Türkmenistanyň Prezidentiniň HHR-e iş sapary tamamlandy
11:57 04.09.2025 4203
3-nji sentýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasyna saparynyň çäklerinde HHR-iň Başlygy Si Szinpiniň çakylygy boýunça Ikinji jahan urşunda gazanylan ýeňşiň 80 ýyllygynyň hormatyna Pekinde geçirilen dabaraly çärelere gatnaşdy diýip, TDH habar berýär.
Pekiniň Týananmen meýdançasynda wekiliýet ýolbaşçylarynyň bilelikde surata düşmek dabarasyndan soňra, bu ýerde dabaraly harby ýöriş geçirildi. Bu dabaraly ýöriş Hytaýyň parahatçylyga, milli gahrymanlaryň ýagty ýadygärligini hatyralamaga ygrarlydygynyň beýany boldy.
Prezident Serdar Berdimuhamedow HHR-e iş saparynyň maksatnamasyny tamamlap, Pekiniň Halkara howa menziline bardy we bu ýerden Watanymyza ugrady.
Bellenilişi ýaly, döwlet Baştutany Hytaýa şu gezekki saparynyň dowamynda giň gerimli çärä — «ŞHG+» formatyndaky ýokary derejeli duşuşyga gatnaşdy. Serdar Berdimuhamedowyň bu sapary Türkmenistanyň köpugurly daşary syýasatynyň pugtalanýandygyny we onuň sebitiň döwletleri bilen dialogy giňeltmegi maksat edinýändigini tassyklaýan möhüm waka öwrüldi.
Döwlet Baştutanymyzyň Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy bilen geçiren ýokary derejeli gepleşikleri saparyň esasy wakasy boldy. Iki ýurduň Baştutanlary strategik ulgamlarda hyzmatdaşlygy ösdürmäge aýratyn üns berip, ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň meseleleriniň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşdylar. Hususan-da, energetika ulgamynda üstünlikli hyzmatdaşlyk edilýändigi bellenildi. Şeýle hem taraplar söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmegiň mümkinçiliklerine seretdiler.
Saparyň çäklerinde hormatly Prezidentimiz HHR-iň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary bilen duşuşdy. Söhbetdeşligiň dowamynda söwda-ykdysady, ulag-logistika ulgamlarynda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Taraplar medeni-ynsanperwer, ýokary tehnologiýalar ulgamlarynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň zerurdygyny nygtadylar.
Birnäçe möhüm ikitaraplaýyn resminamalara gol çekilmegi saparyň esasy netijeleriniň biri boldy. Bu resminamalar dürli ugurlary öz içine alyp, strategik hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de çuňlaşdyrmak we bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek üçin berk hukuk binýadyny döredýär.
TNGIZT-niň we «Türkmenhimiýanyň» önümleri — birža söwdalarynyň öň hatarynda
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 86-sy hasaba alyndy.
Türkmenistanda Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni bellenildi
Türkmenistanlylar 21-22-nji martda Milli bahar baýramyny — Halkara Nowruz gününi ýokary ruhubelentlik, hoşniýetli umyt-arzuwlar hem-de şatlyk-şowhun bilen garşy aldylar.
Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistany ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi
Şenbe güni, 19-njy martda Ruhyýet köşgünde Türkmenistanyň saýlanan Prezidentiniň wezipä girişmegi mynasybetli dabara geçirildi. Dabaranyň barşynda Serdar Berdimuhamedow kasam kabul etdi we döwlet Baştutany wezipesine girişdi.
Türkmenistan — kuwwatly energetika döwleti
Jemgyýetimizde sarp ediş bazary üçin düşewüntli, arzan, amatly we döwrebap bolan senagat pudaklaryna, durmuş-medeni ulgamlara, halk hojalygynyň önümçilik medeniýetine gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň kuwwatly binýady çalt ornaşýar.
Zähmeti goramak sagdynlygyň we howpsuzlygyň girewidir
«Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň mejlisler zalynda konserniň garamagyndaky edara-kärhanalaryň zähmeti goramak we tehniki howpsuzlygy boýunça hünärmenleriniň gatnaşmagynda okuw maslahaty geçirildi.