Türkmenistanyň Prezidenti watandaşlaryny Ýeňiş güni bilen gutlady
06:58 09.05.2025 2627
Prezident Serdar Berdimuhamedow türkmen halkyny, uruş weteranlaryny 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň şanly 80 ýyllygy mynasybetli gutlady.
"Bu gün hatyra dessurlarymyza eýerip, dünýäde parahatçylygyň we abadançylygyň berkarar bolmagy ugrunda gurban bolan merdana esgerlerimiziň hormatyna bina edilen ýadygärliklerimize ter gül desselerini goýýarys. Ýalynly uruş ýyllarynda mertligiň, gaýduwsyzlygyň belent nusgasyny görkezen gahrymanlarymyzy, arzyly Ýeňşi gazanmaga ägirt uly goşant goşan zähmetkeş watandaşlarymyzy uly hormat bilen ýatlaýarys" diýip, döwlet Baştutany gutlagynda belleýär.
Türkmenistanyň Prezidenti 1941 — 1945-nji ýyllaryň urşunda gazanylan Ýeňşiň şanly 80 ýyllygy mynasybetli uruş weteranlarymyza baýramçylyk sowgatlarynyň gowşurylýandygyny belledi.
"1941 — 1945-nji ýyllar adamzat taryhyna iň gazaply döwür bolup girdi. 1418 güne çeken bu uruş öwezini dolup bolmajak ýitgilere getirdi, ýüreklere öçmejek ýaralary saldy, halklaryň parahatçylygyny we dostlugyny, unudylmajak gahrymançylygyny, gaýduwsyzlygyny dabaralandyrdy. Urşuň ilkinji günlerinde türkmenistanly ýigitleriň müňlerçesi meýletinlik bilen fronta gidip, aldym-berdimli söweşlerde watansöýüjiligiň we edermenligiň belent nusgasyny görkezdi. Ýanbermez edermenligi hem-de gaýduwsyzlygy üçin watandaşlarymyzyň ýüzlerçesi «Gahryman» diýen belent ada mynasyp boldy, müňlerçe esgerlerimiz orden-medallar bilen sylaglandy. Bu ýowuz döwürde Türkmenistanyň ähli ilaty — zenanlar, gojalar we çagalar «Ähli zat front üçin, ähli zat Ýeňiş üçin!» diýen ählihalk şygaryna eýerip, ýagty geljege, parahatçylyga we ynsanperwerlige synmaz umyt bilen, gijesini gündiz edip yhlasly zähmet çekdiler. Bol bugdaý hem-de pagta ýygnalyp, Beýik Ýeňşiň gazanylmagyna uly goşant goşuldy. Bütin durky bilen adamzat mukaddesliklerine ygrarly türkmen zenanlary Goranmak gaznasyna gymmatly şaý-seplerini, ýyly egin-eşikleri tabşyryp, şeýle hem «Türkmeniň kalby» atly ägirt uly halyny dokap, watançylygyň, ynsanperwerligiň belent nusgasyny görkezdiler" diýip, Serdar Berdimuhamedow belleýär.
"Parahat durmuş ugrunda görkezilen gahrymançylyklar, gazaply uruş ýyllarynyň güzaplary, jebir-jepalary, adamzada ýetiren zyýany, şöhratly taryhymyza altyn harplar bilen ýazylan wakalar hiç haçan unudylmaz! Gahrymanlarymyzyň ýagty ýadygärliginiň ebedileşdirilmegi, olaryň gaýduwsyzlygynyň kino we sahna sungatynda janlandyrylmagy, edebi eserleriň, aýdym-sazlaryň döredilmegi, «Hatyra» we «Şöhrat» kitaplarynyň neşir edilmegi munuň aýdyň güwäsidir. Gaýduwsyzlygyň, edermenligiň belent nusgasyny görkezen gahrymanlarymyzyň hatyrasy hemişe belentdir. Merdana pederlerimiziň gahrymançylyga beslenen durmuş ýollary watansöýüjiligiň beýik nusgalyk mekdebidir" diýip, gutlagda aýdylýar.
Döwlet Baştutany Türkmenistanyň dünýäde dostlukly gatnaşyklary ösdürmek ugrunda çykyş edip, döwrüň möhüm meseleleriniň göwnejaý çözgütlerini işläp taýýarlamaga işjeň gatnaşmagynyň has-da buýsandyrýandygyny nygtaýar. Garaşsyz Watanymyzyň Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna, parahat durmuşa, dostluga we hoşniýetlilige bolan buýsanjymyzyň nyşany hökmünde 2025-nji ýyl dünýä bileleşigi tarapyndan «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edildi.
Türkmenistan BAE-niň maýa goýumlary boýunça Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda öňdeligi eýeleýär
Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda Türkmenistan Birleşen Arap Emirliklerinden göni daşary ýurt maýa goýumlaryny iň köp özüne çekýän ýurtdur. BAE-niň bu sebite umumy maýa goýumlarynyň 65,4%-i Türkmenistana degişli bolup durýar, bu bolsa ABŞ-nyň 8 milliard dollaryna deňdir. Bu barada Ýewraziýa ösüş banky (ÝÖB) habar berýär.
«Lebapgazçykaryş» müdirliginiň gazçylary zähmet borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirýärler
«Türkmengaz» döwlet konserniniň «Lebapgazçykaryş» müdirliginiň gazçylary şu ýylyň ýedi aýy boýunça ýokary zähmet üstünliklerini gazandylar. Hasabat döwründe müdirlik boýunça tebigy gazyň önümçiligi 7 mlrd 214,6 mln kub metre barabar boldy, meýilnama 127% ýerine ýetirildi.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Kataryň Emiri bilen döwletara hyzmatdaşlygynyň geljegini maslahatlaşdy
3-nji martda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Katar Döwletiniň Emiri Şeýh Tamim bin Hamad Al Taniniň arasynda geçirilen telefon arkaly söhbetdeşliginde türkmen-katar söwda-ykdysady gatnaşyklarynyň geljegi maslahatlaşyldy diýip, TDH habar berýär.
Bilermen: Ýewropanyň senagaty gazyň şuwagtky bahalaryna eýgermez
«Gazpromda» hasaplamaklaryna görä, geljek gyşda gazyň bahalary Ýewropada müň kub metri üçin dört müň dollara ýetip biler. Kompaniýanyň telegram-kanalynda ýerleşdirilen çaklamada bellenilişi ýaly, «Ýewropanyň sport biržalarynda gazyň bahalary 2 müň 500 dollardan geçdi. Konserwatiw bahalandyrmalara görä, eger-de tendensiýa saklanda gyşda bahalar müň kub metrine 4 müň dollardan geçer».
Türkmenistan birinji ýarym ýyllykda Azerbaýjana benzin ibermekde ikinji orny eýeledi
Azerbaýjan 2022-nji ýylyň birinji ýarymynda Türkmenistandan 36 müň 571 tonna AI-92 belgili awtomobil benzinini import etdi diýip, angy.ru nebitgaz habarlar agentligi habar berýär.