Aşgabatda Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXVI maslahaty geçirildi
20:16 15.09.2025 3445
13-nji sentýabrda Aşgabatda Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXVI maslahaty geçirildi. Maslahatyň işine daşary döwletleriň birnäçesinde kowçum bolup ýaşaýan türkmenleriň wekilleri, Diýarymyzyň dürli künjeklerinden gelen wekiliýet toparlary gatnaşdylar.
Maslahat Garaşsyzlyk binasyna gül goýmak dabarasyndan başlandy.
Forumyň dowamynda DTYB-nyň agzalary tarapyndan ýerine ýetirilen işler barada hasabatlar diňlenildi. Şeýle hem birleşigiň işini mundan beýläk-de ösdürmegiň geljekki ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.
Çykyş edenler dünýä türkmenleriniň ata Watanymyzyň köpugurly ösüşlerini, hormatly Prezidentimiziň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary esasynda türkmen topragynda amala aşyrylýan ägirt uly özgertmeleri, ýetilýän belent sepgitleri giňden wagyz etmäge mynasyp goşant goşýandyklaryny bellediler.
Çykyşlarda Türkmenistanyň dünýäniň dürli ýurtlaryna ynsanperwerlik kömeklerini ugradýandygy nygtaldy. Ýakynda Owganystanda bolup geçen ýertitreme zerarly heläkçilik çeken owgan halkyna, ilkinji nobatda, çagalara niýetlenen önümleriň we harytlaryň ugradylmagy ýurdumyzyň ynsanperwer ýörelgelere ygrarlydygyny aýdyň görkezýär. Bellenilişi ýaly, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly mynasybetli Birleşen Arap Emirliklerinde ýaşaýan türkmenleriň birleşigi Türkmenistanyň BAE-däki ilçihanasy bilen bilelikde «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» atly dabaraly maslahaty geçirdi. Owganystanly türkmenleriň Magtymguly Pyragy adyndaky medeni jemgyýeti hem şol ýerdäki dürli milletden bolan halklaryň dost-doganlygynyň pugtalanmagyna ýardam etjek ynsanperwer çäräni gurady. Şeýle çäreler Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň tagallalary bilen dünýäniň beýleki ýurtlarynda hem ýaýbaňlandyryldy.
Birleşik «Türkmen dünýäsi» gazeti bilen bilelikde her ýyl Garaşsyzlygymyzyň halkymyza beren miweleri we şanly seneler mynasybetli döredijilik bäsleşiklerini guraýar. Şeýle bäsleşik Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda «Hoşniýetli dost ili — biziň eziz ilimiz» diýen at bilen geçirildi. Şunda bäsleşigiň ýeňijileriniň hatarynda Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň agzalary hem bar.
Häzirki döwürde Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň daşary ýurt bölümleriniň 27-si hereket edýär. Olar Watanymyzda amala aşyrylýan beýik işleri, halkymyzyň milli medeniýetini, sungatyny, edebi gymmatlyklaryny, däp-dessurlaryny dünýä ýaýmakda, daşary ýurtly arkadaşlarymyz bilen medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň gerimini giňeltmekde uly işleri alyp barýarlar.
Soňra birleşigiň agzalaryny Hormat hatlary bilen sylaglamak dabarasy geçirildi.
Maslahatyň öňüsyrasynda oňa gatnaşyjylar Jemgyýetçilik guramalarynyň merkeziniň eýwanynda ýaýbaňlandyrylan şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň sergisini synladylar.
«Türkmengaz» DK-da öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmak we döwrebaplaşdyrmak boýunça işler geçirilýär
Şenbe güni Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň durmuşyna degişli käbir meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Türkmenistanyň we Koreýa Respublikasynyň Prezidentleri Nýu-Ýorkda döwletara gatnaşyklarynyň meselelerini maslahatlaşdylar
Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji mejlisine gatnaşmak maksady bilen, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda iş sapary bilen bolýan Prezident Serdar Berdimuhamedow Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Ýun Sok Ýol bilen duşuşdy diýip, TDH habar berýär.
Türkmenistanyň Prezidenti we ÝB-niň Başlygy ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy berkitmegiň meselelerini maslahatlaşdylar
Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji mejlisine gatnaşmak maksady bilen, Nýu-Ýorkda iş sapary bilen bolýan Prezident Serdar Berdimuhamedow Ýewropa Bileleşiginiň Başlygy Şarl Mişel bilen duşuşdy diýip, TDH habar berýär.
Serdar Berdimuhamedow BSG-niň Baş direktory bilen Türkmenistanyň gurama girmeginiň geljegini maslahatlaşdy
Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Nýu-Ýorkda geçirilýän 78-nji mejlisine gatnaşýan Prezident Serdar Berdimuhamedow Bütindünýä söwda guramasynyň (BSG) Baş direktory hanym Ngozi Okonjo-Iweala bilen duşuşdy diýip, TDH habar berýär.
Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasyna gatnaşmak üçin Nýu-Ýorka ugrady
Ýekşenbe güni Prezident Serdar Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Nýu-Ýorkda geçirilýän 78-nji sessiýasyna gatnaşmak üçin iş sapary bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna ugrady.