Antoniu Guterriş Türkmenistanyň Prezidentiniň Awazada BMG-niň üçünji maslahatyny geçirmek başlangyjyna ýokary baha berdi
12:04 29.08.2025 3528
Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterriş BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyny geçirmekde Türkmenistanyň Prezidentine ornuna ýokary baha berdi.
“2025-nji ýylyň 5 — 8-nji awgustynda Awazada Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyny geçirmek baradaky başlangyjyňyz üçin Size hoşallygymy beýan etmek isleýärin” diýlip 28-nji awgustda Türkmenistanyň merkezi neşirlerinde çap edilen hoşallyk hatynda aýdylýar.
“Ýurduňyzyň parahatçylyk we köptaraplaýyn dialog ýörelgelerine ozaldan gelýän ygrarlylygy maslahaty geçirmek üçin oňyn esaslary döretdi. Dünýäniň çar künjeginden gatnaşyjylary, şol sanda döwlet we hökümet Baştutanlaryny, raýat jemgyýetini, ýaşlaryň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerini umumy gün tertibiniň daşyna birleşdirmek boýunça eden tagallalaryňyza ýokary baha berýärin” diýip, Guterriş belleýär.
Şeýle hem ol bu çäräniň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletlere durnukly we inklýuziw ösüşi gazanmaga mümkinçilik bermek üçin milli hereketleri, sebit hyzmatdaşlygyny, ählumumy syýasy tagallalary özara ylalaşmakda möhüm orny eýeländigini aýtdy.
Bellenilişi ýaly, Awaza syýasy Jarnamasy we Hereketleriň Awaza maksatnamasy Geljegiň bähbidine pakt hem-de durnukly ösüş ulgamynda 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Gün tertibi bilen baglanyşykly bolup, geljek on ýyl üçin hereketleriň meýilnamasydyr.
Bu borçnamalar söwda amallaryny ýeňilleşdirmäge, düzümleýin özgertmelere, ulag arabaglanyşygyna, tehnologiýalara, howanyň üýtgemegine durnuklylygy pugtalandyrmaga we halkara goldawy herekete getirmäge aýratyn ähmiýet bermek bilen, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek işini çaltlandyrar.
Öň habar berlişi ýaly, 5–8 awgust aralygynda Hazar deňziniň türkmen kenarynda ýerleşýän «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçen BMG-niň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyna döwlet we hökümet ýolbaşçylary, 100-den gowrak ýurtdan ýokary wezipeli wekiller, 50-ä golaý halkara guramalary, 20-den gowrak öňdebaryjy kompaniýanyň wekilleri gatnaşdylar. Foruma giňden maglumat bermek maksady bilen, 40-a golaý ýurtdan 160-dan gowrak köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri «Awazada» toplandy.
«Türkmengaz» DK-da öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmak we döwrebaplaşdyrmak boýunça işler geçirilýär
Şenbe güni Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň durmuşyna degişli käbir meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Türkmenistanyň we Koreýa Respublikasynyň Prezidentleri Nýu-Ýorkda döwletara gatnaşyklarynyň meselelerini maslahatlaşdylar
Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji mejlisine gatnaşmak maksady bilen, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda iş sapary bilen bolýan Prezident Serdar Berdimuhamedow Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Ýun Sok Ýol bilen duşuşdy diýip, TDH habar berýär.
Türkmenistanyň Prezidenti we ÝB-niň Başlygy ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy berkitmegiň meselelerini maslahatlaşdylar
Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji mejlisine gatnaşmak maksady bilen, Nýu-Ýorkda iş sapary bilen bolýan Prezident Serdar Berdimuhamedow Ýewropa Bileleşiginiň Başlygy Şarl Mişel bilen duşuşdy diýip, TDH habar berýär.
Serdar Berdimuhamedow BSG-niň Baş direktory bilen Türkmenistanyň gurama girmeginiň geljegini maslahatlaşdy
Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Nýu-Ýorkda geçirilýän 78-nji mejlisine gatnaşýan Prezident Serdar Berdimuhamedow Bütindünýä söwda guramasynyň (BSG) Baş direktory hanym Ngozi Okonjo-Iweala bilen duşuşdy diýip, TDH habar berýär.
Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasyna gatnaşmak üçin Nýu-Ýorka ugrady
Ýekşenbe güni Prezident Serdar Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Nýu-Ýorkda geçirilýän 78-nji sessiýasyna gatnaşmak üçin iş sapary bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna ugrady.