Türkmenistanyň Prezidenti TNGIZT-de nebit we nebit önümleri guýulýan üçünji gämi duralgasyny işe girizdi

13:36 19.07.2025 5637

https://oilgas.gov.tm/storage/posts/14565/original-1687b3239f2735.jpg

18-nji iýulda Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi diýip, TDH habar berýär.

Mejlisiň barşynda wise-premýer B.Amanow “Türkmennebit” döwlet konserniniň düzümlerini döwrebaplaşdyrmak we işini kämilleşdirmek boýunça ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň Prezidentiniň degişli Kararyna laýyklykda, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň nebit kärhanasynyň nebit we nebit önümleri guýulýan üçünji gämi duralgasynyň gurluşyk işleri tamamlanyp, täze desga ulanmaga doly taýýar edildi.

Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döredýän ajaýyp mümkinçilikleri üçin hormatly Prezidentimize hem-de Gahryman Arkadagymyza nebitgaz toplumynyň ähli işgärleriniň adyndan hoşallyk bildirip, janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli tutumly işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdi.

Prezident Serdar  Berdimuhamedow nebitgaz pudagyny ösdürmek hem-de döwrebaplaşdyrmak boýunça netijeli işleriň alnyp barylýandygyny aýtdy we täze desganyň işe girizilmeginiň ýurdumyzda öndürilýän uglewodorod serişdeleriniň eksport edilýän möçberini artdyrmaga, olary ygtybarly ibermäge mümkinçilik berjekdigini belledi hem-de toplumyň dabaraly açylyşyna sanly ulgam arkaly göni aragatnaşykda badalga berdi.

Açylyş dabarasynyň geçirilýän ýerinden göni aragatnaşyk arkaly «Türkmennebit» döwlet konserniniň başlygy G.Agajanow çykyş edip, hormatly Prezidentimize Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň kuwwatlylygy ýylda 2 million 60 müň tonna nebit we nebit önümlerini ýüklemäge hem-de 1 million 150 müň tonna nebit we nebit önümlerini düşürmäge mümkinçiligi bolan Kenar toplaýjy-ýükleýji nebit kärhanasynyň nebit we nebit önümleri guýulýan üçünji gämi duralgasyny işe girizmäge ak pata bermek baradaky haýyş bilen ýüzlendi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow täze desganyň işe girizilmegine ak pata berdi. Soňra dabaranyň geçirilýän ýerinde il sylagly ýaşulularyň gatnaşmagynda toý bagy kesilýär. Täze gämi duralgasyndan nebit önümi ýangyç daşaýjy gämä guýlup başlanýar. Açylyş dabarasy aýdym-sazly, tansly çykyşlar bilen jemlendi.

Başga makalalar
1650968b05727d.jpg
Türkmenistanyň Prezidenti we ÝB-niň Başlygy ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy berkitmegiň meselelerini maslahatlaşdylar

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji mejlisine gatnaşmak maksady bilen, Nýu-Ýorkda iş sapary bilen bolýan Prezident Serdar Berdimuhamedow Ýewropa Bileleşiginiň Başlygy Şarl Mişel bilen duşuşdy diýip, TDH habar berýär.


16509680179a85.jpg
Serdar Berdimuhamedow BSG-niň Baş direktory bilen Türkmenistanyň gurama girmeginiň geljegini maslahatlaşdy

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Nýu-Ýorkda geçirilýän 78-nji mejlisine gatnaşýan Prezident Serdar Berdimuhamedow Bütindünýä söwda guramasynyň (BSG) Baş direktory hanym Ngozi Okonjo-Iweala bilen duşuşdy diýip, TDH habar berýär.


1650968538ff1e.jpg
Türkmenistanyň we Koreýa Respublikasynyň Prezidentleri Nýu-Ýorkda döwletara gatnaşyklarynyň meselelerini maslahatlaşdylar

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji mejlisine gatnaşmak maksady bilen, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda iş sapary bilen bolýan Prezident Serdar Berdimuhamedow Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Ýun Sok Ýol bilen duşuşdy diýip, TDH habar berýär.


1650967ab62bb5.jpg
Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Baş sekretary bilen hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny maslahatlaşdy

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji mejlisine gatnaşmak maksady bilen, Nýu-Ýorkda iş sapary bilen bolýan Prezident Serdar Berdimuhamedow BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterriş bilen duşuşdy.


16507de0898dda.jpg
«Türkmengaz» DK-da öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmak we döwrebaplaşdyrmak boýunça işler geçirilýär

Şenbe güni Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň durmuşyna degişli käbir meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.