«Ýaşyl» energiýa — geljegiň abadançylygy
04:10 24.06.2025 2412
«Ýaşyl» energiýany ulanmagyň, ýagny Günden, ýelden we suwdan energiýa almagyň gazylyp alynýan peýdaly baýlyklary (nebit, gaz, kömür we başgalar) energiýa hökmünde peýdalanmakdan esasy tapawutlarynyň biri, bular ulanylanda atmosfera giňişligine metanyň, kömürturşy gazynyň zyňylyp hapalanmagynyň düýbünden diýen ýaly bolmaýanlygydyr. «Ýaşyl» energiýa çeşmelerini ulanmagyň ýene bir aýratynlygy ony gaýtadan dikeldip bolýanlygydyr. Daşky gurşaw üçin zyýansyz energiýa — «ýaşyl» energiýany ulanmaga geçmek tutuş dünýä ýüzünde ozon gatlagyna zeper ýetirilmezligini hem hasaba alýar.
Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzda daşky gurşawy, ösümlik we haýwanat dünýäsiniň gymmatly görnüşlerini goramagyň, tebigy baýlyklarymyzy aýawly, netijeli ulanmagyň, durmuş, hojalyk desgalary üçin «ýaşyl» energiýa (ekologik) şertlerini üpjün etmegiň möhüm meselelerini çözmek üçin toplumlaýyn işler amala aşyrylýar. Bu ugurda milli, sebit derejelerinde Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasy, Daşky gurşawy goramak boýunça maksatnamasy, Ählumumy ekologiýa gaznasy, beýleki abraýly halkara guramalar bilen bilelikde ähli tagallalar edilýär. Biziň ýurdumyzda «ýaşyl ykdysadyýetli» iri önümçilikleriň döredilmeginiň milli ykdysadyýeti mundan beýläk-de ösdürmekde ähmiýeti örän uludyr. Geljekde hem ýurdumyzda «ýaşyl» energiýa bilen baglanyşykly önümçilikleri döretmek boýunça degişli işleri amala aşyrmak göz öňünde tutulýar.
Häzirki wagtda uglewodorodlar (gaz we nebit) dünýäde ýangyç hökmünde giňden ulanylýar. Iň möhüm meseleleriň biri-de gaz we gazkondensat känleri işlenip geçilende, şeýle hem ýeriň astyndan gazylyp alynýan uglewodorodlar durmuşda we önümçilik şertlerinde gaýtadan işlenilende metan zyňyndylary, ýagny olar ýakylman atmosfera giňişligine goýberilende tutuş dünýä ýüzünde ozon gatlagyna uly zeper ýetirip bilýär. Häzirki wagtda «ýaşyl» energiýa çeşmelerini, ýagny «ýaşyl» energiýany almak üçin Günden, ýelden we suwdan peýdalanmagyň zerurlygy hut şunuň bilen düşündirilýär.
Mysal üçin, tebigy gazyň düzümindäki kükürtli wodorody ýakmak üçin onuň düzümine metan goşulýar. Bu ýagdaýda ilkinji çözgütleriň biri olaryň ýakylýan ýerine näçe mukdarda metanyň we kükürtli wodorodyň gelýändigini anyklamak bolýar. Metan zyňyndylary howa giňişligine, esasan, nebitgaz guýulary burawlananda, guýular özleşdirilende, guýularda düýpli bejeriş işleri geçirilende, kondensatyň düzüminden tebigy gaz bölünip aýrylanda (degazasiýa), şeýle hem häzirki wagtda adatdan pes gatlak şertlerine, gaz we gazkondensat känlerini işläp geçmekligiň giçki döwründe guýularyň düýbüne ýygnanýan suwuklyklary ýokary çykarmak üçin guýular güýçli gaz arkaly arassalananda (produwka) ýüze çykýar.
Häzirki wagtda dünýäde «ýaşyl» energiýanyň çeşmesi bolan Günden, ýelden, suwdan energiýany almagyň ýyl-ýyldan artmagy geljekde gazylyp alynýan uglewodorod serişdelerini ýangyç hökmünde ulanmagyň azalmagyny şertlendirer, netijede bolsa, olaryň çykarylyşy hem azalar. Bu ýagdaý geljekde «ýaşyl» energiýanyň ýaşaýyş ýörelgesine öwrülmegine uly ýardam eder.
Türkmenistanyň Ählumumy metan borçnamasyna goşulmagy we howada metan zyňyndylaryny azaltmak boýunça Türkmenistanyň daşary ýurt döwletleri we halkara guramalar bilen hyzmatdaşlyk etmegiň «Ýol kartasynyň» çäginde Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Aşgabatdaky merkezi tarapyndan «Metan zyňyndylaryna monitoringi we baha berşi amala aşyrmak babatynda resminamany işläp düzmek» atly okuw maslahatlary hem geçirilýär.
«Ýaşyl» energiýa bilen baglanyşykly ekologik meseleleri çözmegiň öňde durýan çözgütleri barada belläp geçmek zerur bolup durýar, ýagny gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini durmuşa ornaşdyrmak, plastik materiallary ulanmagy azaltmak, tokaý hojalygyny ösdürmek we goramak, ekologik taýdan arassa ulag serişdelerini durmuşa ornaşdyrmak, ilat arasynda ekologik bilimiň derejesini ýokarlandyrmak we başgalar esasy wezipeler hökmünde kesgitlenilýär. Häzirki wagtda Türkmenistanda ekologik abadançylygy üpjün etmek, ýagny «ýaşyl» energiýanyň ýagty geljegi üçin maksatnamalaýyn işleriň üstünlikli amala aşyrylýandygy biziň her birimizi buýsandyrmak bilen, bu ugurdaky işlere öz goşandymyzy goşmaga borçly edýär.
Sapargylyç DURDYGYLYJOW,
«Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň
laboratoriýa müdiri.
Türkmenistanyň Prezidenti we ÝB-niň Başlygy ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy berkitmegiň meselelerini maslahatlaşdylar
Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji mejlisine gatnaşmak maksady bilen, Nýu-Ýorkda iş sapary bilen bolýan Prezident Serdar Berdimuhamedow Ýewropa Bileleşiginiň Başlygy Şarl Mişel bilen duşuşdy diýip, TDH habar berýär.
Serdar Berdimuhamedow BSG-niň Baş direktory bilen Türkmenistanyň gurama girmeginiň geljegini maslahatlaşdy
Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Nýu-Ýorkda geçirilýän 78-nji mejlisine gatnaşýan Prezident Serdar Berdimuhamedow Bütindünýä söwda guramasynyň (BSG) Baş direktory hanym Ngozi Okonjo-Iweala bilen duşuşdy diýip, TDH habar berýär.
Türkmenistanyň we Koreýa Respublikasynyň Prezidentleri Nýu-Ýorkda döwletara gatnaşyklarynyň meselelerini maslahatlaşdylar
Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji mejlisine gatnaşmak maksady bilen, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda iş sapary bilen bolýan Prezident Serdar Berdimuhamedow Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Ýun Sok Ýol bilen duşuşdy diýip, TDH habar berýär.
Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Baş sekretary bilen hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny maslahatlaşdy
Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji mejlisine gatnaşmak maksady bilen, Nýu-Ýorkda iş sapary bilen bolýan Prezident Serdar Berdimuhamedow BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterriş bilen duşuşdy.
«Türkmengaz» DK-da öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmak we döwrebaplaşdyrmak boýunça işler geçirilýär
Şenbe güni Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň durmuşyna degişli käbir meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.