Türkmenistan şu günlerde ýene-de dünýäniň esasy habarlar agentlikleriniň, şeýle hem köpsanly internet-saýtlaryň täzeliklerdir habarlarynda köp agzalýan geografik atlaryň birine öwrüldi. Dünýäniň habar beriş serişdeleriniň, syýasy we işewür toparlarynyň ünsi jemgyýetçilik seslenmesine eýe bolan şanly wakalara — ulag, energetika we aragatnaşyk ulgamlarynyň täze desgalarynyň ulanmaga berilmegi mynasybetli geçirilen dabaralara gönükdi. Olaryň açylyş dabarasyna teleköpri arkaly Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Gani gatnaşdylar.
Daşary ýurt metbugatynyň habarlarynda ýurdumyzyň gatnaşmagynda amala aşyrylýan iri düzüm taslamalarynyň möhüm ähmiýeti bellenilýär, olar Owganystanyň ykdysadyýetini dikeltmäge, halkara söwda-ykdysady gatnaşyklaryny ösdürmäge, sebitde parahatçylygy we durnuklylygy berkitmäge ýardam edýär.