Kuala-Lumpurda Türkmenistanyň ykdysadyýetine daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara forum öz işine başlaýar
07:38 23.04.2025 2254
Şu gün Malaýziýanyň paýtagty Kuala-Lumpurda Türkmenistanyň ykdysadyýetine daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara forum başlaýar. Forumyň guramaçylary bolup, “Türkmengaz”, “Türkmennebit” döwlet konsernleri we Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy “Türkmen energiýa forum” HJ bilen hyzmatdaşlykda çykyş edýär.
Forumyň esasy maksady ýurdumyzyň häzirki döwürdäki maýa goýum mümkinçilikleri barada düşünjeleri giňeltmekden, okgunly ösýän milli ykdysadyýetimiziň ileri tutulýan ugurlaryny hasaba almak bilen, bu ugurda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegini ara alyp maslahatlaşmakdan, kärhanalaryň, guramalaryň, kompaniýalaryň hem-de maliýe düzümleriniň arasynda işewürlik gatnaşyklaryny we göni hyzmatdaşlygy ýola goýmak üçin geljekki maýadarlary, gyzyklanma bildirýän taraplary bu işe çekmekden, döwletimiziň işewürlik abraýyny pugtalandyrmakdan ybaratdyr.
Forumyň maksatnamasynyň çäklerinde iki günüň dowamynda “Türkmenistanyň energetika pudagyndaky täze maýa goýum mümkinçilikleri: tebigy gaz we monetizasiýa”, “Gurluşyk, ulag, maglumat tehnologiýalary we aragatnaşyk ulgamlaryna aýratyn üns berip, Türkmenistanda infrastruktura taslamalaryna maýa goýumlary çekmek işini çaltlandyrmak”, “Türkmenistanyň energetika pudagyna maýa goýum mümkinçilikleri: nebit we nebithimiýa”, “Önümçiligi ösdürmek hem-de senagat, oba hojalyk, dokma we azyk önümleriniň eksport möçberlerini artdyrmak” ýaly ugurlar boýunça pikir alyşmalar geçiriler.
Günüň birinji ýarymynda TEIF 2025 halkara maýa goýum forumynyň öň ýanyndaky iki mejlis geçirildi. Birinji sessiýa «Uglewodorodlary çykarmagyň geljegi: emeli aňyň mümkinçilikleri bilen nebitgaz ýataklaryny doly açmak» diýen tema bilen baglanyşykly boldy. Ol sessiýa nebitgaz pudagynda emeli aň (EA) tehnologiýalarynyň orny we geljegi baradaky pikir alyşmalara bagyşlandy.
Gatnaşyjylar häzirki zaman tehnologiýalarynyň ýurduň baý uglewodorod serişdelerini has netijeli özleşdirmäge nähili ýardam edip biljekdigi baradaky garaýyşlaryny paýlaşdylar. Soňky ýyllarda emeli aň saglygy goraýyşdan, maliýe, programma üpjünçiligi işläp taýýarlamaga çenli ähli ugurlarda özgertmeler döredýär. Nebitgaz pudagy hem tehnologiýalaryň täze döwrüne gadam basýar.
Sesssiýanyň dowamynda PETRONAS Upstream kompaniýasynyň çykaryş tehnologiýalary, sanly çözgütler we innowasiýalar boýunça uly menejeri Wan Zul-atfi Mat Nawi, Ad Terra Asia-nyň dolandyryjy direktory Ikram Rahim, «Türkmengaz» DK-nyň tebigy gaz boýunça ylmy-barlag institutynyň direktory Baýrammyrat Pirniýazow, «Türkmengeologiýa» DK-nyň baş geofizigi Serdar Nurýagdyýew we beýleki hünärmenler çykyş etdiler.
Kuala-Lumpurda ýerleşýän SPE bölümi bilen hyzmatdaşlykda guralan bu tegelek stol, awtomatlaşdyrma we çaklama analitikasy arkaly emeli aňyň energetika pudagynda nähili öwrülişik döredýändigine ünsi çekdi. Geljekde bu tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy netijeliligi ýokarlandyrmaga, çykdajylary azaltmaga we adaty bolmadyk ýataklaryň ägirt uly mümkinçiliklerini açmaga mümkinçilik berer diýlip garaşylýar.
Şol bir wagtyň özünde, ikinji sessiýa «Türkmenistan bilen Malaýziýanyň ykdysady we maýa goýum mümkinçilikleriniň ösüşi: bilim, syýahatçylyk we telekeçilik ugurlary» temasy bilen geçirildi. Bu sessiýada iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň täze ugurlary, şol sanda energetika bilen çäklenmeýän ykdysadyýetde we maýa goýum ulgamynda mümkinçilikler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Forumyň resmi açylyş dabarasy we plenar sessiýa güniň ikinji ýarymynda meýilleşdirilýär. Oňa Türkmenistanyň we Malaýziýanyň hökümet ýolbaşçylary, iri halkara kompaniýalaryň we maliýe guramalarynyň wekilleri gatnaşar diýlip garaşylýar.
Umuman, Türkmenistan halkara maýa goýum forumyna – TEIF 2025 – dünýäniň 42 ýurdundan 470 wekil gatnaşar.
Serdar Berdimuhamedow TEIF 2025 halkara forumyna gatnaşyjylara gutlag iberdi
Prezident Serdar Berdimuhamedow 23-nji aprelde Kuala-Lumpur şäherinde öz işine başlan Türkmenistanyň ykdysadyýetine daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara foruma gatnaşyjylara gutlag iberdi.
TEIF 2025 halkara forumyna 42 döwletden 470 wekil gatnaşar
Çarşenbe güni, 23-nji aprelde Malaýziýanyň paýtagty Kuala-Lumpur şäherinde Türkmenistanyň halkara maýa goýum forumy – TEIF 2025 öz işine başlaýar. Bu iri möçberli çäräniň guramaçylary hökmünde «Türkmengaz» we «Türkmennebit» döwlet konsernleri, şeýle-de Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy çykyş edýär. Forum «Turkmen Energy Forum» HJ-niň goldawynda geçirilýär.
Nebitgaz senagatyny ösdürmegiň täze tapgyry badalga alýar
8-nji fewralda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda geçiren iş maslahatynyň dowamynda Garaşsyz döwletimizi ykdysady taýdan mundan beýläk-de ösdürmek we ilatyň durmuş hal-ýagdaýyny has-da ýokarlandyrmak babatda öňde durýan wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy.
«Türkmennebit» DK nebit önümçiligini artdyrmak üçin 250 mln manatdan gowrak karz serişdelerini alar
«Türkmennebit» döwlet konsernine nebitgaz ýataklaryny gözlemegiň we özleşdirmegiň hasabyna nebitiň çykarylýan möçberini artdyrmak boýunça göz öňünde tutulan işleri maliýeleşdirmek üçin 250 million manatdan gowrak möçberde maýa goýum serişdeleri bölünip berler. Degişli karara Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow sişenbe güni geçirilen iş maslahatynda gol çekdi. Iş maslahatyna Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ýangyç-energetika toplumyna gözegçilik edýän orunbasary Ş.Abdrahmanow gatnaşdy.
150 million kub metrden gowrak mawy ýangyç çykaryldy
2024-nji ýylyň bäş aýynda «Türkmennebit» döwlet konserniniň ýurduň günbatar sebitinde iş alyp barýan «Galkynyşnebit» nebitgaz çykaryş müdirliginde hereket edýän guýulardan çykarylan «gara altynyň» möçberi 24,9 müň tonna golaýlady.