Gurbanguly Berdimuhamedow GFR-iň Federal Prezidenti bilen hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny maslahatlaşdy
15:00 01.05.2025 3314
30-njy aprelde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Federal Prezidenti Frank-Walter Ştaýnmaýer bilen telefon arkaly söhbetdeşligi boldy diýip, TDH habar berýär.
Söhbetdeşler Türkmenistan bilen Germaniýanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ýokary derejesine kanagatlanma bildirdiler.
Türkmenistan Germaniýa bilen hyzmatdaşlygy ösdürmäge möhüm ähmiýet berýär. Gatnaşyklaryň hukuk binýady ikitaraplaýyn resminamalaryň 100-e golaýy bilen berkidildi diýip, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy belledi.
Söwda-ykdysady ulgamda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy hem-de ony ösdürmegiň geljekki mümkinçilikleri barada pikir alyşmalaryň dowamynda söhbetdeşler özara söwda dolanyşygynyň ýylsaýyn artýandygyny nygtadylar. Şunuň bilen baglylykda, bilelikdäki türkmen-german iş toparynyň, German ykdysadyýetiniň gündogar komitetiniň işiniň we German-türkmen forumynyň ornuna aýratyn üns çekildi.
Gahryman Arkadagymyz himiýa senagatyny, oba hojalygyny, saglygy goraýşy, ulag, dokma pudaklaryny ikitaraplaýyn ykdysady hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlarynyň hatarynda görkezdi hem-de bu ugurlarda iş alyp barýan “BASF”, “MAN”, “Deutsche Bahn”, “ThyssenKrupp” ýaly kompaniýalar bilen hyzmatdaşlygy yzygiderli esasda ýola goýmagy teklip etdi. Şeýle-de “Siemens”, “Knauf” kompaniýalary bilen netijeli hyzmatdaşlygy dowam etdirmegiň möhüm hasaplanýandygy aýdyldy.
Şunuň bilen birlikde, “ýaşyl” ykdysadyýet, energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleri, suw serişdelerini dolandyrmak we innowasion tehnologiýalar hyzmatdaşlygyň täze ugurlary hökmünde görkezildi.
Türkmenistan maliýe ulgamynda “Deutsche Bank”, “Commerzbank” we “Deutsche Bundesbank” ýaly german banklary bilen hyzmatdaşlyk edýär.
Türkmen halkynyň Milli Lideri ýurdumyzda senagatlaşdyrmagyň güýçli depginde alnyp barylýandygyny aýtdy hem-de gaz pudagynda hökmany ýagdaýda “Siemensiň” turbinalarynyň ulanylýandygyny aýratyn belledi.
Halk Maslahatynyň Başlygy Türkmenistanyň Merkezi Aziýa sebitinde kaliý mineral dökünini öndürýän ýeke-täk Garlyk kaliý dag-magdan toplumynyň işini özleşdirmekde “Thyssen Schachtbau GmbH”, “Schachtbau Nordhausen GmbH” ýaly belli german kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyga, himiýa senagatynda bolsa “BASF” kompaniýasynyň tejribesini peýdalanmaga gyzyklanma bildirýändigini tassyklady.
Türkmen halkynyň Milli Lideri şu ýylyň 12-nji dekabrynda Aşgabatda geçirilmegi meýilleşdirilýän halkara maslahata Prezident Frank-Walter Ştaýnmaýeriň gatnaşmagyna ynam bildirdi.
Söhbetdeşligiň dowamynda Gurbanguly Berdimuhamedow GFR-iň Federal Prezidenti Frank-Walter Ştaýnmaýeri özi üçin islendik amatly wagtda Türkmenistana resmi sapar bilen gelmäge çagyrdy.
Türkmenistanyň Prezidenti we ÝB-niň Başlygy ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy berkitmegiň meselelerini maslahatlaşdylar
Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji mejlisine gatnaşmak maksady bilen, Nýu-Ýorkda iş sapary bilen bolýan Prezident Serdar Berdimuhamedow Ýewropa Bileleşiginiň Başlygy Şarl Mişel bilen duşuşdy diýip, TDH habar berýär.
Serdar Berdimuhamedow BSG-niň Baş direktory bilen Türkmenistanyň gurama girmeginiň geljegini maslahatlaşdy
Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Nýu-Ýorkda geçirilýän 78-nji mejlisine gatnaşýan Prezident Serdar Berdimuhamedow Bütindünýä söwda guramasynyň (BSG) Baş direktory hanym Ngozi Okonjo-Iweala bilen duşuşdy diýip, TDH habar berýär.
Türkmenistanyň we Koreýa Respublikasynyň Prezidentleri Nýu-Ýorkda döwletara gatnaşyklarynyň meselelerini maslahatlaşdylar
Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji mejlisine gatnaşmak maksady bilen, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda iş sapary bilen bolýan Prezident Serdar Berdimuhamedow Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Ýun Sok Ýol bilen duşuşdy diýip, TDH habar berýär.
Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Baş sekretary bilen hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny maslahatlaşdy
Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji mejlisine gatnaşmak maksady bilen, Nýu-Ýorkda iş sapary bilen bolýan Prezident Serdar Berdimuhamedow BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterriş bilen duşuşdy.
«Türkmengaz» DK-da öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmak we döwrebaplaşdyrmak boýunça işler geçirilýär
Şenbe güni Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň durmuşyna degişli käbir meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.