Gurbanguly Berdimuhamedow yslam döwletlerini Ýewraziýa yklymyny baglanyşdyrýan bitewi energetika, ulag we tehnologik guşagyny döretmäge çagyrdy
15:58 17.05.2025 2149
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow “Russiýa — Yslam dünýäsi: KazanForum 2025” XVI halkara ykdysady forumynda eden çykyşynda Ýewraziýa yklymyny baglanyşdyrýan bitewi energetika, ulag we tehnologik guşagyny döretmäge çagyrdy. Gahryman Arkadagymyzyň çykyşy merkezi neşirlerde çap edildi.
Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, häzirki dünýä ösüşiniň esasy meýilleri, täze geoykdysady hakykatyň, ugurlaryň we görnüşleriň döredilmegi yslam dünýäsiniň öňünde birnäçe uly wezipeleri goýýar. Olary çözmek üçin düýpli oýlanmak zerurdyr. Gahryman Arkadagymyz şular barada aýtmak bilen, häzirki wagtda yslam dünýäsiniň ählumumy ykdysady ösüşde öňdebaryjylaryň biri hökmünde çykyş etmegi üçin ähli mümkinçilikleriň bardygyna ynam bildirdi.
Gahryman Arkadagymyz yslam döwletleriniň Ýewraziýanyň Aziýa — Ýuwaş umman sebitinden Ýakyn Gündogar we Ýewropa ýurtlaryna çenli yklymy baglanyşdyrýan bitewi energetika, ulag we tehnologik guşagyny döredip biljekdiklerini belledi.
Hyzmatdaşlygyň şeýle görnüşi amala aşyrylan ýagdaýynda, energiýa serişdeleriniň, harytlaryň, hyzmatlaryň gysga ýol arkaly eltilmegi üpjün ediler. Şonuň netijesinde, uly giňişlikler, kuwwatly senagat we çig mal merkezleri birleşdiriler. Strategik babatda şeýle guşak ählumumy özara gatnaşyklaryň köprüsi bolup biler. Munuň bolsa haryt-nyrh syýasatyna, umuman, dünýä ykdysadyýetiniň ähli ýagdaýyna oňyn täsir edip biljekdigi gürrüňsizdir.
Türkmenistanyň halkara ykdysady hyzmatdaşlyga garaýşy energetika, ulag-logistika we tehnologik ugurlary ileri tutmaga esaslanýar.
Türkmenistan yslam ýurtlarynyň bähbitleriniň utgaşykly bolmagyny, olaryň özara düşünişmegini gazanmak, ykdysady hyzmatdaşlygyň bähbitlidigine we geljeginiň uludygyna düşünmek üçin diplomatiýany gural hökmünde netijeli ulanmagyň mümkinçiliklerinden ugur alýar diýip, hormatly Arkadagymyz sözüni dowam etdi. Türkmenistan bu kadalary iş ýüzünde durmuşa geçirýär, ilkinji nobatda, olary Aziýada giň möçberli we uzak möhletleýin energetika, ulag hem-de üpjünçilik ulgamlaryna degişli taslamalary amala aşyranda ulanýar. Bu ýerde gürrüň Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisi, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan ugry boýunça elektrik geçiriji we optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamlary, Merkezi we Günorta Aziýany Ýakyn hem-de Uzak Gündogar bilen baglanyşdyrýan demir ýollar ýaly halkara ähmiýetli desgalaryň gurluşygy barada barýar.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy bu agzalan taslamalaryň durmuşa geçirilmeginiň energetika howpsuzlygynyň derejesini düýpli ýokarlandyrmaga mümkinçilik berjekdigine, energiýa çig malynyň çeşmeleriniň köp ýurtlara elýeterli bolmagyny üpjün etjekdigine, şeýle hem esasy ulag ýollaryna çykmaga, dürli söwda we täjirçilik gatnaşyklaryny ösdürmäge, täze iş orunlaryny döretmäge, köp durmuş soraglaryny çözmäge şert döretjekdigine ynam bildirdi.
Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda Türkmenistan hem ylalaşylan kadalarda we ölçeglerde işleýän, Ýewropa we Aziýa — Ýuwaş umman sebitlerini birleşdirýän, Hazar we Gara deňizleriniň sebitleriniň çäklerinden geçýän Ýewraziýa multimodal ulag ugurlaryny durmuşa geçirmegiň üstünde netijeli iş alyp barýar.
Türkmen halkynyň Milli Lideri bu babatda yslam ýurtlarynyň raýdaşlyk ornunyň möhüm ähmiýete eýe boljakdygyna ynam bildirdi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Arkadagymyz yslam maliýe we ykdysady institutlaryna, maýa goýum gaznalaryna ýurtlarymyzyň gatnaşýan halkara ykdysady taslamalaryna iş ýüzünde giňden ýardam bermegi, şeýle hem BMG-niň we beýleki abraýly halkara düzümleriň derejesinde kabul edilýän strategik çözgütleri amala aşyrmaga gatnaşmagy teklip etdi.
Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, tehnologiýalar hyzmatdaşlygyň ýene-de bir möhüm ugry bolup durýar. Biziň ýurtlarymyz, aýratyn-da, soňky ýyllarda ýokary tehnologiýalar, innowasion işläp taýýarlamalar, emeli aň ulgamynda uly tejribe topladylar. Bu mümkinçilikler dünýä hojalyk gatnaşyklaryna doly deňhukukly goşulmak üçin ösüşiň öňdebaryjy orunlaryna çykmakda yslam dünýäsiniň döwletleriniň umumy tagallalarynda ulanylyp bilner we ulanylar.
Şunuň bilen baglylykda, Gahryman Arkadagymyz döwletlerimiziň tehnologik kooperasiýalarynyň ugurlaryny, tejribe alyşmagy, ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamagy, bilelikdäki köpugurly innowasion maksatnamalary we tejribe ähmiýetli düýpli barlaglaryň taslamalaryny işe girizmegi ulgamlaýyn, yzygiderli esasda ýola goýmagynyň maksadalaýyk hasaplanýandygyna ünsi çekdi.
Owganystan türkmen suwuklandyrylan gazynyň importyny artdyrýar
Duşenbe güni owgan habar beriş serişdeleri Türkmenistandan Owganystana suwuklandyrylan gazyň importynyň artandygyny habar berdiler. Neşirlerde bellenilmegine görä, bu barada beýannamany ykdysady toplumyň mejlisinden soň, talibanlaryň wagtlaýyn hökümeti neşir etdi.
API-niň ABŞ-da ätiýaçlyklaryň pese düşýändigi baradaky maglumatlarynyň esasynda nebitiň bahalary ýokarlanýar, Brent — 104,58 dollar
Amerikanyň nebit institutynyň (API) ABŞ-da ätiýaçlyklaryň birden peselmegini görkezýän maglumatlarynyň esasynda nebitiň bahalary çarşenbe güni az-kem ýokarlanýar diýip, Interfaks habar berýär.
Ýewropada gazyň bahasy 1 müň kub metri üçin 2200 dollardan gymmatlady
«Demirgazyk akymynda» gaz geçiriji enjamlaryň ýene biriniň hatardan çykmagyna garaşylýan mahalynda, Ýewropada gazyň spot bahasy sişenbe güni agşama çenli, müň kub metrine 2200 dollardan geçdi diýip, Interfaks habar berýär.
Türkmenistan Owganystanyň dikeldilmegine gyzyklanma bildirýär - DIM
Türkmenistan Owganystanyň täzeden dikeldilmegine, dünýä ykdysady gatnaşyklaryna goşulmagyna we infrastrukturasynyň ösüşine gyzyklanma bildirýär. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýew Daşkentde “Owganystan: howpsuzlyk we ykdysady ösüş” atly halkara maslahatda eden çykyşynda belledi diýip, türkmen daşary syýasat edarasynyň saýty habar berýär.
Ýylyň şygaryna bagyşlandy
Türkmenistanyň Nebitgaz senagaty toplumynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşi tarapyndan «Türkmengaz» döwlet konserniniň Medeni-işewürlik merkezinde «Parahatlyk nury örtüp Zemini, geldi Pyragynyň diýen zamany» atly dabaraly maslahat geçirildi. Oňa toplumyň edara-kärhanalarynyň işgärleri gatnaşdylar.