TDHÇMB-niň söwdalarynda BAE-den we Owganystandan işewürler suwuklandyrylan gaz satyn aldylar
16:15 02.06.2025 1748
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 23-si hasaba alyndy.
Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň we Owganystanyň işewür toparlarynyň wekilleri «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen suwuklandyrylan gazy satyn aldylar.
Mundan başga-da, daşary ýurt puluna Türkiýäniň telekeçilerine arassalanan nah matanyň galyndylary ýerlenildi. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 1 million 367 müň dollaryndan gowrak boldy.
Ýurdumyzyň işewürleri içerki bazar üçin jemi bahasy 88 million 437 müň manatdan gowrak bolan nebit ýol bitumyny, polipropileni we binýatlyk ýagy («Türkmennebit» döwlet konserni), şeýle hem portlandsementi, nah ýüplügi we nah matany, dokma önümçiliginiň galyndylaryny satyn aldylar.
Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň direktory bellenildi
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Azat Ýazmyradowiç Hydyrow Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň direktory wezipesine bellenildi.
Serdar Berdimuhamedow saýlawçylar bilen duşuşygynda saýlawlaryň öň ýanyndaky maksatnamasynyň esasy ugurlaryny tanyşdyrdy
Duşenbe güni Daşoguz welaýatynyň häkimliginiň mejlisler zalynda Demokratik partiýa tarapyndan Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgär görkezilen Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Serdar Berdimuhamedow bilen saýlawçylaryň duşuşygy geçirildi diýip, Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berýär.
Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine ýene-de üç dalaşgär hödürlenildi
Duşenbe güni Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasy, şeýle hem Aşgabat şäheriniň we Daşoguz welaýatynyň raýatlarynyň teklipçi topary ýurduň iň ýokary döwlet wezipesine öz dalaşgärlerini hödürlediler diýip, TDH agentligi habar berýär.
«Gubadagetrapgaz» hojalyk kärhanasy Daşoguz welaýatynyň sarp edijilerini gaz bilen bökdençsiz üpjün edýär
«Daşoguzgazüpjünçilik» müdirliginiň «Gubadagetrapgaz» gaz hojalyk kärhanasynyň gazçylary «Halkyň Arkadagly zamanasy» şygar astynda geçýän ýylda gaz paýlaýjy desgalaryna ýokary hilli ideg etmegi, Daşoguz welaýatynyň ilatly nokatlary, senagat, oba hojalyk we jemagat-hojalyk kärhanalaryny tebigy gaz bilen bökdençsiz üpjün etmegi dowam edýärler.
Köýtendag kän müdirligi Türkmenistanda iri taslamalary gurluşyk materiallary bilen üpjün edýär
Lebap welaýatynda sebitiň tebigy serişdelerini netijeli peýdalanmaga gönükdirilen köpugurly senagat merkezi döredilýär. Ýurtdaky iri taslamalary gurluşyk materiallary bilen üpjün edýän esasy kärhanalaryň biri hem Türkmenistanyň Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň Köýtendag etrabynyň çäginde ýerleşýän Köýtendag kän müdirligidir diýip, “Türkmenistan: Altyn asyr” saýty habar berýär.