara konwensiýalaryň we ylalaşyklaryň 161-sine gatnaşýar.
Abraýly halkara guramalar we düzümler, şol sanda Birleşen Milletler Guramasy, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasy, Goşulyşmazlyk hereketi we beýlekiler bilen hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek boýunça degişli çäreler görülýär. Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy we Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasy ýaly guramalarda Türkmenistan assosirlenen agzanyň derejesine eýedir diýip, Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdi.
Hormatly Prezidentimiz ählumumy parahatçylygy, durnuklylygy we howpsuzlygy üpjün etmäge, BMG-niň Durnukly ösüş maksatlaryny yzygiderli durmuşa geçirmäge hemmetaraplaýyn ýardam bermegiň, sebitde hem-de onuň çäginden daşarda hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny we hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň, ýaragsyzlanmak işini amala aşyrmagyň, bar bolan dawalary we gapma-garşylyklary parahatçylykly syýasy serişdeler arkaly çözmegiň, energetika howpsuzlygyny üpjün etmegiň Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarydygyny nygtady.
Gurbanguly Berdimuhamedow hyzmatdaş daşary ýurtlar bilen gatnaşyklar baradaky meselä degip geçip, Türkmenistanyň goňşy döwletler bilen däp bolan dostlukly we özara bähbitli gatnaşyklary yzygiderli pugtalandyrýandygyny aýtdy. Şolaryň hatarynda Merkezi Aziýanyň we Hazar sebitiniň ýurtlaryny aýratyn bellemek gerek.
Russiýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi A.Blohin hoşniýetli sözler üçin hoşallyk bildirip, öz nobatynda, Gurbanguly Berdimuhamedowy we onuň üsti bilen ähli türkmen halkyny ýetip gelýän Täze, 2021-nji ýyl bilen gutlady. Geçip barýan ýyl Türkmenistan üçin aýratyn ýyl boldy: ol hemişelik we oňyn Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýe bolmagynyň 25 ýyllygyny mynasyp bellän ýurduň taryhynda möhüm tapgyry alamatlandyrdy diýip, diplomat nygtady.
Duaýýen bu hukuk ýagdaýynyň umumydünýä goşulyşmak işine köptaraplaýyn täsir edýändigini nygtap, dünýä bu gün türkmen bitaraplygynyň güýçli we işjeň garaýyşdygyna, netijeli halkara gatnaşyklary ýola goýmagyň täsirli guralydygyna göz ýetirýär diýip belledi.
Geljek ýyl Garaşsyzlyga eýe bolmagyň 30 ýyllygynyň nyşany astynda geçer. Türkmenistanlylar şol ýyllarda gazanylan üstünliklere, eziz Watanyna buýsanmaga haklydyr diýip, daşary ýurtly diplomat belledi hem-de geljek, 2021-nji ýyl üçin bellenen meýilnamalaryň ählisiniň üstünlikli ýerine ýetiriljekdigine ynam bildirdi.
“Russiýanyň ilçisi hökmünde strategik hyzmatdaşlyk ýörelgeleri esasynda guralýan russiýa-türkmen gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga goşýan şahsy goşandyňyza ýokary baha berýärin. Däp bolan dostluk gatnaşyklary hem-de biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky ýokary derejedäki özara ynanyşmak ýagdaýyndaky gepleşikleriň netijesinde, özara bähbitli ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň berk binýadyny döretmek başartdy” diýip, A.Blohin sözüniň ahyrynda aýtdy.
Türkmenistanyň Prezidenti TNGIZT-niň infrastruktura desgalaryny döwrebaplaşdyrmak boýunça teklibi makullady
18-nji aprelde Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi diýip, TDH habar berýär.
Türkmenistanyň Prezidentiniň Ýaponiýa saparynyň jemleri boýunça resminamalaryň toplumyna gol çekildi
Prezident Serdar Berdimuhamedowyň Ýaponiýa amala aşyran saparynyň jemleri boýunça hyzmatdaşlyk hakynda resminamalaryň toplumyna gol çekildi. 15-nji aprelde Serdar Berdimuhamedowyň ýapon işewürleri bilen geçiren duşuşygynyň jemleri boýunça ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy boldy diýip, TDH habar berýär.
Türkmenistanyň Prezidenti Saud Arabystanynyň täze ilçisi bilen hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny maslahatlaşdy
17-nji aprelde Prezident Serdar Berdimuhamedow Saud Arabystany Patyşalygynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Amer bin Ali Al-Şehrini kabul etdi. Ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy diýip, TDH habar berýär.
«PETRONAS Çarigali (Türkmenistan) Sdn Bhd» kompaniýasynyň potratçylar üçin 2022-nji ýylda № 2 Açyk gapylar güni
«PÇ (T) SB» kompaniýasy sizi potratçylar üçin Açyk gapylar gününe gatnaşmaga çagyrýar; biz gyzykly sergileri we şu aşakdaky ugurlar boýunça pikir alyşmak üçin sessiýalary geçireris:
2021-nji ýylda «Gazprom» Türkmenistandan 10,6 mlrd kub metr gaz satyn aldy
2021-nji ýylda «Gazprom» Türkmenistandan 10,6 mlrd kub metr gaz satyn aldy. Bu barada Türkmenistanyň Prezidentiniň Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti bilen duşuşygyna taýýarlanylan materiallarda aýdylýar. Duşuşyk 15-16-njy sentýabrda Samarkandda ŞHG sammitiniň çäklerinde meýilleşdirildi diýip, RIA Nowosti ýazýar.