Hazar deňzi meseleleri boýunça iş toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi
22:03 16.09.2025 1498
15-nji sentýabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Hazar deňzi meseleleri boýunça ýokary derejeli iş toparynyň on birinji mejlisi öz işine başlady diýlip, Türkmenistanyň DIM-niň saýtynda habar berilýär.
Mejlise Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň, Eýranyň, Gazagystanyň, wekiliýetleri gatnaşdylar. Mejlise türkmen wekiliýetiniň ýolbaşçysy M.G.Atajanow ýolbaşçylyk etdi.
Mejlisiň dowamynda taraplar Hazar deňzinde asyl göni çyzyklary goýmagyň usullaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Mejlisiň çäklerinde Hazar deňzindäki hyzmatdaşlyga syn hem berildi, hem-de Daşary işler ministrleriniň nobatdaky duşuşygyna taýýarlyk meselelerine seredilip geçildi.
Mundan başga-da taraplar Hazar deňziniň suwunyň çekilmegi bilen bagly meseleler boýunça hazarýaka döwletleriniň iş toparyny döretmek meselelerine hem seredip geçdiler.
Hazar deňzi meseleleri boýunça iş toparynyň on birinji mejlisi öz işini dowam etdirýär.
«Türkmengaz» DK-da öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmak we döwrebaplaşdyrmak boýunça işler geçirilýär
Şenbe güni Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň durmuşyna degişli käbir meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Türkmenistanyň we Koreýa Respublikasynyň Prezidentleri Nýu-Ýorkda döwletara gatnaşyklarynyň meselelerini maslahatlaşdylar
Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji mejlisine gatnaşmak maksady bilen, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda iş sapary bilen bolýan Prezident Serdar Berdimuhamedow Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Ýun Sok Ýol bilen duşuşdy diýip, TDH habar berýär.
Türkmenistanyň Prezidenti we ÝB-niň Başlygy ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy berkitmegiň meselelerini maslahatlaşdylar
Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji mejlisine gatnaşmak maksady bilen, Nýu-Ýorkda iş sapary bilen bolýan Prezident Serdar Berdimuhamedow Ýewropa Bileleşiginiň Başlygy Şarl Mişel bilen duşuşdy diýip, TDH habar berýär.
Serdar Berdimuhamedow BSG-niň Baş direktory bilen Türkmenistanyň gurama girmeginiň geljegini maslahatlaşdy
Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Nýu-Ýorkda geçirilýän 78-nji mejlisine gatnaşýan Prezident Serdar Berdimuhamedow Bütindünýä söwda guramasynyň (BSG) Baş direktory hanym Ngozi Okonjo-Iweala bilen duşuşdy diýip, TDH habar berýär.
Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasyna gatnaşmak üçin Nýu-Ýorka ugrady
Ýekşenbe güni Prezident Serdar Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Nýu-Ýorkda geçirilýän 78-nji sessiýasyna gatnaşmak üçin iş sapary bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna ugrady.