Türkmenistanyň Prezidenti Kuweýtiň Mirasdüşer Şazadasy bilen döwletara gatnaşyklary giňeltmegiň mümkinçiliklerini maslahatlaşdy

16:11 24.09.2025 2426

https://oilgas.gov.tm/storage/posts/15115/original-168d3987f9c887.jpg

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda iş saparynda bolýan Prezident Serdar Berdimuhamedow 23-nji sentýabrda Kuweýt Döwletiniň Mirasdüşer Şazadasy Şeýh Sabah Al-Halid Al-Sabah bilen duşuşdy diýip, TDH habar berýär.

Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Kuweýt bilen deňhukukly gatnaşyklary we özara hormat goýmaga esaslanýan hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly ähmiýet berýändigini nygtady.

Söhbetdeşler syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda ikitaraplaýyn gatnaşyklary giňeltmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny bellediler.

Nygtalyşy ýaly, Türkmenistan bilen Kuweýt Döwletiniň arasyndaky gatnaşyklar ikitaraplaýyn derejede, şeýle-de Birleşen Milletler Guramasynyň, beýleki halkara guramalaryň çäklerinde netijeli ösdürilýär.

Söhbetdeşler ýangyç-energetika, ulag-aragatnaşyk ulgamlaryny ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin geljegi uly ugurlaryň hatarynda görkezdiler.

- Ýurdumyzyň geografik taýdan amatly ýerleşmegi we baý tebigy gorlara eýe bolmagy halkara derejede iri taslamalary öňe sürmäge şert döredýär. Biz Gündogar — Günbatar, Demirgazyk — Günorta ugurlary boýunça üstaşyr ulag geçelgelerini döretmek, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisi ýaly iri energetika taslamalaryny durmuşa geçirmek boýunça hyzmatdaşlyk edip bileris - diýip, Serdar Berdimuhamedow aýtdy.

Söhbetdeşler iki ýurduň arasynda eksport-import mümkinçiliklerini artdyrmak, özara haryt dolanyşygyny ösdürmek, ykdysady hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmak üçin ähli mümkinçilikleriň bardygyny bellediler we ikitaraplaýyn maslahatlaşmalaryň, dürli ugurlar boýunça sergileriň yzygiderli geçirilmeginiň maksadalaýyk boljakdygyny nygtadylar.

Prezident Serdar Berdimuhamedow medeni-ynsanperwer, ylym-bilim, sport we syýahatçylyk ýaly ugurlarda-da özara hyzmatdaşlyk etmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny aýdyp, Türkmenistanyň Kuweýt tarapynyň anyk tekliplerine seretmäge taýýardygyny tassyklady.

Duşuşygyň dowamynda döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň başlangyjy boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Kararnamasyna laýyklykda, 2025-nji ýylyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilendigini, bu wakanyň ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy bilen gabat gelýändigini belledi we Şeýh Sabah Al-Halid Al-Sabahy şu ýylyň 12-nji dekabrynda Aşgabatda geçiriljek halkara foruma gatnaşmaga çagyrdy.

Kuweýt Döwletiniň Mirasdüşer Şazadasy çakylyk üçin hoşallyk bildirip, Türkmenistanyň oňyn Bitaraplyga esaslanýan daşary syýasatynyň sebitde we dünýäde parahatçylygy pugtalandyrmakda möhüm ähmiýetini belledi.

Duşuşygyň ahyrynda söhbetdeşler döwletara gatnaşyklaryň iki ýurduň doganlyk halklarynyň bähbidine ugurlaryň giň gerimi boýunça mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirip, birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.

Başga makalalar
16507de0898dda.jpg
«Türkmengaz» DK-da öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmak we döwrebaplaşdyrmak boýunça işler geçirilýär

Şenbe güni Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň durmuşyna degişli käbir meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.


1650968538ff1e.jpg
Türkmenistanyň we Koreýa Respublikasynyň Prezidentleri Nýu-Ýorkda döwletara gatnaşyklarynyň meselelerini maslahatlaşdylar

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji mejlisine gatnaşmak maksady bilen, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda iş sapary bilen bolýan Prezident Serdar Berdimuhamedow Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Ýun Sok Ýol bilen duşuşdy diýip, TDH habar berýär.


1650968b05727d.jpg
Türkmenistanyň Prezidenti we ÝB-niň Başlygy ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy berkitmegiň meselelerini maslahatlaşdylar

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji mejlisine gatnaşmak maksady bilen, Nýu-Ýorkda iş sapary bilen bolýan Prezident Serdar Berdimuhamedow Ýewropa Bileleşiginiň Başlygy Şarl Mişel bilen duşuşdy diýip, TDH habar berýär.


16509680179a85.jpg
Serdar Berdimuhamedow BSG-niň Baş direktory bilen Türkmenistanyň gurama girmeginiň geljegini maslahatlaşdy

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Nýu-Ýorkda geçirilýän 78-nji mejlisine gatnaşýan Prezident Serdar Berdimuhamedow Bütindünýä söwda guramasynyň (BSG) Baş direktory hanym Ngozi Okonjo-Iweala bilen duşuşdy diýip, TDH habar berýär.


16507f2f4ab219.jpg
Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasyna gatnaşmak üçin Nýu-Ýorka ugrady

Ýekşenbe güni Prezident Serdar Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Nýu-Ýorkda geçirilýän 78-nji sessiýasyna gatnaşmak üçin iş sapary bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna ugrady.