TEIF 2025 energetika, maýa goýumlar we tehnologiýa hyzmatdaşlygy üçin täze gözýetimleri açar
11:13 21.04.2025 5694
Türkmenistan ykdysady diplomatiýanyň täze derejesine çykýar. 2025-nji ýylyň 23–24-nji aprelinde Kuala-Lumpur şäherindäki häzirki zaman KLCC maslahatlar merkezinde geçiriljek TEIF 2025 halkara forumy energetika, durnukly ösüş we halkara hyzmatdaşlyk ugurlarynda ýylyň esasy wakalarynyň biri bolmagyna garaşylýar.
Adatça halkara forumlarynda bolşy ýaly, esasy gepleşikler resmi açylyşdan öň başlaýar. TEIF 2025-niň forumdan öňki sessiýalary diňe bir pikir alyşmalaryň ugruny kesgitlemän, eýsem, häzirki zaman tehnologiýalarynyň, bilimiň we energetika ulgamynyň birleşmegine mysal bolup durýar.
Algoritmler guýulary burawlaýar: emeli aň arkaly nebitgaz pudagynyň özgermegi
Forumyň ilkinji öňki sessiýasy SPE – Nebit inženerleriniň jemgyýeti (Kuala-Lumpur bölümi) bilen bilelikde guralar. Oňa PETRONAS, Ad Terra Asia we “Türkmengaz” döwlet konserniniň Tebigy gaz ylmy-barlag instituty ýaly guramalaryň wekilleri gatnaşar.
Ad Terra Asia-nyň ýerine ýetiriji direktory Ikram Rahimiň belleýşi ýaly "Geljegiň uglewodorod çykarylyşy burawlarda ýa-da nasoslarda däl-de, eýsem, ol kodda".
Gepleşikleriň esasy temasy: emeli aň tehnologiýasynyň nebitgaz pudagynda orny – guýulary awtomatiki burawlamak, akylly gatlak gözegçiligi, logistikada öňünden çaklama hem-de zyňyndylary dolandyrmak.
Tebigy gaz gorlaryna baý bolan Türkmenistan üçin bu, diňe bir sanly üýtgeşme bolman, eýsem, strategiýa taýdan netijeliligi, howpsuzlygy we ekologiýa taýdan arassalygy ýokarlandyrmagyň ýoly bolup durýar. Bu mowzuk forumyň esasy paneline – karbon zyňyndylarynyň azaldylmagyna we pudagyň sanlylaşdyrylmagyna gönükdirilen bölüme utgaşykly geçer.
Medeni arabaglanyşyklar: bilim, syýahatçylyk we işewürlik gurşawy – durnukly ösüşiň ugry hökmünde
Ikinji öňki sessiýada Türkmenistanyň we Malaýziýanyň akademiki, döwlet we işewür toparlarynyň wekilleri çykyş ederler. Oňa Türkmenistanyň bilim ministriniň orunbasary Azat Ataýew, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň rektory Baýrammyrat Atamanow we Malaýziýanyň daşary işler ministrliginiň wekili Ahmad Rozian Abd. Gani gatnaşar.
Sessiada bilim ulgamynda tejribe alyşmalary, ylmy taslamalar, durnukly syýahatçylyk we sanly hyzmatdaşlyk baradaky meseleler ara alnyp maslahatlaşylar. Üns merkezinde: täze energetika üçin hünärmenleri taýýarlamak, halkara tejribe alyşmalar, emeli aň, ekologiýa, kiberhowpsuzlyk we täze işewür başlangyçlary ösdürmek bolar.
TEIF 2025: maýa goýumlar we “akylly” energetika üçin ählumumy platforma
Forumyň esasy bölegi 2 gün dowam eder we Merkezi, Günorta-Gündogar Aziýadan, Ýewropadan, Ýakyn Gündogardan hem-de halkara guramalardan syýasy we işewür toparlaryň wekillerini birleşdirer.
Forumyň esasy ugurlary (gün tertibi):
Tebigy gazyň goşmaça gymmatlyga öwrülmegi:
Gazhimiýanyň çuňňur işlenilmegi,
Wodorod tehnologiýalary we ekologiýa taýdan arassa ýangyçlar,
Taýýar önümçilik eksporty.
Energetikanyň sanly transformasiýasy:
Blokçeýn logistikasynda ulanylyşy,
Emeli aň bilen senagat çözgütleri.
Infrastruktura mega-taslamalaryň durmuşa geçirilmegi:
Deňiz portlarynyň döwrebaplaşdyrylmagy,
“Ýaşyl” logistika geçelgeleri,
Aragatnaşyk hemralarynyň energetikada we ulagda ulanylyşy.
Aziýanyň elektroenergetiki integrasiýasy we maýa goýumlar.
TOPH taslamasy arkaly sebitleýin hyzmatdaşlygyň güýçlendirilmegi.
IT, ulag, telekommunikasiýa we durnukly şäher ösüşinde maýa goýum strategiýalary.
Ýumşak güýç we mäkäm energiýa: Türkmenistan – gepleşikleriň we ösüşiň merkezi
TEIF 2025 forumy BMG-niň Türkmenistanyň başlangyjy bilen yglan eden Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň çäginde geçirilýär, bu bolsa oňa aýratyn diplomatik we syýasy ähmiýet berýär.
Dünýäniň täze synaglar bilen ýüzbe-ýüz bolýan döwründe, Türkmenistan sebitleriň, medeniýetleriň we bähbitleriň arasynda köpri bolmak bilen çykyş edýär. Ýurduň energetiki mümkinçilikleri diňe ykdysady däl – şol bir wagtda ynamy berkitmegiň we hyzmatdaşlygy giňeltmegiň serişdesidir.
TEIF 2025 – diňe bir maýa goýum forumy däl, eýsem gepleşik, hyzmatdaşlyk we durnukly geljek üçin platformadyr. (Material forumyň guramaçylary tarapyndan taýýarlanyldy.)
Türkmenistanyň Prezidenti we ÝB-niň Başlygy ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy berkitmegiň meselelerini maslahatlaşdylar
Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji mejlisine gatnaşmak maksady bilen, Nýu-Ýorkda iş sapary bilen bolýan Prezident Serdar Berdimuhamedow Ýewropa Bileleşiginiň Başlygy Şarl Mişel bilen duşuşdy diýip, TDH habar berýär.
Serdar Berdimuhamedow BSG-niň Baş direktory bilen Türkmenistanyň gurama girmeginiň geljegini maslahatlaşdy
Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Nýu-Ýorkda geçirilýän 78-nji mejlisine gatnaşýan Prezident Serdar Berdimuhamedow Bütindünýä söwda guramasynyň (BSG) Baş direktory hanym Ngozi Okonjo-Iweala bilen duşuşdy diýip, TDH habar berýär.
Türkmenistanyň we Koreýa Respublikasynyň Prezidentleri Nýu-Ýorkda döwletara gatnaşyklarynyň meselelerini maslahatlaşdylar
Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji mejlisine gatnaşmak maksady bilen, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda iş sapary bilen bolýan Prezident Serdar Berdimuhamedow Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Ýun Sok Ýol bilen duşuşdy diýip, TDH habar berýär.
Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Baş sekretary bilen hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny maslahatlaşdy
Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji mejlisine gatnaşmak maksady bilen, Nýu-Ýorkda iş sapary bilen bolýan Prezident Serdar Berdimuhamedow BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterriş bilen duşuşdy.
«Türkmengaz» DK-da öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmak we döwrebaplaşdyrmak boýunça işler geçirilýär
Şenbe güni Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň durmuşyna degişli käbir meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.