Türkmenistanyň Prezidenti alymlary we Halkara ylmy maslahata gatnaşyjylary gutlady
10:07 13.06.2025 4034
12-nji iýunda Türkmenistanda Ylymlar güni bellenilip geçilýär. Şunuň bilen baglylykda, Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň ylmy jemgyýetçiligine hem-de «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar» halkara ylmy maslahata gatnaşyjylara gutlag iberdi.
“Biz ähli ösüşlerimizi ylym bilen aýrylmaz baglanyşdyrýarys. Şoňa görä-de, Ylymlar güni mynasybetli geçirilýän halkara ylmy maslahatyň alymlaryň ylmyň we tehnikanyň öňdebaryjy gazananlary babatda özara tejribe alyşmaklarynda örän uly ähmiýete eýe boljakdygyna ynanýaryn” diýlip hatda aýdylýar.
Dünýä jemgyýetçiliginiň biziň çalt depginler bilen ösýän, dünýä bileleşiginde uly abraýa eýe bolan demokratik, hukuk we dünýewi döwletimize bolan gyzyklanmasynyň has-da artýan döwründe milli ykdysadyýetimiziň aýrylmaz bölegi bolan ylym ulgamynyň depginli ösdürilmegine, ylmy-tehniki ösüşiň çaltlandyrylmagyna, aýratyn-da, häzirki zamanyň ösen bilimlerinden we ylymlaryndan oňat baş çykarýan zehinli, ýaş hünärmenleriň, inženerleriň, tehnologlaryň we alymlaryň toplumlaýyn esasda taýýarlanylmagyna uly ähmiýet berýäris. Hünär derejelerini ýokarlandyrmak we ylmy-barlag işlerini geçirmek üçin alymlarymyzy öňdebaryjy daşary ýurt döwletleriniň merkezlerine iş saparlaryna ugradýarys, olaryň halkara ylmy-barlag maksatnamalaryna gatnaşmaklaryna ýardam edýäris diýip, döwlet Baştutany belleýär.
Serdar Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, ylmy-barlag institutlarynda, ýokary okuw mekdeplerinde, ylmy-tehnologik, ylmy-kliniki we ylmy-taslama merkezlerinde alymlarymyzyň döwrebap, düýpli ylmy-nazary we ylmy-amaly barlaglary alyp barmaklaryna, bäsdeşlige ukyply, galyndysyz we ekologik taýdan howpsuz, ykdysady taýdan netijeli ýokary tehnologiýalary döretmeklerine hem-de innowasiýalary işläp taýýarlamaklaryna aýratyn üns berýäris. «Türkmenistanda ylym ulgamyny ösdürmegiň 2024 — 2052-nji ýyllar üçin Strategiýasy» esasynda, ýokary tehnologiýalary döretmegiň ileri tutulýan ugurlary has-da kämilleşdirilýär.
“Şeýle hem geljegi uly tehnologiýalaryň önümçilikleri babatda ylmyň, bilimiň, önümçiligiň we täjirçiligiň mümkinçilikleriniň özara baglanyşygyny üpjün etmek ugrunda işler üstünlikli dowam etdirilýär. Bu bolsa Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ösüşleriň täze belentliklerine ýetmegini üpjün etmek üçin täze döredijilik mümkinçiliklerini açýar” diýlip Gutlagda aýdylýar.
“Uzak Gündogar, Ýuwaş umman we Aziýa sebitleri, Orta we Ýakyn Gündogar, Ýewropa we Amerika döwletleriniň iri ylym-bilim merkezleri, halkara we sebit guramalary bilen ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk täze derejelere çykýar” diýip, Serdar Berdimuhamedow belleýär.
Türkmenistanyň Prezidenti we ÝB-niň Başlygy ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy berkitmegiň meselelerini maslahatlaşdylar
Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji mejlisine gatnaşmak maksady bilen, Nýu-Ýorkda iş sapary bilen bolýan Prezident Serdar Berdimuhamedow Ýewropa Bileleşiginiň Başlygy Şarl Mişel bilen duşuşdy diýip, TDH habar berýär.
Serdar Berdimuhamedow BSG-niň Baş direktory bilen Türkmenistanyň gurama girmeginiň geljegini maslahatlaşdy
Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Nýu-Ýorkda geçirilýän 78-nji mejlisine gatnaşýan Prezident Serdar Berdimuhamedow Bütindünýä söwda guramasynyň (BSG) Baş direktory hanym Ngozi Okonjo-Iweala bilen duşuşdy diýip, TDH habar berýär.
Türkmenistanyň we Koreýa Respublikasynyň Prezidentleri Nýu-Ýorkda döwletara gatnaşyklarynyň meselelerini maslahatlaşdylar
Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji mejlisine gatnaşmak maksady bilen, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda iş sapary bilen bolýan Prezident Serdar Berdimuhamedow Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Ýun Sok Ýol bilen duşuşdy diýip, TDH habar berýär.
Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Baş sekretary bilen hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny maslahatlaşdy
Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji mejlisine gatnaşmak maksady bilen, Nýu-Ýorkda iş sapary bilen bolýan Prezident Serdar Berdimuhamedow BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterriş bilen duşuşdy.
«Türkmengaz» DK-da öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmak we döwrebaplaşdyrmak boýunça işler geçirilýär
Şenbe güni Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň durmuşyna degişli käbir meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.