Burawlaýjylaryň belent sepgitleri

«Türkmennebit»
döwlet konserniniň «Nebitgazburawlaýyş» trestiniň «Ekerem» buraw işleri
müdirliginiň burawlaýjylary Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyny ýokary
zähmet üstünliklerine besläp, hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllyk şanly toýuna
mynasyp zähmet sowgatly barýarlar.
Ekeremli
baýlyk gözleýjiler şu ýylyň geçen bäş aýynda 19 müň 500 metr ýerasty çuňluk
geçmegi başardylar. Onuň agramly böleginiň ulanyş maksatly çuňluk bolmagy
has-da buýsançlydyr. Olar bu döwürde iki guýynyň gazuw işlerini üstünlikli
tamamladylar.