Innowasiýa arkaly durnukly geljege barýan ýol
04:15 27.05.2025 1825
«Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri» ylmy-önümçilik merkezinde «Gün, ýel gorlarynyň potensialyny kesgitlemek boýunça bitewi maglumatlar» merkezi döredilip, onuň esasynda «Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň internet portaly» işlenip taýýarlanyldy we häzirki wagtda onuň maglumatlar gory baýlaşdyrylýar. «Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň internet portaly» ýurdumyzyň sebitleri boýunça Gün we ýel energiýasynyň potensialyny sanly ulgamyň kömegi bilen kesgitlemegiň kämilleşdirilen usullaryny özünde jemleýär.
Dürli kuwwatlykdaky fotoelektrik Gün we ýel elektrik stansiýalarynyň taslamasynyň tehniki-ykdysady görkezijileriniň netijeli bolmagy üçin daşky gurşawyň aýratynlygyny hasaba almak bilen, sebitiň energiýa potensialynyň takyk kesgitlenilmeginiň wajyp mesele bolup durýandygyndan ugur alnyp, sebitde gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri baradaky maglumatlary ýokary takyklyk bilen işlemekde sanly ulgamdan peýdalanmagyň ähmiýetli çözgüdi teklip edilýär.
Taslama işleri ýerine ýetirilende uly möçberdäki maýa goýumlarynyň sarp edilýändiginden ugur alnyp, Gün we ýel energiýa çeşmelerini bahalandyrmakda sanly ulgamyň bitewi maglumatlar merkeziniň binýady döredildi. Merkeziň binýadynda ýurdumyzyň sebitleri boýunça fotoelektrik Gün we ýel elektrik stansiýalarynyň gurnaljak ýerini takyk kesgitlemäge, sebitdäki Gün we ýel energiýa gorlaryna baha bermekde sanly ulgamdan peýdalanylmagy bilen ulgamyň ygtybarlylygyny ýokarlandyrmagyň kämilleşdirilen usuly işlenip düzüldi. Işlenip düzülen bitewi maglumatlar merkeziniň işjeň peýdalanylmagy esasynda taslamanyň göz öňünde tutulýan nokadynda Gün we ýel energiýa çeşmeleriniň potensialyna baha berildi, fotoelektrik Gün we ýel elektrik stansiýalarynyň parametrleri we iş mümkinçilikleri kesgitlenildi, şeýle hem ýurdumyzyň islendik sebitiniň Gün we ýel energiýa mümkinçilikleri sanly ulgam arkaly bahalandyryldy. Geçirilen seljermeler boýunça çözgütler tiz wagtda ýokary takyklyk bilen alnyp, Gün we ýel energiýa gorlarynyň ykdysady netijeliligi kesgitlenildi.
Internet portalynyň binýadynda toplanan maglumatlaryň esasynda ilatly nokatlaryň elektrik üpjünçiligi üçin dürli kuwwatlykdaky Gün elektrik stansiýalarynyň hasaplamalary geçirildi. Ýurdumyzyň sebitleri boýunça ýel energetiki gurnawlary gurmak üçin ýel sütünlerini gurnamagyň amatly ýerleri sanly ulgamyň kömegi bilen kesgitlenilip, häzirki wagtda degişli giňişlikler boýunça ýel energiýa gorlaryna baha bermek işi ylmy esasda ýola goýuldy.
Häzirki wagtda ýurdumyzda gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerine esaslanýan iri desgalaryň gurluşyk işleri tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar. Muňa mysal edip, «Altyn asyr» Türkmen kölüniň sebitinde gurulýan täze, döwrebap obany elektrik energiýasy bilen üpjün etjek kuwwatlylygy 10 MWt bolan köpugurly Gün we ýel elektrik stansiýasynyň gurluşyk işleriniň alnyp barylýandygyny görkezmek bolar. Ýurdumyzda çet-gyrakda hem-de barmasy kyn ýerlerde ýerleşen serhet galalarynyň we ilatly nokatlaryň elektrik üpjünçiligi üçin dürli kuwwatlykdaky Gün elektrik stansiýalaryny gurmak üçin birinji tapgyryň tehniki ýumşunyň işlenip taýýarlanylandygyny bellemelidir. Tehniki ýumşa laýyklykda, Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň hem-de «Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri» ylmy-önümçilik merkeziň hünärmenleriniň bilelikde gatnaşmaklarynda ol ýerleriň şertleri öwrenilip, Gün energiýa gorlaryna baha bermekde ylmy derňewler, ölçegler geçirildi. Şeýle hem ýurdumyzyň birnäçe sebitlerinde ýel elektrik stansiýalaryny ornaşdyrmagyň mümkinçiliklerini öwrenmek maksady bilen, Balkan, Mary, Lebap welaýatlarynda ýel sütünleri oturdylyp, ölçeg işleri alnyp barylýar.
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygyň çäklerinde bilelikde birnäçe synag taslamalary hem alnyp barylýar. Şeýle synag taslamalaryň biri hem Türkmenistanyň Energetika ministrligi bilen Germaniýanyň Halkara hyzmatdaşlyk jemgyýetiniň (GIZ) arasynda baglaşylan Özara düşünişmek baradaky ähtnamanyň esasynda durmuşa geçirilýän «Türkmenistanyň ýaşyl ösüşi üçin Ýewropa Bileleşigi: 2024 — 2028-nji ýyllar üçin syýasy dialog we howanyň üýtgemegi boýunça hereketler» atly taslamanyň çäginde «Mikrosuwotular we Gün energiýasy bilen işleýän suw nasos ulgamyny ulanyp, zeýkeş suwlaryny arassalamak» synag taslamasy Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň «Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri» ylmy-önümçilik merkezinde alnyp barylýar.
Synag taslamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi zeýkeş we hapa suwlary arassalamakda ýurdumyzyň beýleki sebitlerinde şuňa meňzeş tehnologiýalaryň has giňden ornaşdyrylmagy üçin güýçli itergi bolup biler. Mundan başga-da, mikrosuwotulary we Gün energiýasyny ulanyp, suw arassalaýyş tehnologiýalarynyň ösdürilmegi Türkmenistan üçin täze eksport mümkinçiliklerini açyp, Merkezi Aziýa sebitinde we beýleki ýurtlarda öňdebaryjy tejribäniň, «ýaşyl» tehnologiýalaryň ýaýramagyna mümkinçilik berer.
Nurmuhammet ALLANAZAROW,
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň «Gaýtadan dikeldilýän
energiýa çeşmeleri» ylmy-önümçilik merkeziniň inženeri.
Nebitgaz toplumynyň önümleri birža söwdalarynda öňdeligi eýeledi
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 20-si hasaba alyndy.
«Türkmengeologiýa» DK nebitiň we gazyň çykarylyşyny artdyrmak maksady bilen işleri geçirýär
Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň käbir meselelerine hem-de resminamalaryň taslamalaryna garaldy.
GDA-nyň Synçylar wekilligi Türkmenistanda Prezident saýlawlaryna taýýarlyga syn etmek boýunça öz işine başlady
Türkmenistanda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Synçylar wekilligi öz işine başlady. Onuň agzalary Türkmenistanyň Prezidentiniň 12-nji martda geçiriljek saýlawlary bilen baglylykda, türkmen tarapynyň çagyrmagy boýunça paýtagtymyza geldi diýip, Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berýär.
Türkmenistanyň Hazar deňziniň meseleleri boýunça pudagara toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi
Şenbe güni, 29-njy iýulda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Türkmenistanyň daşary işler ministri R.Meredowyň ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň Hazar deňziniň meseleleri boýunça pudagara toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi.
Nebitgaz toplumynda ýylyň ýedi aýynyň jemlerine garaldy
31-nji awgustda Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň geçen ýedi aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemlerine bagyşlanan hasabat ýygnagy geçirildi.