Kuala-Lumpurda TEIF 2025 forumy Türkmenistana bolan gyzyklanmanyň artýandygyny görkezdi
09:36 25.04.2025 6682
2025-nji ýylyň 23-24-nji aprelinde Malaýziýanyň paýtagty Kuala-Lumpurda geçirilen Türkmenistanyň ykdysadyýetine daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara forumy TEIF 2025 öz işini tamamlady.
Forumyň soňky gününde geçirilen jemleýji panel sessiýasynda wekiller arassa energiýanyň durnukly geljegi gurmadaky orny, metan we CO₂ zyňyndylarynyň azaldylmagy, şeýle hem bu ulgamda monetizasiýa mümkinçilikleri barada pikir alyşdylar. Bu sessiýa Türkmenistanyň klimat boýunça alyp barýan syýasatyna bagyşlanyp, ýurduň Global Metan Ylalaşygyna (Global Methane Pledge) goşulmagy we Halkara Metan Zyňyndylary Obserwatoriýasy (IMEO) bilen bilelikdäki taslamasy arkaly MARS ulgamy arkaly maglumat alyşmalary ösdürmek baradaky tagallalary nygtaldy.
Şeýle hem Aral we Hazar deňizleri bilen baglanyşykly başlangyçlar, sebitiň howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak boýunça Türkmenistanyň BMG-niň Daşky gurşaw boýunça maksatnamasy (UNEP) bilen hyzmatdaşlygy bilen tanyşdyryldy.
Mejlisde çykyş edenleriň hatarynda “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygynyň orunbasary Myrat Arçaýew, Energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleri boýunça halkara agentliginiň (IRENA) baş direktory Françesko La Kamera (wideoýüzlenme arkaly), Hazar deňzi institutynyň direktory Myrat Atajanow, “Kayrros” kompaniýasynyň esaslandyryjysy we baş analitigi Antuan Halff, Global gaz merkeziniň ýerine ýetiriji direktory Waleri Dýukro, “Petronas” kompaniýasynyň kömürturşy gazlarynyň dolandyrylyşy bölüminiň ýokary derejeli menejeri Emri Hişam B. Ýusof, “GHGSat Inc.” kompaniýasynyň strategiýa boýunça wise-prezidenti Žan-Fransua Gote, “Capterio” kompaniýasynyň baş direktory Mark Deýwis (onlaýn) we “Tegre” korporasiýasynyň strategiki ösüş boýunça direktory Kleýton Neş dagy çykyş etdiler.
Çykyşlarda nebitgaz pudagynda metan we CO₂ zyňyndylaryny azaltmak strategiýalary, Türkmenistanyň Global Metan borçnamalaryna ygrarlylygy we UNEP hem-de IMEO bilen hyzmatdaşlygy aýratyn bellenildi. Şol sanda kömürturşy gazlaryny tutmak, ulanmak we saklamak babatynda innowasion çözgütler, şeýle hem bu ugurda maýa goýumlaryny çekmek üçin syýasatlar we höweslendiriji çäreler ara alnyp maslahatlaşyldy. Türkmenistanyň durnukly ösüş uguryndaky tagallalary — döwrebap tehnologiýalaryň, gaýtadan dikeldilýän energiýanyň we kadalaşdyryjy hukuk binýadynyň ulanylmagy bilen baglanyşykly öňegidişlikler, şeýle hem Derweze kraterinde gaz zyňyndylarynyň dolandyrylyşy boýunça gazanylan üstünlikler görkezildi.
Sesssiýanyň soňunda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa gatnaşyjylar tarapyndan Ýüzlenme kabul edildi.
Şol gün daşary ýurt kompaniýalarynyň ýolbaşçylarynyň Türkmenistanyň nebitgaz, maliýe, himiýa, gurluşyk we energetika ulgamlarynyň ýolbaşçylary bilen ozal ylalaşylan duşuşyklary geçirildi. Bu duşuşyklaryň netijesinde hyzmatdaşlyk boýunça birnäçe resminamalara gol çekildi.
“Türkmengaz”, “Türkmennebit” döwlet konsernleriniň we Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň “Türkmen Energiýa Forumy” hojalyk jemgyýeti bilen hyzmatdaşlykda guran TEIF 2025 forumy dünýäniň dürli künjeklerinden 42 ýurtdan 470 wekili bir ýere jemläp, ykdysady hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny öwrenmek üçin giň mümkinçilik döretdi. Bu forum Türkmenistanyň Ýewraziýa giňişligindäki esasy maýa goýum ugurlarynyň birine öwrülýändigini nobatdaky gezek görkezdi.
Türkmenistanyň Prezidenti we ÝB-niň Başlygy ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy berkitmegiň meselelerini maslahatlaşdylar
Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji mejlisine gatnaşmak maksady bilen, Nýu-Ýorkda iş sapary bilen bolýan Prezident Serdar Berdimuhamedow Ýewropa Bileleşiginiň Başlygy Şarl Mişel bilen duşuşdy diýip, TDH habar berýär.
Serdar Berdimuhamedow BSG-niň Baş direktory bilen Türkmenistanyň gurama girmeginiň geljegini maslahatlaşdy
Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Nýu-Ýorkda geçirilýän 78-nji mejlisine gatnaşýan Prezident Serdar Berdimuhamedow Bütindünýä söwda guramasynyň (BSG) Baş direktory hanym Ngozi Okonjo-Iweala bilen duşuşdy diýip, TDH habar berýär.
Türkmenistanyň we Koreýa Respublikasynyň Prezidentleri Nýu-Ýorkda döwletara gatnaşyklarynyň meselelerini maslahatlaşdylar
Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji mejlisine gatnaşmak maksady bilen, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda iş sapary bilen bolýan Prezident Serdar Berdimuhamedow Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Ýun Sok Ýol bilen duşuşdy diýip, TDH habar berýär.
Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Baş sekretary bilen hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny maslahatlaşdy
Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji mejlisine gatnaşmak maksady bilen, Nýu-Ýorkda iş sapary bilen bolýan Prezident Serdar Berdimuhamedow BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterriş bilen duşuşdy.
«Türkmengaz» DK-da öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmak we döwrebaplaşdyrmak boýunça işler geçirilýär
Şenbe güni Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň durmuşyna degişli käbir meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.