Gurbanguly Berdimuhamedow we Ilham Aliýew Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň hyzmatdaşlygynyň geljegini maslahatlaşdylar
15:03 17.07.2025 2769
16-njy iýulda Azerbaýjana saparynyň barşynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýewiň arasynda gepleşikler geçirildi diýip, TDH habar berýär.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Azerbaýjana şu gezekki saparynyň ikitaraplaýyn gatnaşyklary has-da pugtalandyrmakdan hem-de ösdürmekden, ýetilen sepgitleri berkitmekden, täze ugurlarda taslamalary amala aşyrmaga itergi bermekden ybaratdygyny aýtdy we döwletara gatnaşyklaryň häzirki derejesiniň doganlyk, hoşniýetli goňşuçylyk, hyzmatdaşlyk ruhuna laýyk gelýändigini nygtady.
Türkmen halkynyň Milli Lideri syýasy-diplomatik gatnaşyklar barada aýdyp, dünýä we sebit meseleleri boýunça ýurtlarymyzyň garaýyşlarynyň meňzeşdigini ýa-da gabat gelýändigini belledi. Türkmenistan bilen Azerbaýjan daşary syýasatda Birleşen Milletler Guramasynyň Tertipnamasyna hem-de halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryna berk eýerýärler.
Türkmen halkynyň Milli Lideri ulag ulgamyndaky hyzmatdaşlyga ünsi çekip, iki ýurduň üstaşyr ulag taslamalarynyň sebit üçin möhüm ähmiýetini belledi.
Özara haryt dolanyşygynyň ýylsaýyn artmagy, bu ugurdaky hyzmatdaşlygyň üstünlikli ösdürilýändigi söwda-ykdysady ulgamdaky gatnaşyklaryň hem netijeli häsiýete eýedigini görkezýär. Şunuň bilen baglylykda, söhbetdeşler ýurtlarymyzyň bu ugurdaky kuwwatyny doly derejede durmuşa geçirmek üçin giň mümkinçilikleriň bardygyny bellediler.
Duşuşygyň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri öz adyndan, şeýle-de döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedowyň adyndan Prezident Ilham Aliýewi özi üçin islendik amatly wagtda Türkmenistana sapar bilen gelmäge çagyrdy.
Türkmenistanyň Prezidenti we ÝB-niň Başlygy ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy berkitmegiň meselelerini maslahatlaşdylar
Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji mejlisine gatnaşmak maksady bilen, Nýu-Ýorkda iş sapary bilen bolýan Prezident Serdar Berdimuhamedow Ýewropa Bileleşiginiň Başlygy Şarl Mişel bilen duşuşdy diýip, TDH habar berýär.
Serdar Berdimuhamedow BSG-niň Baş direktory bilen Türkmenistanyň gurama girmeginiň geljegini maslahatlaşdy
Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Nýu-Ýorkda geçirilýän 78-nji mejlisine gatnaşýan Prezident Serdar Berdimuhamedow Bütindünýä söwda guramasynyň (BSG) Baş direktory hanym Ngozi Okonjo-Iweala bilen duşuşdy diýip, TDH habar berýär.
Türkmenistanyň we Koreýa Respublikasynyň Prezidentleri Nýu-Ýorkda döwletara gatnaşyklarynyň meselelerini maslahatlaşdylar
Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji mejlisine gatnaşmak maksady bilen, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda iş sapary bilen bolýan Prezident Serdar Berdimuhamedow Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Ýun Sok Ýol bilen duşuşdy diýip, TDH habar berýär.
Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Baş sekretary bilen hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny maslahatlaşdy
Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji mejlisine gatnaşmak maksady bilen, Nýu-Ýorkda iş sapary bilen bolýan Prezident Serdar Berdimuhamedow BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterriş bilen duşuşdy.
«Türkmengaz» DK-da öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmak we döwrebaplaşdyrmak boýunça işler geçirilýär
Şenbe güni Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň durmuşyna degişli käbir meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.