TDHÇMB-niň söwdalarynda daşarky bazara suwuklandyrylan gaz, içerki bazara polipropilen ýerlenildi
12:00 08.10.2025 2851
Daşary ýurt puluna Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Beýik Britaniýanyň, Türkiýäniň, Owganystanyň, Özbegistanyň işewür toparlarynyň wekilleri «Türkmengaz» we «Türkmennebit» döwlet konsernleriniň kärhanalarynda öndürilen suwuklandyrylan gazy satyn aldylar. Mundan başga-da, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Azerbaýjanyň, Gyrgyzystanyň, Türkiýäniň telekeçilerine ýod ergini, buýan kökünden taýýarlanan çaý içgisi, nah ýüplük we nah mata ýerlenildi.
Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 31 million 66 müň dollaryndan gowrak boldy.
Ýurdumyzyň işewürleri içerki bazar üçin jemi bahasy 34 million 636 müň manatdan gowrak bolan polipropileni («Türkmennebit» döwlet konserni), pagta süýümini satyn aldylar.
«Türkmengaz» DK-da öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmak we döwrebaplaşdyrmak boýunça işler geçirilýär
Şenbe güni Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň durmuşyna degişli käbir meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Türkmenistanyň we Koreýa Respublikasynyň Prezidentleri Nýu-Ýorkda döwletara gatnaşyklarynyň meselelerini maslahatlaşdylar
Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji mejlisine gatnaşmak maksady bilen, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda iş sapary bilen bolýan Prezident Serdar Berdimuhamedow Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Ýun Sok Ýol bilen duşuşdy diýip, TDH habar berýär.
Türkmenistanyň Prezidenti we ÝB-niň Başlygy ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy berkitmegiň meselelerini maslahatlaşdylar
Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji mejlisine gatnaşmak maksady bilen, Nýu-Ýorkda iş sapary bilen bolýan Prezident Serdar Berdimuhamedow Ýewropa Bileleşiginiň Başlygy Şarl Mişel bilen duşuşdy diýip, TDH habar berýär.
Serdar Berdimuhamedow BSG-niň Baş direktory bilen Türkmenistanyň gurama girmeginiň geljegini maslahatlaşdy
Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Nýu-Ýorkda geçirilýän 78-nji mejlisine gatnaşýan Prezident Serdar Berdimuhamedow Bütindünýä söwda guramasynyň (BSG) Baş direktory hanym Ngozi Okonjo-Iweala bilen duşuşdy diýip, TDH habar berýär.
Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasyna gatnaşmak üçin Nýu-Ýorka ugrady
Ýekşenbe güni Prezident Serdar Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Nýu-Ýorkda geçirilýän 78-nji sessiýasyna gatnaşmak üçin iş sapary bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna ugrady.