Türkmenistan GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisine gatnaşdy

12:19 01.10.2025 2616

https://oilgas.gov.tm/storage/posts/15163/original-168dbe81476ba6.jpg

29-njy sentýabrda Minsk şäherinde Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi diýip, Türkmenistanyň DIM-niň saýtynda habar berilýär.

Mejlise Azerbaýjan Respublikasynyň, Belarus Respublikasynyň, Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Russiýa Federasiýasynyň, Täjigistan Respublikasynyň, Özbegistan Respublikasynyň Hökümet Baştutanlary, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary H.Geldimyradow, GDA-nyň Baş sekretary Sergeý Lebedew gatnaşdylar. Ermenistan Respublikasynyň Wise-premýeri M.Grigorýan mejlise göni wideoaragatnaşyk arkaly gatnaşdy.

Duşuşygyň gün tertibine 15 mesele girizildi. Kiçi düzümde Hökümet Baştutanlary Arkalaşygyň çäklerinde ykdysady hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlary boýunça pikir alyşdylar, şeýle hem 2026–2035-nji ýyllar üçin Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Ylmy-tehnologik ösüş boýunça Strategiýasyny ara alyp maslahatlaşdylar we tassykladylar.

Mejlise gatnaşyjylar Arkalaşyga agza döwletleriň multimodal ulag geçelgeleriniň sanlylaşdyrylmagy boýunça Strategiýanyň taslamasyna hem garadylar. Bu Strategiýany işläp taýýarlamaga agza döwletleriň ulag ulgamyny mundan beýläk hem sanlylaşdyrmaga, logistika işlerini kämilleşdirmäge, çykdajylary azaltmaga, ýükleriň daşalyş tizligini we açyklygyny ýokarlandyrmaga, şeýle hem ekologiýa taýdan durnuklylygy üpjün etmäge bolan gyzyklanmalary esas boldy.

Mundan başga-da, mejlisde 2035-nji ýyla çenli maglumat jemgyýetini we sanly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça hyzmatdaşlyk Strategiýasyny hem-de ony durmuşa geçirmek boýunça Hereketleriň meýilnamasy tassyklandy.

Mejlisiň barşynda 2026-njy ýylda GDA-nyň çäklerinde “Saglygy goramak ýylyny” geçirmek we oňa taýýarlyk görmek boýunça çäreleriň meýilnamasyna gol çekildi.

Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň indiki mejlisini 2026-njy ýylyň birinji ýarymynda Türkmenistanda geçirmek meýilleşdirilýär.

Başga makalalar
16507de0898dda.jpg
«Türkmengaz» DK-da öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmak we döwrebaplaşdyrmak boýunça işler geçirilýär

Şenbe güni Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň durmuşyna degişli käbir meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.


1650968538ff1e.jpg
Türkmenistanyň we Koreýa Respublikasynyň Prezidentleri Nýu-Ýorkda döwletara gatnaşyklarynyň meselelerini maslahatlaşdylar

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji mejlisine gatnaşmak maksady bilen, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda iş sapary bilen bolýan Prezident Serdar Berdimuhamedow Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Ýun Sok Ýol bilen duşuşdy diýip, TDH habar berýär.


1650968b05727d.jpg
Türkmenistanyň Prezidenti we ÝB-niň Başlygy ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy berkitmegiň meselelerini maslahatlaşdylar

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji mejlisine gatnaşmak maksady bilen, Nýu-Ýorkda iş sapary bilen bolýan Prezident Serdar Berdimuhamedow Ýewropa Bileleşiginiň Başlygy Şarl Mişel bilen duşuşdy diýip, TDH habar berýär.


16509680179a85.jpg
Serdar Berdimuhamedow BSG-niň Baş direktory bilen Türkmenistanyň gurama girmeginiň geljegini maslahatlaşdy

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Nýu-Ýorkda geçirilýän 78-nji mejlisine gatnaşýan Prezident Serdar Berdimuhamedow Bütindünýä söwda guramasynyň (BSG) Baş direktory hanym Ngozi Okonjo-Iweala bilen duşuşdy diýip, TDH habar berýär.


16507f2f4ab219.jpg
Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasyna gatnaşmak üçin Nýu-Ýorka ugrady

Ýekşenbe güni Prezident Serdar Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Nýu-Ýorkda geçirilýän 78-nji sessiýasyna gatnaşmak üçin iş sapary bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna ugrady.