TDHÇMB-niň söwdalarynda daşarky we içerki bazara ýangyç-energetika toplumynyň önümleri ýerlenildi
15:41 28.04.2025 3616
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 14-si hasaba alyndy.
Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň, Owganystanyň, Özbegistanyň işewür toparlarynyň wekilleri “Türkmennebit” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen taplanan nebit koksuny, nebit ýol bitumyny, binýatlyk ýagy, “Türkmenhimiýa” we “Türkmengaz” döwlet konsernleriniň kärhanalarynda öndürilen suwuklandyrylan gazy satyn aldylar. Mundan başga-da, daşary ýurt puluna Türkiýäniň, Gyrgyzystanyň telekeçilerine nah ýüplük ýerlenildi. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 5 million 710 müň dollaryndan gowrak boldy.
Ýurdumyzyň işewürleri içerki bazar üçin jemi bahasy 6 million 362 müň manatdan gowrak bolan binýatlyk ýagy, nebit ýol bitumyny (“Türkmennebit” döwlet konserni), gabardin matasyny satyn aldylar.
Brent nebitiniň bahasy ýene-de 100 dollardan geçdi
Deslapky gün aşaklamadan soň, anna güni irden nebitiň bahalary ýene-de ýokarlanýar diýip, daşary ýurt habar beriş serişdeleri ýazýar.
Türkmenistanyň Prezidenti «Türkmennebit» DK-nyň başlygynyň orunbasaryny wezipesinden boşatdy
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Mämmedow Toýgeldi Baýrammyradowiç, özüne ynanylan wezipäni oňarmandygy üçin, “Türkmennebit” döwlet konserniniň başlygynyň orunbasary wezipesinden boşadyldy.
Ýewropada gazyň bahasy 1 müň kub metrine 3300 dollardan geçdi
Ýewropada gazyň spotlaýyn bahasy penşenbe güni agşam işjeň ösüşini dowam etdi. Ýewropa söwda sessiýasynyň ahyrynda bahalaryň ýokary göterilmegi aziýa bazarynda kotirowkalaryň ýokarlanmagynyň täsiriniň netijesi bolup durýar diýip, Interfaks habar berýär.
«Türkmengeologiýa» DK 3D modelirleme üçin enjamlary satyn almagy meýilleşdirýär
«Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasy seýsmiki barlaglaryň netijeliligini ýokarlandyrmak maksady bilen, 3D ölçegli geofiziki enjamlar toplumyny satyn almagy meýilleşdirýär.
Türkmenistanyň DIM-i Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly we Bitaraplygyň 30 ýyllygyna bagyşlanan saýty işe girizdi
2025-nji ýylyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly diýip yglan edilmegi we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli ýurduň Daşary işler ministrligi ýörite web sahypasyny işe girizdi.