Önümçilik sazlaşykly guralýar

Ýurdumyzda
tebigy gazyň çykarylýan möçberini artdyrmak boýunça döwletimiz tarapyndan
«Türkmengaz» döwlet konserniniň öňünde goýulýan wezipeleriň ýerine
ýetirilmegine konserniň iri önümçilik düzümi bolan «Marygazçykaryş»
müdirliginiň gazçylary saldamly goşantlaryny goşýarlar.
Müdirlik boýunça
«Galkynyş» we beýleki gaz känlerinde ulanyş guýularynyň önümçilige girizilmegi
bilen ýeriň astyndan alynýan uglewodorod çig malynyň akymy barha artdyrylýar.
Önümçilikde ýokary netijeleriň gazanylmagynda gaz çykaryjylar bilen müdirligiň
Durmuş taýdan dolandyryş edarasynyň suw, bu